22:54 Ynan | |
YNAN
Zeminime myhsyñ, sütün - asmana, Bagta - güýç, dert bolduñ ýürek gussama, Meniñ söýgi atly ömür kyssama, Kalbyñda bar bolsa çümmük deý ynam, Men seni hiç kime bermerin, ynan. Dünýäñ gursagyny taparyn döre, Köz bolsañ tutaýyn köre sen köre, Dözmezim, bir seni dözerin töre, Düýni, şugni bilen kalbym sygan. Men seni kiç kime bermerin, ynan. Geljegme ynamym, şu güne dalda, Labarint ýollardan çykargyn gel-de, Ýylgyr, gürle bagtym kalpda ýa dilde, Ýöne dymma, dünýäm, barlygam dymar, Men seni hiç kime bermerin, ynan. Ykbala reñk çaýan kebelek läläm, Seniñ barlygyñda ne ajap älem, Bagtymyñ bagtyna özüñ bar hälem, Alnymda Güneş hem Aý bolup dogan. Men seni hiç kime bermerin, ynan. Säherim sen, dowamatyñ guşlugny görüp, duýsak bu dünýäniñ hoşlugny, Senli günleñ berip mydam buşlugny, Ýaşasak bir bolup "Söýgi hem Ynam," Men seni hiç kime bermerin, ynan... Aýdym aýtdym ýalñyz çagym hiñlene, Şahyr boldum duýgularym diñlene, Gelse-gelsin ömür ölme deñlene, Ruhum tenden gidip goragña yñar, Seni asla, asla bermerin, ynan. Ahmet ARAZOW. | |
|
√ Garyp köñlümiñ soltany / Goşgular - 21.02.2024 |
√ Düýş hem ýagyş / Goşgular - 09.01.2024 |
√ Wiswisi lakamly obadaşymyň ömür beýany / Goşgular - 25.03.2024 |
√ Meniñ monologym / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Alabahar / Goşgular - 21.03.2024 |
√ Siziñki / Goşgular - 30.01.2024 |
√ Hasap / Goşgular - 18.02.2024 |
√ Günüñ monology / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Sowuk söz / Goşgular - 31.01.2024 |
√ Çarwa arabyñ söýgüsi / Goşgular - 10.02.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |