08:47 Ýürek ýuwujy serişde | |
ÝÜREK ÝUWUJY SERIŞDE
Ýazyjy Orazmyrat Myradowyň “Ölçeg taýagy” kitabynda adybir oýlanmany okamsoň bir sorag meni günüme goýanok. ”Eje ýüregimem ýuwsana!” diýýär çagajyk. Eýsem ýürek ýuwujy serişde nämekä?! Bu ejeleriň çagalara zyýansyz hasaplap ulanýan akja sabyny ýa türkmen önümleri “Aknur” we “Aýnur” kir ýuwujy serişdeleri däldigi ikuçsyzdyr. Ýa-da “her biri utuşly” diýip satylýan “Ari” hem däl bolsa gerek. Ýeri onda ýüregi ýuwýan serişde nämekä?! Dadyma gök asman ýetişdi. Guýdy çagbasyny şabyrdadyp. Tozan basan otlaryň çaňlary ýuwlup, ýüzünde der dänejikleri ýaly ownuk damjalary ýapraklar uzak saklady goýnunda. Görle muny, howada üýtgeşik. Göýä arassalygyň tämizligiň ysy ýaly bolup ýakymlylyk eçilýär demiňe. Eger zemini ýagyş ýuwýan bolsa ýüregi gözýaş ýuwýandyr diýen pikir doldy serime. Gahardan hum ýaly çişip durkaň ýa öýkeden ýüregiň ýarylara gelip duran bolsa agladygyň ýeňleýäň. Wagtlaýyn duýgularyň basym geçýär. Göýä ýaprakdaky tozanjyklar ýaly kalbymyzda ujypsyzja ýaňy dörän kütek duýgular ýuwlup ýok bolýar. Ýagyşdan soňky howa kalbyňa ornaýar. Ýüregimizi ejemiz çagakak kän ýuwandyr belkem. Diňe arassa hem päk duýgular bilen ulalmagymyzyň aladasyny edendirler hökman. Ýene-de käteler özümiz ýüregimizi köne gahardan, öýkeden, görüplikden, ýigrençden... ähli erbetliklerden tämizläp durmagymyz gerek. Aglamagy ejizlik bilmän ýüregimizi gözýaşa ýuwup durmagymyz gerek. Güljahan ATAÝEWA, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |