16:14 Ylym-bilim hakynda nakyllar | |
YLYM-BILIM HAKYNDA NAKYLLAR Akylyň bolsa, uzak ýola şöwür et, bilimiň bolsa, bilmedige öwret. * * * Bilim bilen hikmet — altyndan gymmat. * * * Bilmeýän zadyňy kitapdan sora. * * * Älemiň gyragy bolmaz, ylmyň — çägi. * * * Akyl — ylmyň hyrydary. * * * Alym gül getirer, ary — bal. * * * Bilimli — uçar, bilimsiz — gaçar. * * * Hakyky zehin iki daşyň arasynda galsa-da syzylyp çykar. * * * Kitap okamaýan görýänini görer, kitap okaýan dünýäni görer. * * * Okamadyk öküner, dil gysgadyr, sakynar. * * * Öwrenmek bir hünär, öwretmek iki hünär. * * * Ylym almak — iňňe bilen guýy gazmak. * * * Ylymsyz bir ýaşar, ylymly — müň. * * * Hünär — akar bulak, ylym — ýanar çyrag. * * * Işiň ussasy — okamak. * * * Okadym diýme, bildim diý. * * * Ylym — akylyň ýarysy. * * * Ylym akyldan dem alar. * * * Ylym köp, ömür az, geregiňi al — daşa ýaz. Taýýarlan: Maral YHLASOWA. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||