11:57

Türkmen gylyçlary

TÜRKMEN GYLYÇLARY
    
«Eden işi nusgalyk, geplän gepi güwälik» bolan ata-babalarymyzdan miras galan her bir zady öwrenmek, bilmek häzirki döwürde uly ähmiýete eýe bolýar.
Gadym döwürlerde türkmenlerde eden işine taý tapylmaz demirçi ussalar-äheňgirler bolupdyr. Olaryň ýasan ýalaw ýaly, ýüzünde sakgal syrybermeli pyçagy, üstünde owlak çüýläýmeli pili, ýadaňda arka beräýmeli kätmeni durmuş hajatlary üçin ulanylsa, bir salanda suwuň ýüzündäki öýmäni bölüp bilýän gylyçlar Watany, ene topragy duşmandan goramak üçin peýdalanylypdyr.
Ine, äheňgiriň, ýagny demirçiniň ussahanasy. Ol küti çig demri kerkawyň kömri gümräp duran körügine basar-da, ony mazaly daglar. Soňam gyzyl ot bolup toplanan demri urup-ýenjip kada-ýakullyga ýetirer. Şeýdip, taýýar bolan gylyçlar äheňgiriň ussahanasynda hatar-hatar bolup syhçadan asylgy durar.
Türkmen gylyçlarynyň ýasalyş usullarynyň biri-birinden parhlanyşy ýaly, olaryň atlaram dürli-dürlidir.
Geliň, ol gylyçlara garap geçeliň!

■ Gyrma gylyç. 

Bu gylyç egri, gynly bolýar.

■ Düýme gylyç. 

Maýyşgak polatdan bolansoň, bu gylyjy guşak ýaly edip bile-de guşansa bolýar.

■ Nerkesen gylyç. 

Bu gylyç ümürli howada çapyp barýan atyň üstünde taplanyp, suwuň ýüzündäki ýuwkajyk öýmäni bölek-bölek kesmäni başarýar. Şeýle hem ol äwmän, gäwüş çalyp oturan neri-de iki bölüp taşlamaga ukyply.

■ Simaply gylyç. 

Onuň içinde boşluk bolup, oňa simap guýulýar. Gylyç göterilende simap alkyma, salaňda uç tarapa akyp, batly agram, ýagny kesgirlik goltgusyny berýär.

■ Zentalak gylyç.

Bu gylyç gazap bilen salnanda ýüzi gaýdyp, ujy eplense ýa-da sepi açylsa, onda ony ýasan ussanyň aýaly talak, eger gylyjy gynyndan sowrup, gezän adam ony salmagy başarmasa-da, onuň aýaly talak saýylypdyr.
Bu ýoda-ýorumlar, olardan dörän aýtgylar türkmen aganyň her bir işe eserdeň çemeleşendiginiň alamatydyr.
Türkmeniň nusgalyk edebiýatynyň şamçyragy söz äleminiň taýsyz zergäri Hezreti Magtymguly özüniň «Ýerbe-ýer geçdi» atly şygrynda:

Isa ogly Dawut älemni sürdi,
Hak oňa Zeburyň kelamyn berdi,
Hezreti Dawudyň guzur şägirdi,
Alty müň alty ýüz äheňgir geçdi –

-  diýip, demiriň piri hasaplanýan Dawudyň halal senede baş goşan alty müň alty ýüz äheňgir ýetişdirendigini ýatlap geçýär.
Umuman, gylyçlar gadym döwürlerde söweş batyrlaryň hemrasy bolupdyr. Häzirki ajaýyp zamamyzda ol gylyçlaryň dürli görnüşleri Türkmenistanyň Baş milli muzeýinde saklanýar. Watan gerçegi üçin olary öwrenmek, bilmek parz. Çünki ol gymmatlyk biziň şöhratly taryhymyzdyr, asyrlaryň çuňluklaryna uzaýan geçmişimizdir.
 
Atamyrat ŞAGULYÝEW,
žurnalist.

Категория: Taryhy makalalar | Просмотров: 578 | Добавил: Нawеran | Теги: Atamyrat Şagulyýew | Рейтинг: 0.0/0
Awtoryň başga makalalary

Taryhy makalalar bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]