16:25

Üsti jedelli ilkinji robot jelephanasy

Категория: Ylym we tehnologiýa | Просмотров: 372 | Добавил: Gökböri | Теги: Çelsi Ritşel | Рейтинг: 5.0/2
Awtoryň başga makalalary

Ylym we tehnologiýa bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 4
0
1 Gurgencli  
324
Makalaň ýazylanyna hem dört ýyl bolan ekeni. Bu maksatnamaň soňky ykbaly nähili bolduka?

0
2 Gurgencli  
324
Häzir zynany we ýarym-ýalaňaçlygy geň görýän adam galandyr öýdemok.
Eger biri şu wagta çenli öz ýanýoldaşymdan başgasy bilen bolmadym diýse oňa haýpygelijik we geňgalyjylyk bilen seredýärler.

0
4 Haweran  
411
Teswire teswirmi. Bolýa diñle onda:
Erkegiñ tebigy islegi hiç haçanam biri bilen kanagatlanmaýar. Şoñ ü.n oña geçmişde her dürli ýol bilen çözgüt tapypdyrlar. Oñaran 12 aýala çenli nikalap alyberipdir. Häzir biriniñ hötdesinden geler ýaly däl. Şoñ ü.nem häzir köp erkek iki aýal alyp, boky bilen böregini garyp, basym sandan çykýar.
Aýal almaly diýilse, köpimiz diñe ýatym-turymly ýa-da maddy çykdajyly ýerini (sebäp señ aşagyña girýänem diñe maddy hasaplar bilen girýär) göz öñüne getirýäris (häzir puluñ bolmasa, adam şekilli ölübem bolanok, yzyñda hossarlaryñ belli günüñi etmeli. Biz bolsa köpaýallylygyñ gürrüñini edýäris). Zyna diýlende-de şeýle, diñe nikaly we nikasyz ýakyn gatnaşyk göz öñümizde janlanýar. Mesele bolsa düýbünden başga. Pikirler garjaşyk, düşünje ýöntem. Ilki bu baradaky garaýyşlarymyzy aýyl-saýyl edeliñ.

* * *

Siziñ o haýpygelijilik bilen garajak adamlaryñyz biziñ obada näçe diýseñ bar (bilýän, başga ýerlerde-de az däl). Ýogsa olaryñ arasynda namazly-täretlisi-de bar, ömründe namaz-täretiñ nämedigini bilmän gezen içegenrägi-de...
Sen muny nädip bilýäñ ýa-da nädip başgalara kepil geçip bilýäñ diýmegiñiz mümkin. Kepil geçemok. Durmuşda görlen, synag edilen, il arasynda aýdylýan zat bolansoñ aýdýan. Halk aýtsa, galp aýtmaýar. Birküç sany mysal bereýin.
Aýdym sapagyndan okadýan mugallymymyz bardy. Pagta döwri garagolrak ýaş mugallymlar içişlikden soñ onuñ ýanyna aýal getiripdirler. Olam getirmänkäler "getiriñ, bolaýaryn!.." diýip duranam bolsa, "döwli ýeri" gelende, "ýok, bolmaz, beýtsem gelşiksiz bor, şumada çenli aýalyma ikilik edip görmedim" diýip durupdyr.
Aýdere diýen ýerde Hedret diýip ömrüniñ ahyryna çenli öýlenmän gezen biri bardy. Özem hemişe tomsuñ günem egni esger şinelli, aýagy hrom ädikli, eli-de çarşakly gezerdi. Bir gün garagol oglanlar Garrygaladan Aýderä oturmaga gelenleriñ arasyndan ýeñles gylyklyrak birini alyp, onuñ ýanyna salanmyşlar. Görgülini öñ içmeýän adamam bolsa, aldap-ogşap içiripdirler. Ýanyna giren geline-de çuw-ýalañaç bolup oturmagy tabşyrypdyrlar. Onsoñ ýañky Hedret onuñ ýanyna girende, çiññerilip bir seredip-de, "ohh-ho-ho, gyzyl ot bu, gyzyl ot!.." diýip, aýagyndaky hrom ädigi bilen bat bilen aýalyñ çatalbasyna - göni uýat ýerine depipdir.
Obamyzda Rahy diýip biri bar. Ol hem bir gezegem öýlenmedik. Toýlaryñ birinde oglanlar onuñ üstünden gülmek maksady bilen şäherden baran aýal-gyzlaryñ birini ýanyna salyp, üstüni gulplanmyşlar. Ýañky Rahy otagdan çykjak bolup ýarym-ýaş halda gapyny ýumruklaýarmyş "Açyñ, beýtmäñ, hapa iş etdirmäñ maña!" diýip.
Öz gören zadymdanam ýene bir mysal bereýin. Bir işdeşimiz bar. Utanjañrak, ýygrarak, ýuwaş oglan. Işdeşlerimiz bir gezek garagollyk etmäge gidenlerinde, oña-da birini gürleşipdirler. Iýlip-içilip bolandan soñ, ýañky işdeşimiz düşekde sypyrynyp (iki aýagyny açyp) özüne garaşyp oturan gelne "boldy, ýapaý indi, gördük, geýin" diýip, yzyna gaýdypdyr.
Dogry, ýöne şu aýdanlarymam eýýäm siziñ aýdýanlaryñyzda belli bir derejede jan bardygyny görkezýär. Öñler bu zatlar edilse-de ogryn edilerdi, aýtmaga utanylardy, aýyp-utanç hasap edilerdi. Indi edermenlik hasaplanýar, utanylmaýar.
Orta ýaşdan geçenleri diñleýäñ welin, öñler pylan obada, pylan şäheriñ bir kwartalynda ýeñles gylykly zenan barmyş diýseler, nobata durýardyk, ogurlyk etmäge giden ýaly ogryn giderdik diýip ýatlaýar. Özem "ol işi" kimem bolsa, muña ar-namys etjek dogan-garyndaşy bolmansoñ, ýa-da dogan-garyndaşynyñ arasyndan şoñ ýaly bir sebäp bilen kowlandan, çetleşdirilenden soñ edip bilipdir...
Umuman, inçelse inçelendir, azalsa azalandyr. Ýöne hemmeleri biraýakdan sürüp bolmaýar.
Bu zatlar adamlaryñ özüne bagly, galyberse-de biziñ özümize bagly. Uçgurymyz gowşak bolansoñ, aýal-gyzlañ osuraklygyny, olañ iýen arpa çöregini bahana edýäris.

0
3 Injener  
1
Haçan Jepbar bu jahany harap eýlär? Diýip garaşyp oturybermeli boldy.

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]