08:43 Syrdaş melegim käbäm | |
SYRDAŞ MELEGIM, KÄBÄM!
Eneler hakda niçe goşgulardyr, eserler ýazyldy. Ýöne şeýle-de bolsa, olaryň waspyna söz, bahasyna hazyna ýetmez. Eneler özleriniň Gün kimin ýyly mähri bilen, balalarynyň ýoluna nur çaýýarlar. Olaryň mähir-muhabbeti, doga-dilegleri bizi her ädimde goraýar. Enelerimiziň her bir aýdan sözleri gyzyla gaplaýmaly, bize diňe ýagşylygy, pesgöwünliligi, zähmetsöýerligi ündeýär. Hut şol öwüt-ündewler bilen biz şu güne geldik diýsem, hakykatdan daş düşdügim bolmaz. Eneler biziň ýagşymyzy ýaýyp,ýamanymyzy bukan ynsanlardyr. Olar biziň ýerdäki perişdelerimizdir. Eneler barada pikir ýüwürdip otyrşyma,öz käbäm bilen baglanyşykly bir waka ýadyma düşdi. Aýazly gyş öz ýerini gül-gülälekli ýaza beripdi. Baharyň ilkinji buşlukçysy çigildemleriň güllän çaglary älemiň iň owadan güli-ejemjanyň doglan günüdi. Menem ejemi begendirmek niýeti bilen okuwdan çykan dessime, gül satylýan dükana tarap ýöneldim. Baryp hem gülçi daýzadan iň owadan çemeni bogup bermegini haýyş etdim. Gülçi daýza ysy beýhuş ediji güllerden, meniň pikir edişimden hem owadan edip, maňa çemen baglady. Gülçi daýza bilen hasaplaşyp,elim uly çemenli dükandan çykyp gaýtdym. Bu çemeni görse,ejemiň nähili begenjekdigi baradaky pikirler, meniň aýagymy ýere degrenokdy. Şol wagt menden bagtly adam ýokdy. Sebäbi men öz mähribanymyň doglan gününi gutlamaga barýardym ahyryn. Begenjimden ýaňa öýe nädip ýetendimi-de duýman galypdyryn. Öýe girsem, ejemjan öz işleri bilen gümrady. Ol özüne nähili sowgat taýynlandygym hakda güman hem edenokdy. Käbäme işleri bir ýana goýup, biraz dynç almagyny haýyş etdim we oňa owadan çemeni gowşuryp, ony bagryma basdym. Ejemjan biraz demini dürsäninden soň, oňa bagyşlap ýazan şygrymy okap berdim: Ak süýt berip ulaldan Ejemjanym uzak ýaşa! Mährini berip goldan Ejemjanym uzak ýaşa! Durmuş atly meýdanda Gaýgy gelmesin başa. Perzentleriň bagtyna Ejemjanym uzak ýaşa! Şygrymy tamamlan dessime ejemiň gözýaşlardan püre-pür gözlerine nazarym düşdi. Ol ýuwaşlyk bilen göz ýaşlaryny süpürdi-de, ”Sag bol, balam!” diýip, meniň maňlaýymdan ogşady. Ol gün ömrümiň ýatdan çykmajak iň bagtly güni bolupdy, sebäbi meniň ejeme bagyşlap ilkinji şygrym dünýä inipdi. Maýagül ANNAÝEWA, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |