00:41 Tebigata söýgi bilen bakalyň! | |
TEBIGATA SÖÝGI BILEN BAKALYŇ!
Ynsanyýet durmuşynda özüniñ çäksizligi bilen dahylly bolan ajaýyplyklara hem-de garaşylmadyk wakalara sezewar bolýan tebigat gözelligi bu sungatdyr. Şol sungata aşyk bolmak, şol sungatyñ içinde ýaşamak her bir ynsana başartmajak edebilikdir. Eger-de bir adamdan "Sen haýsy pasly halaýarsyñ?" diýlip sorag bilen ýüzlenilende ol ilki oýlanar ýa-da ýyldyrym çaltlygy ýaly şol soraga jogap berer. Megerem, tebigatyn gözelligi, onun adama berýän ruhy goldawy başga bir täsinlik bilen çalşyryp bolmajak täsinlikdir. Ir bilen howanyñ arassa tämizligi ýaly ynsan kalbynyñ päk hem-de nurana bolmagy zerur. Pasyllar hem öz gezeginde ylham çeşme bolup hyzmat edýär. Şol çeşmäniñ suwundan ganyp, ylhamyny päklige çykarýan şahyrlarymyz hem tebigatyñ gözelligini bir birine meñzeş gaýtalanmajak sungat hasaplaýarlar. Tebigat hakynda şygyrlaryny okadygymyzça özümiziñ many gorumyzy baýlaşdyrýan Gurbannazar Ezizowyñ eserlerini muña aýdyñ mysal etmek bolýar. Güýzüm! Güýzüm! Sen edep, Sen bir nusga, sen many, Açýan seniň öňüňde Syrlarymyň baryny. Sen dumanly topragyň Hem çal siňen asmanyň Bile meniň köňlüme Saçýaň paýhas nuruny. Goşgy setirlerinde beýan boluşy ýaly, manynyñ gorlugyny özünde beýan edýän bu pasyl tebigatyñ inçe syrydyr. Eger-de durmušyñda bolup geçyän wakalaryñ köp bölegi meselä berlip ugrasa, säher bilen tebigat howasyny çyn kalbyñ bilen duýup arassa howada dem alsañ durmuşyñ sazlaşygy ýerinde ýaly rahatlyk berer. Şol rahatlyk bolsa ömrüñ uzamagyna, içki pikirleriñde bolup geçýän harasady gaýtarmaga kömek eder. Diýmek, tebigat adam bilen sazlaşykda ýaşamagyny dowam etdirýär. Dowamat hem tamamlanmajak dowam bolsun! Bibihajar ALIÝEWA, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |