00:34

Türk(men)ler nähili musulman boldy?

Категория: Taryhy makalalar | Просмотров: 371 | Добавил: Gökböri | Теги: Aslytürkden Aýbüken | Рейтинг: 5.0/1
Awtoryň başga makalalary

Taryhy makalalar bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 4
0
1 Hаwеrаn  
245
Makalada aýdylanlaryñ jany ýok däl. Ýöne aşa milletçilik duýgularyna berilip, käbir zatlary bulaşdyrylýar. Elbetde islendik ideologiýanyñ, islendik imperial döwletiñ taryhy çaknyşyksyz bolup bilmez. Araplaryñ eden gyrgynçylygy-da arap gegemoniýasyny döwletiñ esasy prinsipine öwren omeýatlaryñ (emewileriñ) yslam dini bilen asla utgaşmaýan milletçilikli syýasatyny ýöreden döwründe bolup geçipdir.(Maglumat üçin seret: http://www.kitapcy.ga/news/tarhan_nizek/2018-10-04-2729 linki) Soñky ýyllarda apbasylar yslamyñ köpugurly prinsiplerine dolandylar we şoña görä hereket edip, türkmenleriñ köpüsini öz taraplaryna çekmegi başarypdyrlar. Oguzlar hem apbasylar döwründe musulman bolupdyrlar. Apbasylar döwründe türkmenler yslama kowçum-kowçum bolup meýletin giripdirler. Aslyýetinde türkmenler yslama öz islegleri bilen girdi diýilýän gürrüñ hem şol döwre degişli. (Maglumat üçin seret: http://www.kitapcy.ga/news/hezret_aly_we_turkmenistan/2018-06-16-451 linki). Şonuñ üçin soñabaka halyflygyñ goşunynda, halyfyñ şahsy gorag gwardiýasynda, möhüm döwlet wezipelerinde türkmenler bolupdyr. Hatda şeýle bir wagt geldi welin, halyfy-da türkmenler aýryp, isläni goýup bilipdirler. Saparmyrat Türkmenbaşynyñ bir goşgusynda we Jumadurdy Annaorazowyñ bir makalasynda
(Maglumat üçin seret: http://www.kitapcy.ga/news....15-3928 linki) şu soñky aýdanym aýratyn nygtalýardy. Kakajan Baýramowyñ işlerinde-de apbasy halyflygyndaky türkmen şahsyýetleri barada başga hiç ýerde gabat gelmejek giñişleýin maglumatlar bar.

0
2 Hаwеrаn  
245
Aslynda makalada şu türk(men)leri gyrdy diýip ýigrenç topuna tutulan araplar (has dogrusy emewiler) Muhammet pygamberiñ (s.a.e) sahabalaryna-da, Hz.Alydan dowam eden nesline-de türkmenlere görkezen zorluk-sütemini görkezmekden çekinmändir. On müñlerçe türkmeniñ ölümine sebäp bolan Hajjajyñ elinde ençeme sahabanyñ gany bar, hatda ol bir gezek zulmundan gaçyp Käbä sygynan musulmanlary gyrmak ü.n manjynyklar b.n Käbäni ýykmaga hem synanşypdyr.

0
3 Hаwеrаn  
245
Taryhy haýsydyr bir ideologiýanyñ ýaragyna öwrüp propogandirleseñ juda howply ýaraga, has dogrusy howply wirusa öwrülme howpy bar. Ony dogruçyl öwrenmek gerek. Ajysyna ajy, süýjisine süýji diýmegi başarmaly, zalymyñ milleti bolmaz, dini-de bolmaz. Zalym haýsy dine perdelenip gelse-de näletlenmäge degişli.

0
4 Jeksparro  
405
Käbir yslam alymlary şu hadysyñ ýorgudyny şeýle aýdýarlar: '' Siz (musulmanlar) kiçijik gözli, basyk gözli, basyk burunly ýüzleri galkan ýaly derisi üst-üstüne gaplanan toparlar tarapyndan öldürilýänçäñiz kyýamat gopmaz!'' diýen hadys aslynda mongollaryñ akyn-akyn gelmekleri bilen baglanyşdyrýarlar. Käbir alymlar bolsa şol hadysda suratlandyrylýan halkyñ Ýajuj-mäjuçlardygyny aýdýarlar...

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]