08:30 Ynsap synagy | |
YNSAP SYNAGY
Ol gyz howlukmaç ulaglaryň üýşüp duran ýerine geldi. Bir ulagyň sürüjisi bilen gürleşip, ylalaşdy-da, baryp münmäge durdy. Ulag eýesi ýene-de bir-iki adam garaşmak isleýändigini aýtdy. Gyz razylaşdy. Telefonyna gelen jaňa jogap berip oturyşyna, sürüjiniň yzyna dört adam tirkäp gelýändigini görüp geň galdy. Sürüji gelşine ýagdaýy düşündirmezden ötri, gyza ulagdan düşmegi gödek sözler bilen buýruk berdi. Gyz birbada gaharlansa-da, onuň bilen uzak dawalaşyp durmady. Bir-iki agyz sözden sürüjiniň nähili adamdygy aýan bolupdy. Gyz ýüklerini ulagdan düşürdi-de, gapyny bilgeýşleýinmi ýa-da säwlikden gaty ýapdy. Gahary gelen sürüji: -Ýuwaşrak ýap, bahasy senden gymmatdyr bu ulagyň-diýip azgyryldy. Gyzyň gahary beýnisine urdy: -Dogry, seniň bu ulagy menden gymmatly saýjagyň şübhesiz. Az wagt öň sen maňa puly wyždanyňdyr nebsiňden ilerde goýýanyňy subut etdiň ahyry... Gyz ugruna gitdi. Sürüji gyzyň yzyndan seredip durşuna, agyr oýa batdy. Ne gyzy saklady, ne-de ýoluna gitdi... Hawa, halallyk her kärde möhüm. Ynsap synagy käte ýönekeýje bolýar, şonuň üçin ondan geçip bilmän galýan pursatlarymyz az däl!.. Güller ANNAÝEWA, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä filleri institutynyň Gündogar dilleri we edebiýaty fakultetiniň koreý dili hünäriniň 1-nji ýyl talyby. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |