01:03 Ýaz ýakymly zenanlar | |
ÝAZ ÝAKYMLY ZENANLAR
Dünýä ýüzi dürli reňkler bilen gözeldir, her bir reňk özüniň nepisligi, owadanlygy, gözelligi bilen bir hatarda bir öwüşgin, bir duýgy, bir çuň many aňladýar. Her bir reňkiň özüniň orny, manysy bar. Zemin hem şol gözel reňkleriň dört görnüşini özüne siňdirip ynsanlaryň aňynda, kalbynda mizemez orun alyp ýaşap ýör. Ol dört reňk ynsanlaryň kalbynda dört pasly ýatladýar. Her bir pasyl özüçe bir reňki bilen Ýer ýüzüne gözellik seçýär. Seredip otursak, göräýmäge, adaty zat ýaly bolsa-da, her pasyl öz reňki bilen çuň many aňladýar. Meselem: gyş paslynyň täsinligi, toprak, zemin, köçeler ap-akja gar bilen örtülýär. “Ak zat alnyňa ýagşy” diýilmegi ynsanlaryň aňynda ak gary ýatladýar. Bahar pasly bolsa, öz ýaşyl reňk bilen tebigaty bezeýär. Meýdanlar ýaşyl dona bürenýär. Ýaşyl reňk özüniň nepisligi bilen, ýylgyryşy bilen ynsanlaryň kalbyny giňeldýär, aňynda rahatlyk duýgusyny döredýär. Has dogrusy, ajaýyp bir düýş mysalydyr, bu düýşden ynsanyň oýanasy gelmeýär. Bu pasyla zeminiň ýylgyryşy hem diýýärler. Ýer ýüzüni ýaşyl maýsalara besläp gelýän baharda ylham bar, jady bar. Ynha, şol jadylaryň biri hem şular ýaly ajaýyp günlerde mährem enelerimiziň, zenanlarymyzyň, uýalarymyzyň baýramçylyklarynyň bellenilip geçilmegi – biziň mährem enelerimize döwlet tarapyndan goýulýan uly hormatdyr. Dünýä ýurtlarynda bellenilip geçilýän bu baýramçylygyň bahar paslynda bellenilmeginiň özboluşly sebäbi bar. Ol sebäp bolsa zenanlaryň zähmete bolan hukuklarynyň goralmagydyr. Her bir zenan ýaşaýyş-durmuş üpjünçiligine mynasyp bolmaly diýen düşünje bolýar. Her paslyň özüniň reňki bilen Ýer ýüzüne nur saçyşy ýaly, her ýurtda bu baýramçylyk öz däpleri esasynda bellenilip geçilýär.Ähli ýurtda bolşy ýaly, bu baýramçylyk Arkadagly Serdarymyzyň saýasynda tämiz howanyň gözelligine gözellik goşýan, guşlaryň sesi ýaňlanýan, Günüň ýer ýüzüne öz şöhlesini saçýan pasyllaryň biri bolan bahar paslynyň ilkinji günlerinde bellenilip geçilýär. Ýurdumyzda her bir zenan bu pasylda açylýan güllere deňelýär.Her bir gülüň özüniň owadanlygy bilen ýer ýüzünde ynsan kalbyndan orun alýar. Şol sebäpli hem zenanlarymyz ýaz paslynda açylýan owadan güle deňelýär. Ýazyň görki-zenandyr, zenan görki-aýandyr. Zenanlaryň waspy bu gün dillerde dessan. Nurana keşpli enelerimiziň, güler ýüzli gelnejelerimiziň, açylyp oturan güle meňzeýän gyz uýalarymyzyň waspyny şahyrlarymyz hem öz galamlaryndan düşürmändirler. Enelerimiziň kalbynyň gözelligini şahyr Gurbannazar Ezizow şeýle wasp edipdir: Eneler jomartdyr, giňdir eneler, Olar kyn pursatyň kömege geler. Ömürboýy oňa beren jebriňi Ahyr bir söz üçin bagyşlap biler. Beýik akyldar şahyr Magtymgulynyň döredijiliginde gelin-gyzlaryň mertebeliligi, päk ahlaklylygy, edepliligi baradaky pikirler öňe sürülýär. Akyldar şahyr: Dünýä ýüzi meňzär duzsuz tagama, Söz içinde gelin-gyz hem bolmasa...-diýmek bilen zenanlaryň ynsan durmuşyndaky ornuna uly ähmiýet berýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň “Enä tagzym – mukaddeslige tagzym” atly kitabynda gelin-gyzlaryň belent adamkärçiligi, maşgala ojagyna wepalylygy: ”uýa”, “aýal dogan”, “ömürlik durmuş hemrasy” diýen manylarda garaýar“ diýip belläp geçýär. Her bir zenan öz gözelligi, mähremligi, mylaýymlygy bilen dört pasly ýatladyp dünýä ýüzüne reňk nuruny saçýarlar. Goý, her bir zenanyň ýüzünde reňk nury solmasyn, zenan kalbyndaky mähirli gün şöhlesi hemişelik nur saçsyn! Aýlar ATAÝEWA Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |