09:38

Türk han

Категория: Taryhy şahslar | Просмотров: 345 | Добавил: Jeksparro | Теги: Çarymuhammet Sugtyýew | Рейтинг: 5.0/1
Awtoryň başga makalalary

Taryhy şahslar bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 10
0
1 Hаwеrаn  
245
Ýalan sözläpsiñ, Serçebatyr. Gadymy türkmenlere we türkmen taryhyna degişli Ata Jykyýewiñ, Ata Saryýewiñ, Ata Nuryýewiñ, Kakajan Muhammetberdiýewiñ, Begmyrat Gereýiñ, Sergeý Agajanowyñ, Soltanşa Atanyýazowyñ, Hemra Ýusubowyñ, Ýegen Atagarryýewiñ, Myrat Annanepesowyñ, Amantagan Begjanowyñ, Marat Durdyýewiñ, Şöhrat Kadyrowyñ, Osman Ödäýewiñ, Gaýyp Nepesowyñ, Tejen Nepesowyñ, Akmyrat Täjimowyñ, Öwez Gündogdyýewiñ, Juma Ataýewiñ, Berdimyrat Garabaýewiñ, Gurban Rahmanowyñ, Ahmet Bekmyradowyñ, Jumadurdy Annaorazowyñ, Muhammet Aýdogdyýewiñ, Orazpolat Ekäýewiñ, Paşaguly Garaýewiñ, Ýazmyrat Mämmediýewiñ, Kakajan Baýramowyñ, Jumamyrat Gurbangeldiýewiñ, Nurgözel Bäşimowanyñ, Nargylyç Hojageldiýewiñ, Abdyrahman Mülkamanowyñ, Nazar Gullaýewiñ, Muhammet Geldiýewiñ, Döwletmyrat Ýazgulyýewiñ, Nina Gýulumýanyñ, Aşyrpyr Meredowyñ, Rejep Gaýypgulyýewiñ we ýene-de şu ady tutulanlarça iki-üç esse köp türkmen alymynyñ hersi aýratynlykda ýüzlerçe makalalary, onlarça kitaplary bar.

0
2 Hаwеrаn  
245
Diñe Orazpolat Ekäýewiñ döwürleýin metbugatda çykan taryhy makalalarynyñ sany 400-e golaýlaýar, kitaplaryny hasabam etmäli, halypanyñ diñe makalalarynyñ adyndanam bibliografik kitapça taýýarlap bolýar. Beýlekilerem şolar ýaly.

0
3 Hаwеrаn  
245
Özem biziñ alymlarymyzyñ işleri beýleki doganlyk halklarynyñ alymlarynyñkydan has materiala, faktlara baýlygy, ynamlylygy bilen öñe saýlanýar. Meselem, türklerde asly tatar Ilber Ortaýly ýaly azy ýaran taryhçylar bolaýmasa, aglabasy rus çeşmelerinden bihabar, olaryñ tersine biziñkileriñ birinji el salgylanma çeşmesi rus gündogarşynaslarynyñ işleridir.

0
4 Hаwеrаn  
245
Dogry, ýöne biziñkileriñ "ýyldyzy sowuk", reklamasy pes diýseñ. Häzir türk ýa rus alymlarynyñ islendik gyzyklanýan temaña degişli taryhy makalalaryny internetden tapyp bolýar. Biziñki bolsa heniz ýörjen-ýörjen ýolda..

0
5 Hаwеrаn  
245
Öz taryhçylarymyzyñ edip giden we häzirem edip ýören gymmatly işlerini ýeterlik derejede wagyz edip bolsa, başga ýurtlaryñ taryhçylaryny küýsetmeýär.

0
6 Hаwеrаn  
245
Orslaryñ "Звезда", türkleriñ "TRT Belgesel" ýaly kanallarynda berilýän taryhy dokumental filmlere seredeniñde gözüñ gidýär... Biziñkilerem birgün barýarkalar şol derejä ýeterler diýip özüñe süýji arzuw edip tamşananyñy duýman galýañ... (Haçan bir gün hemme şahsyýetlerimizi elimizden alyp bolanlaryndan soñ oýanarys-da bizem)...

0
7 Hаwеrаn  
245
Dogry, ýene bir zat bar: häzirki metbugatymyzda berilýän taryhy makalalaryñ köpüsi ýeñil, okanyña degenok, maglumat az, bar bolan maglumatlaram ýokarky agzalan alymlarymyzyñkydan göçürme...

0
8 Jeksparro  
405
Hä şeýlemi, men bilemokdym dogrusy. Aý men ýaly edebiýatdan, kitapdan bihabarlar kän-dä onsoñ meñem goşandym bolar diýip ýazyp goýberdim!
Soñky ýazan teswirleriñe menem goşulýan-da agam näme etjek!?

0
9 Hаwеrаn  
245
Bilmezlik aýyp däl (gowy ýeriñ - bilmeýän zadyñy biljek bolýañ). Ýöne bilmeýän zadyñy ýazmak aýyp.. smile

0
10 Hаwеrаn  
245
Etrüskler barada-da baryp 15-20 ýyl mundan döwürleýin metbugatda öz alymlarymyzyñ elinden çykan makalany okapdym (ýalñyşmasam Ö.Gündogdyýewiñki bolmaly). Türkler indi-indi etrüskleri internetde reklama edip ýörler, hamala birinji bolup özleri orta atan ýaly wink

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]