13:27 Tymsal | |
TYMSAL
- Biraz elim ýuka maşyn alara, Ýöne aýagulag küýseýär ýürek. - Oba ýeri göwnüñ bagla bolara, Ýorgadan çus eşek almagyñ gerek. - Gedaý osma, gulak goý sen byradar, Azajyk karz alsam, bar ata gurbum. - At höwesi dagda ýyksa çüw gider, Eşek ýyksa geler ýataga bir gün. - Düzüw tut päliñi oñatlyga ýor, Bedew münjek menem ýaşuly, besdir. - Eşekden ýykylyp, at münse bolar, Atdan agyp, eşek münmek hebesdir. - Ä!.. • HORAZ Kekeji etden däl, gyzyldan horaz, Ýelegi zer suwly gül beden horaz, Gaýraty ile jar ozaldan horaz, Guýrugy jygadan owadan horaz, Pah-pah, petekesi güberçek alañ, Sen taýy - gerçegiñ, ägirdiñ horaz! ...Oýun-dalaş guraýardym ýar bilen, Öwgüm ursun, has ir gygyrdyñ horaz. • BIZ KIM - Ir gidýär - diýýäris - ýagşylar mundan, Adyn tutup her meýlisde, dogada. Diýýäris: - Ýamanyñ sallary uzak, Ýaman ýalançydan ötýär negada. Şeýdip sowduk nijäñ üç, ýedi, kyrkyn, Biz baky gölegçi, aýdyñ-how biz kim! Аmаnmyrat ВUGАÝЕW. "Tokmak" žurnaly, 1991. | |
|
√ Hasap / Goşgular - 18.02.2024 |
√ Göreş / Goşgular - 11.02.2024 |
√ Nädip ýaşamaly?! / Goşgular - 13.01.2024 |
√ "Gelin jan..." / Goşgular - 26.03.2024 |
√ Atsyz goşgy / Goşgular - 31.01.2024 |
√ Yzany yşkyma ýamag etdim / Goşgular - 15.04.2024 |
√ Suwdan ot çykaran goşgy / Goşgular - 31.01.2024 |
√ Was-wasylara... / Goşgular - 23.01.2024 |
√ Gije hem gündiz / Goşgular - 07.02.2024 |
√ Lenç edilen nakyl / Goşgular - 05.02.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |