20:19 Üstünligiň syry | |
ÜSTÜNLIGIŇ SYRY
“Guş ganatsyz bolmaz, ynsan arzuwsyz” diýipdirler ata-babalarymyz. Ynsany ýaşadýan, ony ýagty ertire atarýan, kalbynda şu gününe höwes, ertirine ynam döredýänem ýagşy arzuwlar, niýetler. Aslynda, hemmämiziň arzuwlarymyz, maksatlarymyz kän. Ýöne biz olaryň çalt amala aşmagyny isleyäris. Maksatlarymyza ýetmek üçin başlan işimiziň basym miwe bermegine garaşýas. Yöne isleg bir başga, nesibe bir başga. Şol arzuwlarymyz bu gün amala aşmadyk bolsa, ertire bolan ynamymyzy gaçyrmaga derek has köp okamaly, has köp zähmet çekip tutanýerlilik bilen göreşmeli, iň esasy zat bolsa özümize ynanmaly. Kynçylyga garşy göreşmekden el çeken günümiz biziň ondan ýeňildigimizdir. Şonuň üçin biz “kynçylyk” diýip ulaldýan ujypsyzja päsgelçiliklerimizi ýeňmegi öwrenmeli. Munuň üçin bolsa özümizde gaýduwsyzlygy, tutanýerliligi, mertligi terbiýelemeli. Üstünligiň iň möhüm syry öz-özüňe ynanmak, öňümizde gabat gelip biljek şowsuzlyklar hakda pikir etmezlikdir. Mähribanlarymyzyň bize bildiren ynamy, goldawy hem üstünlige ýetmegimizde uly orun tutýar. Aňsatlyk bilen ýetilen zadyň gadyry azdyr. Islendik gazan ýerimizden altyn-kümüş ýa-da göwher çykyp duranok ahyry.Şolaryň bar diýilýän ýerindenem ençeme müň tonnalap gum elenenden soň, jinnik ýalysy tapylanda, gör, nähili begenilýär. Şonuň üçin olaryň arzysy-da, bahasy-da ýokary. Ynsanyň durmuşda kynçylyklary ýeňip gazanan orny, derejesi altyn-kümüşdenem, göwher-zümerretdenem gymmatlydyr. Üstünlik hergiz mugt däldir.Her üstünligiň bahasy bardyr we onuň bahasyny hemişe öňünden tölemelidir.Ol yhlasyňa, çeken zähmetiňe, gaýratyňa, sabryňa ýapylan sowgat-serpaý, sylagdyr. Halkymyzda Sabyr soňy sap altyn'' diyen nakyl bar. Magtymguly atamyzam: "Bisabyr gul tiz ýolugar belaga, Sabyrly gul dura-bara şat bolar'' diýmeýärmi näme?! Parahat, asuda ýurtda, bagtly durmuşda ýaşaýandygymyz biziň iň uly bagtymyz. Özümiz hakynda edilýän aladalar biz ýaşlary geljekde täze maksatlara ruhlandyrýar. Munda bize ýagty geljek gurulýar. Biziň ýurdumyzda arzuw etseň we oňa ýetmek üçin yhlasly zähmet çekseň, maksadyň hökman myrat tapýar. Geliň, eziz Watanymyzyň ösüşine özümiziň goşandymyzy goşmak üçin köp okalyň, öwreneliň, döredeliň, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň ynamyna mynasyp ýaşlar bolup ýetişeliň! Guwanç HYDYROW, Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |