13:21 Türkmeniñ goşa ganaty | |
TÜRKMENIÑ GOŞA GANATY
Gaýduwsyzlyk - TÜRKMENIÑ bir ganaty, Beýleki ganaty - ruhybelentlik! Ýedi yklym är TÜRKMENE beletdir! Hanlara mynasyp katdy-kamaty, Beglere laýykdyr edep ekramy, TÜRKMEN - şir ýaşaýar ýaşan halaty, Şir bolup õlýär ol õlen halaty. TÜRKMEN - almaz gylyjy deý gylawly, Gara gõzi ýyldyrymly, alawly, Sõzi ojar ody ýaly ýalawly, Ýylgyrsa ýazlary ýada salýandyr, Gazaplansa, alamatdyr alamat, Asmanda bilýäni ýalñyz Alladyr, Ýerde sygynýany - diñe adalat! Erkana ol, MERDANA ol, erkin ol. Jahan aşygydyr - ganmany bilmez. Gerdenine alyp dünýäñ derdin ol, Atylan ok ýaly dönmäni bilmez, Düýrme gylyç ýaly synmany bilmez, Haýkyranda - daglar gelip lerzana, Gara ýer goduklar gürzi salanda. Türkmen hakykata howandar bolup, Sõweš yglan edýär dünýäñ ýalanna! Gaýduwsyzlyk - TÜRKMENIÑ bir ganaty, Ikinji ganaty - belent RUHUDYR. Ýalñyz syrdaşydyr gazma dutary, Ýalñyz gardaşydyr jana jan aty, Toýda-tomaşada şohlañ-şohydyr, Asmana ýañ salar gülen halaty. Zeminiñ Alp ogly ýagşyzadasy TÜRKMEN çyn ýaşaýar, göni ýaşaýar, Bu pany jahanyñ ýalan halaty! Gaýduwsyzlyk - TÜRKMENIÑ bir ganaty, Beýleki ganaty - belent ruhudyr! Goşa ganat berdi oña Nuh nebi, Gõrdi TÜRKMEN müñ hasraty-apaty, Ýyldyrymlap jeñe giren halaty, Howalasy - al asmanda tugudyr, TÜRKMEN - adyllyga adyl terezi, TÜRKMEN - adalatyñ arkadagydyr! Saparmyrat TÜRKMENBAŞY | |
|
√ Eýdip-beýdip... / edebi ýaňsylama / Goşgular - 12.01.2024 |
√ Täjir tanşyma / Goşgular - 16.01.2024 |
√ Meniñ monologym / Goşgular - 01.01.2024 |
√ "Gelin jan..." / Goşgular - 26.03.2024 |
√ Düýş hem ýagyş / Goşgular - 09.01.2024 |
√ "Gitdim senden ilerledip ümzügi..." / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Goltugy daşly adam / Goşgular - 05.01.2024 |
√ Sowuk söz / Goşgular - 31.01.2024 |
√ Ömrümiñ manysy bolmaly zenan / Goşgular - 05.02.2024 |
√ Wiswisi lakamly obadaşymyň ömür beýany / Goşgular - 25.03.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |