08:50

Şygryýet melekleri / makalajyklar toplumy – Sureýýa Aýlin Antmen

Категория: Şygryýet melekleri | Просмотров: 259 | Добавил: Bagabat | Теги: Sureýýa Aýlin Antmen | Рейтинг: 5.0/1
Awtoryň başga makalalary

Şygryýet melekleri bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 9
0
1 Bagabat  
43
Belki, @mangodan haýyş etsek, eli degse, ol özüniň ene dili bolan tamil dilinden biraz ünsüni sowar-da, Sureýýa hanymyň şu goşgusyny türk dilini bilmeýän biz ýaly körsowatlara rehimi inip :-), bu şygryň manysyna düşüner ýaly ony, türkmen diline geçirip berer?!

0
7 mango  
651
Bagabat daýy… şu türkçede ýazylan zatlara düşünmegem kyn…
Mysal şu goşguda ne otur bar ne nokat….
Onda-da, soraňyzsoň “terjime” eden boldum….
Manysyna welin düşünen däldirin….
Soňlamasynaha hasam düşünmedim….
Ine:

Degme, gynansyn

Gizlidir, dilimi-aňymy ga:ban ýüregiň
Ýaprak sepelener, gül açylar, ýiteler tiken
Ganatpisint ýeňilligi duýulmaz ýene
Köreýän sessiz diriligme gynansyn, degme
Ümsüm saýma, guwlaryň hatar-hatar geçişin
Hem dilsiz-agyzsyz däldir söýgi, näbellidir ugry
gyzdyrylyp atylan oklaryň

Bakýarsyň, teslim bolan gözler bilen
Lal-jimlik däl, özüňe sünjen okuň

Häzir, ýüregiň soňsuz sagadynda, şu wagt
çydamak kyn, guşlaryň gidişine biwagt
Çydamak kyn, bar bolsa aýdylman galan söz
Degme gynansyn, gynandykça özüňsiň egsilen, toplanan
Özüňsiň dymyp aýdanlaryňam

Sessizlik däl ýoluň soňundaky arzuw
Hiç bir goş aýrylmandyr, azalmandyr bu öýden
Deňiz akymyny getirýär, suw joşmasyny
Köpügini getirýär içini kesen kenar
Seniň ýoksul kenaryňa görünmek üçin
Täk bir isleg bilen

0
9 Bagabat  
43
Taňryýalkasyn, @mango!

0
2 Bagabat  
43
Kitapcy.com şu günler öz-özüniň daş keşbinden, ýagny web-dizaýn meýkinden irýärmi nämemi, günde bir keşbe giresi gelip dur :-). Ýa-da belki, özüne laýygrak, owadanrak, gelşikliräk edebiýat ýa-da medeniýet saýtyny tapyp, şoňa öýlenesi gelýändir. Belki-de eýýam özüne şap boljak näzenin-saýty tapandyr-da, şoň göwnüne ýaranmak üçin, günde herhilijekden birhilijek bezenip-beslenýändir. Garaz, çaklamasy köp, bu bolup geçýän, Wandam akgaň bihabar galan hadysalarynyň.
Bir gün, pynhanja ýylgyrýanja goňurja smaýlik, hamana: "Men, bilýändirin-n-n, kimiň gaýmagy iýenni-i..." diýip, gözüni gypýan ýaly.
Bu gün ine, gökje adam şekiljigi: "Garnyňyzdan iren bolsaňyz hem-de nijeme wagt bäri biliňizden aşagyny eglip synlamak bagtyna zar bolan bolsaňyz, meniň bilen maşk eýle!" diýip, hip-hop stilinde aerobika çagyrýar.
Ondan öňräk, ýaşylja kitap durdy: "Eý-a adam-doganlar, ilk-ä kitap okaň, soňam et iýmäň-de ot iýiň! Şeýtseňiz biçem bolman duruberse gerek" diýip, nesihat edýän ýaly...

0
6 Bagabat  
43
Düşünýän-le, @Haweran. Degişýän.
Ýöne, ylalaşsaň, "näzenin-saýt" bilen "ýigit-saýt" hakdaky pikir erbet däl gerek. Birneme üstünde kelle agyrtsaň, "Internetli dünýä' toplumyna laýyk bolaýjak, heneklije hekaýa çykmagy ähtimal.

0
8 Revo  
484
Gökje adamyň şekiljigä Leonardo da Winçiniň "Witruwian adam" diýen şekilinem ýadyňa salman duranok, daşynyň çarçuwasy (tegelegi we dörtburuçlygy) bolsa...

0
3 Garayolly1936  
830
Onda gaty gowy bolardy

0
4 Garayolly1936  
830
,, Kitapcynyñ"ozalky suraty bardy, kitaphanany gorkezip duran suraty. Shol gowydy.,, Kitapcynyñ"hasiyetine juda layyk gelyardi. Cunki,,, Kitapcy" ruhyyete esaslanyar. Mashk etmegi añladyan surat, her nicik-de bolsa, bu saytyñ mazmunyndan sowarak dushup duryar meniñce. Maddyyet bilen magnawyyetiñ berk baglanshygy bolsa-da, her haysy oz ugry bilen baryar ahyry.,, Kitapcy" uly kitaphana. Shoña ylayyk gelip duran surat goyulsa juda gowy bolardy.

0
5 Garayolly1936  
830
Sheylemidi asyl.

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]