19:26

Ermeni gözeli

ERMENI GÖZELI

Margarita, eý, ermeni gözeli,
Ykbal bagş eýledi ajap pursady.
Men türkmen şahyry
Goşgy-gazaly
Kalba sygman, joşup duran gursagy.

Men gadym oguzlañ mertligi siñen,
Seljuklaryñ döwlet guran ýerinden
Dostluk salamyny getirdim size,
Ýurdum Türkmenistan - bagy-Eremden.

Eý, gözel Kawkazlañ näzik jenany,
Sen bilýärmiñ, biziñ iliñ düzgünin?!
Türkmen ýigdi söýse eger zenany,
Geñlemegin onuñ goşgy düzmegin!

Bada doly ylham meýin berensoñ,
Köpetdagym,
Ýaşyl sähram - Garagum.
Şygyr bilen beýan etdim, gör, onsoñ,
Öz halkymyñ Güneş ýaly ýüregin.

Biziñ iller myhmansöýer hemişe,
Duz-çörekli gujak asýas gelene.
Deñeýäris eneleri - perişdä,
Gelin-gyzy - sähranyñ ter gülüne.

Sen ýylgyrýañ,
Üns bilen diñleýäñ,
Haýran galyp bakýañ goşgy okamda.
Birwagt ermeni gyzyny söýen
Türkmen ýigidiniñ yşky hakynda.

Geñ zatlar dünýede gyt däl ähyry,
Şeýle ykbal bur durmuşda, gör, nije?!
Diýdiñ,
Internetden tapyp şo şygry:
"Öz dilimw etjek muny terjime".

Margarita,
Gözel ermeni gyzy?
Bagtly pursay az wagtlyk bolsa-da.
Ömrüñ zer çaýylan sahaby ýaly,
Müdimilik siñip gidýär gursaga.

Biz durmuşda bir-biregi unudyp,
Duşuşýarys,
Aýralygyñ deregne.
Bilýärmiñ sen,
Akja gollañ uzadyp,
"Hoş!" diýeñde, gireniñi ýüregme?!

Bäşim ATAÝEW.
Категория: Goşgular | Просмотров: 360 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Bäşim Ataýew | Рейтинг: 5.0/1
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

«Посадила яблоньку…» / Goşgular - 23.01.2023
«Безумье – и благоразумье…» / Goşgular - 03.01.2023
Söýgi derwezesi / Goşgular - 07.01.2023
«Всё настоящее ничтожно…» / Goşgular - 26.01.2023
«О, я хочу безумно жить…» / Goşgular - 05.02.2023
«Над синевой просторной дали…» / Goşgular - 30.01.2023
Снег / Goşgular - 14.01.2023
«Что в имени тебе моём?..» / Goşgular - 05.01.2023
«Среди верховных ритмов мирозданья…» / Goşgular - 18.01.2023
Çyn bilen ýalanyñ aralygynda / Goşgular - 14.01.2023

Teswirleriň ählisi: 5
0
1 Akjemal  
243
Taryhy syyasy bähbitlere perde tutunmak halklaryñ öñünde edilip bilinjek iñ uly namartlykdyr.

0
2 Adalat19  
3
Allajan ýolumyzda Ermeni bir goýmaweri...

0
3 Hаwеrаn  
245
Häzir ABŞ-nyñ Pensilwaniýa ştatyndaky daşy SRU-nyñ we FBR-iñ işgärleriniñ ýörite goragy bilen üpjün edilen willasynda 5.000 $-lyk massažny kreslosynda oturan ýerinden dogduk ýurduna nälet okaýan Fethulla Güleniñem asly ermeni bolmaly.

0
4 Hаwеrаn  
245
Hut şol ermeni genosidiniñ bolandygyny aýdýandygy üçin tûrk ýazyjysy Orhan Pamuk Nobel baýragyny aldy. Görlüp oturylsa onuñ doganoglany hem Ysraýylyñ premýer-ministri Benýamin Netanýahunyñ geñeşçisi bolsa nätjek!
Diñe şunuñ özem dûnýä syýasatynda nähili oýunlaryñ bolup geçýändigine, Nobel baýragynyñ kimlere berilyandigine, haysy yazyjynyñ ýüpüniñ kimleriñ elindedigine göz yetirmäge ýüpujy bolsa gerek.

0
5 Hаwеrаn  
245
@Watanperwer, teswirleriñ goşgynyñ temasyndan daşlaşypdyr biggrin

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]