00:47 Zenan bezegi | |
ZENAN BEZEGI
Bilşimiz ýaly, türkmen halkynyñ gyz-gelnine ýaraşýan kämil häsiýetleriñ biri hem parastlylyk bolsa gerek. Türkmen halky gyz maşgalany ýaşlygyndan başlap edeplilige, paýhaslylyga, ahlak gözelligine terbiýeläp gelýär. Gadymdan gaýdýan bu gözelligi aýap saklamak häzirki wagtda hem türkmen gyz-gelinleriñ paýyna düşýär. Taryhda türkmen zenanlarynyñ gaýduwsyzlygyny birnäçe taryhy deliller bilen hem-de eserlerde ýazylýan zenan keşpleri bilen görkezmek bolar. 1879-1881-nji ýyllar aralygynda bolup geçen Gökdepe söweşinde hem zenanlaryñ gaýratlylygy, Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda tylda galyp çyn ýürekden yhlas siñdirip, frontdaky balasydyr, ýaryna garaşyp edermenlik görkezen zenanlar türkmen ojagynda terbiýelenýän her bir gyz çaganyñ tugy hasaplansa gerek. Taryhda ýaşap geçen Tumar şa hem öz göbek gany daman topragyny, zürýady ogluny ýitirsede ganym duşman eline bermän taryhda beýik at galdyrdy. Osman Ödäýewiñ "Altynjan hatyn" eserinde hem zenan wepalylygyny, parasatlylygyny, görelde boljak asyllygy görmek bolýar. Türkmen halkyna ruhy goldaw bermekde nuruny çaýýan "Görogly" şadessanynda Agaýunus periniñ keşbi parastlylykdan hem-de akyl kämilliginden ybarat bolan zenany suratlandyrýar. Agaýunus periniñ öz gezeginde Görogla berýän ündewleri Göroglyny bela-beterlerden goranmaga ýardam berýär. Bu bolsa Agaýunus periniñ keşbiniñ türkmen gyz-gelinlerine şam-çyrag hökmünde hyzmat edýär. "Görogly" şadessanynda hereket edýän gahryman Harmandäliniñ obrazy hem gaýduwsyzlygyñ we garadan gaýtmaz batyrlygyñ nyşany hökmünde görmek bolýar. Kerim Gurbannepesowyñ "Aýal bagşy" poemasy hem zenanlaryñ mertebisini il içinde arşa goterýän eser hasaplamak bolar. Aýal bagşy astynda herekt edýan gahryman bolsa eli hünärligiñ beýik saz sungatyna garyşan nepisligi açyp görkezmegi başardy. Dessanlarymyzda gözelligiñ hem-de nepisligiñ, ajaýyp gaýtalanmajak söýginiñ eýesi hökmünde janlanýan keşpleri ýagny, Leýlini, Aslyny, Züleýhany, Zöhräni, Saýatlyny, Hüýrlukgany, Gülruhy agzamak gerek. Bu gahrymanlar şadessanlarda dörän keşpleri bilen ynsan kalbyna girdiler we öçmejek yz goýdular. Ýokarda ady agzalan keşpler we taryhy gahrymanlar türkmen zenalarynyñ abraýynyny arşda baýdak dek parlatdylar. Parasatlylygy hem-de asylzadalygy öz ganyna siñdirdiler. Bu parasatlylyk asyrlardan - asyrlara uzap türkmen gelin- gyzlarynyñ abraýyny has-da beýige galdyrjak ýüzüniň tuwagy bolan asylly gylyklaryň naýbaşysydyr. Bahargül BOŽŽAÝEWA, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýw dilleri institutynyň talyby. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |