23:56 Talyp horjuny | |
TALYP HORJUNY
Ejem öýmüzden gaýdanymda ähli zatdan doldurdy horjunymy. Egin eşik iýmit pul bir aý ýa bir ýyl däl tutuş bäş ýyl oňaryn öýdüpdim gaýdanymda. Gele-gelmäne ýa men horjunymy deşdim ýa-da talyplyk aladalary meniň pikir edişimden çökder ekeni. Garaz şol doly horjunym bilen aý dolaryna zordan ýetdim. Şondan bärem her aý şeýle horjun iki arada gatnap ýör. Dolup gelýär boşabam yzyna gaýdýar. Ene-ata bolmagam güzap aslynda her aý ilden kem bolmasyn diýip ýokdan bar edip horjun doly iýmitdir gerekli zatlarymyz dowamly gelip dur. Talyplyk ynsan ömrüniň altyn sahypasy diýilýär. Talyplygyň lezzeti süýji günleri süýji ýatlamalary bilen şeýlede öýden gelýän horjunlar bilen. Ejemjanyň öýden ugradýan çörekdir gutaby asyl hiç ýerdede ýok. Olary küýsemegem lezzetli. Ine talyplygyň ýene bir ýakymy öýüňi küýsemek. Ejeň naharlaryny kakaň käýinçlerini doganlaryň bilen basdaşlygam küýseýäň hatda. Olaram sen öýe bararsyň welin ýene dawasy sensiň. Munça gaýdýan horjunlaram olaryň göhüni galdyrýan bolmagy ahmal. Ah talyplyk käşge sen baky bolsaň diýýän käte. Käte bolsa öýe elim diplomly gaýtmaga howlukýan. Mähribanlarymyň yhlasyny ýerine salyp işe başlasym gelýär. Şol günlere sag aman ýetsek bolýa... Babajan MÄMMIÝEW, Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |