09:07 Tarypy dillerde dessan keşdäm! | |
TARYPY DILLERDE DESSAN KEŞDÄM!
Türkmen halky mirasyna sarpa goýýan halkdyr Keşde-bu nagyş bolup börüge, kürtä, çyrpa, aýak geýime salynýar. Keşde çekmek, nagyş salmak, gaýma gaýamak, tikin-çatyn etmek aslynda türkmen zenanlarynyň,gyz-gelinleriniň tebigaty bilen aýrylmaz baglanşyklydyr. Gyzjagazlar ünsüni çagalykda oýunlardan sowup, ejesinden,mamasyndan,gelnejesinden tahýa tikmegi, keşde çekmegi öwrenýär. Bu pursatdan ol zähmete werziş bolup başlaýar. Asyllanýar, keşde çekmäge ökdeleşýär. Soňabaka elinden dür dökülýär. Keşde hem aslynda zenan kalbynyň owazy. Olarda zenan öz ýürek arzuwlaryny ahwalatyny beýan edýär. Şonuň üçinem her nagşyň ady bolýar. Bu barada türkmeniň milli nagyşlaryndan biçüw tikin dokma senedinden baş çykarýan keşdeçi zenan Ogulbaýram Kulyýewa “Ajaýyp sungatyň dünýäsinde” atly makalasynda “Çigildem”, “Ykjam gapjyk”, “Owadan gözler”, “Çopantelpek”, “Ak bugdaý”, ”Tawus goçak”, “Joşgunlar”, “Şabran şelpeler”, “Asman”, “Altyn goçak” we birnäçe beýleki öz döreden nagyşlary hakda söz açýar. Türkmen milli keşdeleri köpdürliligi bilen tapawutlanýar. Zenanlarynyň lybaslaryna, tahýalara, çaga köýneklerine, kirliklere salynýan keşdeler gadymy nusgasyny häzirki güne çenli hem saklapdyr. Häzirki zaman keşdeler döwre görä öňkülerden biraz tapawutlanýar, ösýär we özgerýär. Häzirki döwürde keşdeçilik sungaty ýokary derejede ösdi.Keşde çekýänleriň oýlap tapyjylygy keşdäniň inçe syrlaryna aralaşmak ukyby diýseň artdy. Nagyşlaryň many-mazmuny çuňlaşyp, göze ýakymly,owadan el keşdeler her dürli nusga salynan maşyn gaýma ýaly görnüşlere hem baryp ýetdi. Keşde bir tarapdan lybasy bezese, ikinji tarapdan keşde çekýän gyz-gelinleriň ruhy galkynyşyny,aň düşünjesini keşde saýlamakda aňrybaş ýokary derejesini görkezýär. Gelin-gyzlarymyzyň el hünäri bolan keşdeçilik sungaty uzak asyrlaryň dowamynda şahyrlaryň galamyndan düşmändir. Türkmen halky ýaş gyzlaryň eli hünärli, zähmetsöýer bolmaklaryny edeplilikden nyşan hasaplapdyr. Türkmen halk ertekilerinde haýsam bolsa bir ertekiniň gahrymanyny öwende gyzlaryň owadanlygy, asyllylygy bilen bir hatarda elinden dür dökülýändigi hakynda hem aýratyn nygtalýandyr. Halk döredijiliginde,gadymy dessanlarda, şadessanlarda, “Görogly», "Gorkut ata” eserlerinde, nusgawy edebiýatymyzda eli çeper gelin-gyzlaryň waspy giňden ýetirilipdir. Enelerimiz hüwdi aýdanda: Aýlar gyzym almaly, Aýda dokar bir haly, Halysynyň kenary, On barmagynyň hünäri - diýip, gyzjagazlaryň eli hünärli bolmagyny arzuw edipdirler. Mätäji bu barada: Jem bolanda gelin-gyzlar, Seniň tarypyňy sözlär, Eli çeper hünärbazlar, Degmez eden işleriňe - - diýip bellese, Mollanepes: Gözeller haýrandyr kesbi-kärine, Bir jady tilsimli goly hünärli - -diýen setirlerinde wasp edýär. Gadymy edebi çeşmelerde türkmeniň milli lybaslarynyň, keşdeleriniň taryhy köki yzarlanylanda,ilki bilen olaryň ynsan durmuşyna, ruhuna ýetirýän täsiri barada köp söz açylýar. Nuh pygamberiň, Oguz han atamyzyň, Magtymguly Pyragynyň çeşmelerine daýansak hem pähim-paýhasa ýugrulan dürdäne eserlerde keşdeçilik sungatynyň waspy bir ýere jemlenýär. Nusgawy şahyrymyz Keminäniň: "Meniň dilim seniň eliň hünäri Nusga bolup galsyn ilden illere” - - diýip göwnünde besleýşi ýaly,bu gün türkmeni keşdesi iller içre uly meşhurlyga eýe bolup,ady dillerde dessan bolan sungata öwrüldi. Üstümizdäki ýylda “Türkmeniň keşdeçilik sungaty” atly kitabyň çap edilmegi bolsa onuň tarypyny dillerden-dillere, illerden-illere aşyrdy. Ene-mamalarymyzyň mirasy gültahýamyz başymyzda, milli keşde nagyşlarymyz bilen bezelen köýnekdir çabytlarymyzda her gün bilim ojagymyza ugramak-biz-talyp gyzlaryň kalbyna üýtgeşik buýsanç eçilýär. Täzegül BOZAGANOWA, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |