23:22 Ynsan ömri | |
YNSAN ÖMRI
Bir gün Musa pygambere Alladan owaz gelýär: “Eý, Musa, Günüň dogýan tarapyna ýöre!”. Musa pygamber şol tarapa ýöräberýär. Ilki bilen, öňünden ýaşyl begres bolup oturan mawyja gülli ýorunjaly meýdan çykýar. Ýorunjanyň ortasynda bir sygyr bar, ýöne gaty hor eken. Ýene ýöräp barşyna takyr ýerde endamy ýalpyldap duran sygra duşýar. Şol gidip barşyna Musa pygamberiň öňünden bir jam doly altyn çykýar. Musa pygamberiň altyndan alasy gelýär. Goýmadygyny götermäge, Ýaradanyň ýolundan daş düşmäge bogny ysmaýar-da, ýoluny dowam etdirýär. Görse, şildiräp akýan çeşmäniň başynda owadan gelin otyr. “Gel” diýip Musany ýanyna çagyrýar. Musanyň hem bu näzeniniň ýanyna barasy gelýär. Ýene-de paýhas üstün çykýar. Musa gelinden sowlup geçýär. Ine-de, arkasy agyr haltaly küýkerilip, zordan ýüküni göterip barýan garry öňünden barýar. Musa pygamber: “Atam, ýüküňizi men göterişeýin. Ber bäri ýüküňizi” diýýär. “Bu ýük gaty agyr ýükdir. Bu ýüki hiç bir adam göterip bilmez, oglum” diýip garry öz ýoluny dowam edýär. Musanyň togalanyp barýan ik bilen ýumaga gözi düşýär. Ýumak çöşlenýär, igem saraýar. Musa bularyň yzyndan gidip barşyna guýynyň üstünden barýar. Şol ýerde Musanyň münüp gelýän aty ürkýär-de, Musa guýa gaçýar. Guýynyň ortasynda köpri bar eken. Şol köpriniň iki gapdalyndan hem alakalar kertip barýan eken. Musa bu zatlara haýran galyp durka Alladan ýene owaz gelýär: — Musa, gören-eşidenleriňi beýan et! Musa ähli wakalary gürrüň berýär. Allatagala bu syrly wakalaryň manysyny mälim edýär: — Gülli ýorunjanyň içindäki hor sygyr, ol baý adamyň keşbidir. Ol adam toplan baýlygyny ne-hä iýer, ne-de içer, ne-de haýyrly işe sarp eder. Tapanyny ýygnap, ýygşyryp goýar. Tekiz ýerdäki ýalpyldap duran sygyr bolsa garyp adamyň keşbidir. Ol adam şükürlidir, kanagatlydyr. Tapanyny iýer-içer, ertiri üçin ýagşy umytda bolar. Ol gören bir jam altynyň gursagyňdaky imanyňdyr. Çünki, imanly adamyň derejesi altyndan-da gymmatdyr. Çeşmäniň başyndaky gelinem şeýtandyr. Azdyrany özüniňkidir. Şeýtana gol beren adam yzyny tapýan däldir. Agyr haltaly ýegşerilip barýan ýaşulynyň keşbi günäňi aňladýandyr. Günäni bolsa, adam ogly çekip-çydap göterip bilmez. Çolaşyp barýan ik bilen ýumak çarhy pelekdir. Ol hiç kime tutdurýan däldir. Guýynyň içindäki köpri, onyň iki ýanyndan kertip barýan alakalar bolsa ynsan ömrüdir. Ynsanyň ömri kertilip barýandyr. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |