01:32

Täze eser: "Ulufer"

Täze eser

▶ ULUFER

Türkiýäniñ ady belli žurnalistlerinden, ýazyjy Ahmet Kekeç ýigrimi ýyla çeken arakesmeden soñ "Ulufer" atly uly göwrümli çeper eser bilen ýene-de edebiýat dünýäsine ýañ salmagy başardy. Roman häzir kitap satuwynda öñdäki orunlary eýeleýär. Dogrusy, bu romanyñ iñ köp satyn alynýan kitaplaryñ başyny çekmegine, eýýäm birnäçe aý bäri teletomaşaçylar tarapyndan söýlüp tomaşa edilýän "Hiç kim bilmez" ("Kimse bilmez") teleserialynyñ 2019-njy ýylyñ 3-nji sentýabrynda ATV türk teleýaýlymynda ýaýlyma goýberilen 12-nji bölüminde serialyñ baş gahrymanlarynyñ biriniñ kitaby okap durka sahna düşmegi hem sebäp bolan bolsa gerek.
Romanyñ baş gahrymany sünni ynançly Mämmedaly daşy gabalgy durmuşa bent edilendigine garamazdan, haçanam bolsa bir gün öz göwün söýen gyzyna - alawy türkmen gyzy Ulufere gowuşmak üçin jan edýär, oña bagyşlap ýazan goşgularyny metbugatda çap etdirýär we ýaşaýan ýerini taşlap gitmäge gaýrat tapýar.
Alyslara baş alyp gitjeginem, galjagynam bilmän iki jahan owarrasy bolup galan Mämmedaly, kakasynyñ aradan çykmagy zerarly, öñem höwessiz durmuşyna hasam biperwaýlaşýar. Belki-de, bekedinden galkyp nätanyş ýurtlara tarap rowana bolan otly onuñ üçin halas boluşyñ başlangyjy bolar...
Tanymal žurnalist, ýazyjy Ahmet Kekeç uzaga çeken arakesmeden soñ giñ okyjylar köpçüligine hödürlän bu täze romany bilen gyra-bujakda ümsüm we göwnüçökgün halda gezip ýörenlere gol bulaýar, romanyñ gahrymany Ulufer bolsa bedew atlar ornuny awtoulaglara çalşansoñ, adam şekilli adam bolup ýaşamak üçin çyrpynýan az sanly jemendä...

• Romanyñ sahypa sany: 224 sah.
• Çap edilen ýeri: Stambul (Türkiýe)
• Çap edilen wagty: 2019-njy ýylyñ aprel aýy.
• Neşirýat: "Turkuvaz"
• Orginal dili: türk dilinde.
Категория: Edebiýat täzelikleri | Просмотров: 332 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Ahmet Kekeç | Рейтинг: 5.0/1
Awtoryň başga makalalary

Edebiýat täzelikleri bölümiň başga makalalary

Всемирный день поэзии 21 марта - 21.03.2023
Doñýürek Oruell - 25.08.2023
Azerbaýjanda geçirilen kitap ýarmarkasy - 13.11.2023
Türkmen ýazyjysy Ogulmaýa Saparowa baýraga mynasyp boldy - 25.07.2023
Ýüzünji ýylynda - 02.02.2023
2023-nji ýylda edebiýat boýunça Nobel baýragynyň eýesi - 11.10.2023
Kitapsöýüjileriň kluby - 23.08.2023
A.Allanazarowyň "Ojak" romany barada - 14.10.2023
Türkmen şahyra-hanymynyň şygyrlary halkara neşirde - 16.08.2023
Türkmenistanly şahyr Watany wasp edip ýeňiş gazandy - 07.09.2023

Teswirleriň ählisi: 1
0
1 Garaýolly  
27
Romany okasym gelip gitdi. Arman turk dilinden nol.

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]