11:14

Wepadarlyk

WEPADARLYK / Gurbangözel gelnejeme

Toýdan soñ, nätjek-dä, pelegiñ işi,
Bahar sanlyja gün mährini saçdy.
Jeñ ýoluna ýollap söwer ýaryny,
Baýdak gelin umyt bilen garaşdy.

Garaşdy çynar deý ýigdini ýatlap,
Ýylgyryp bir ýerden çykaýjak ýaly.
Nije ýyldyr patasynam almady,
Mertlik sütünini ýykaýjak ýaly.

Eziz enem, ýyllar bilen göreşdiñ,
Zähmet çekdiñ mäkäm guşap biliñi.
Ynamyñ, ygraryñ, gaýratyñ bilen,
Artdyrdyñ topragyñ gözelligini.

"Asman, Zemin, aýdyñ, ýarym nirede?"
Şol söz bilen gözüñ ýollara dikdiñ.
Jübüt gülli jorap hem gyrmyzy don,
Saña ýardan galan ýadygärlikdi.

"Kän garaşdyñ, dogan, gelerçe boldy,
Patasyn alaýsañ mähriban ýaryñ".
Razylygyñ sorap üýşdi hossarlar,
Alaç ýok. Täk çekdiñ ýürekde zaryñ.

...Otyrdy hemmeler pata ýerinde,
Şonda-da ynanyp diriligine.
"Şu gün birden özi çykaýsa..." diýip,
Çala pyşyrdapdyñ, mähriban ene.

Ynam diýilýän zat synmaýan borly,
Bakmaýan bolarly ýyllañ horlugna.
Ýüz ýola, müñ ýola baş egýän, käbäm,
Seniñ ölmez-ýitmez WEPADARLYGÑA!

Bäşim ATAÝEW.

Категория: Goşgular | Просмотров: 364 | Добавил: Нawеran | Теги: Bäşim Ataýew | Рейтинг: 3.7/3
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

«В полуночной тиши бессонницы моей…» / Goşgular - 03.01.2023
К славянофилам / Goşgular - 25.01.2023
Nätsem, ene? / Goşgular - 06.01.2023
Gar ýagýar / Goşgular - 06.01.2023
Эры / Goşgular - 28.01.2023
Gideňsoň / Goşgular - 06.01.2023
Встреча / Goşgular - 12.01.2023
На дне преисподней / Goşgular - 12.01.2023
А.Л.Бржеской / Goşgular - 28.01.2023
Перед маем / Goşgular - 16.01.2023

Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]