08:00 1984: Oruell meşhur distopiýasyny çola adalaryñ birinde nädip ýazdy? | |
1984: JORJ ORUELL MEŞHUR DISTOPIÝASYNY ÇOLA ADALARYÑ BIRINDE we ÖLÜM ÝASSYGYNDA ÝATYRKA NÄDIP ÝAZDY?
Edebi makalalar
"1984" romanynyñ çap edilmeginiñ ýetmişinji ýylynda ýarawsyz ýatan meşhur ýazyjynyñ naýbaşy eserini nädip ýazyşy hakda Jorj Oruelliñ amerikan neşirçisi "1984"-iñ adynyñ awtoryñ kitaby ýazan ýylynyñ soñky sanlaryny üýtgetmegi bilen dörändigini aýtmagy gowy görerdi. Onuñ pikiriçe, ýazyjy bu romany rehim-şepagatsyz we totalitar döwletleriñ jümle-jahana hökmüni ýöredýän, onçakly daşda däl geljegini öñünden çaklap ýazypdyr. Dogry düşündiriş hem bolup biler, ýöne beýle baha 1949-njy ýylyñ 8-nji iýunynda çap edilen eseriñ awtory Oruell tarapyndan hiç wagtam oñlanmady. Hakyky ady Erik Artur Bleýr bolan Oruell Sowet Soýuzynyñ fabl görnüşindäki allegoriýasy bolan "Malýatak" (1945) eseriniñ gazanan üstünligi bilen giç gelen edebi şan-şöhratyna garamazdan, XX asyryñ saýlama eserlerinden bolan romanyny ýazmaga başlanda ýarawsyzlykdan ejir çekýärdi. Gury süñk bolup galan we saglygyny ýitiren Oruell histerektomiýadan gelip çykýan komplikasiýalar netijesinde 1945-nji ýylyñ mart aýynda tarpa-taýyn aradan çykan aýalyny ýasyny tutupdyr. Oruelliñ "The Observer"-den bäri tanaýan dosty we redaktory Dewid Aştor hemme zady ýatdan çykarmagy üçin Şotlandiýanyñ çola Ýura adasyna gitmegi maslahat beripdir. Aştor Barnhilldäki köne mülk ýerine kireýne goýberer ýaly adam gözleýän pomeşik Robin Flezeri tanaýan eken. Dostunyñ maslahatyna eýerem Oruell 1946-njy ýylyñ maý aýynda uýasy Awril we ýaş ýazyjy Paul Potts bilen birlikde ýany az-kem goş-golamyny we kiçijik çemodanyny alyp ýola çykypdyr. Birnäçe gazet üçin ýöredýän korrespondentliginden we kitap tankytçysy wezipesinden höwes bilen çykypdy. Onçakly razy bolmasa-da, ogullygy Riçardy enekesi Susan Watsonyñ ýanynda Islingtondaly öýünde goýup gaýdypdyr. Barnhilldäki öýüñ adanyñ demirgazyk çüñkünde bolan dört ýatakhana otagly öñ adam ýaşamadyk öýdügi belli bolupdyr. Elektrik togy, telefon, poçta aragatnaşygy ýok. Iñ ýakyn hassahana üçinem Glazgowa gitmelidi. Bu ýere gelmek howanyñ iñ gowy wagtynda-da howply görlüpdir. Oruelliñ dünýä bilen ýeke-täk baglanyşygy zarýadly radiosydy. Naharyny peçde bişiripdir we agşamlaryna güýçli gaz çyrasy daş-töweregi ýagtyldypdyr. Häzir çykarýan wiskileri bilen meşhur bolan Ýura adasynda şol wagt bary-ýogy 300 adam ýaşapdyr, emma onuñ el degrilmän ýatan gözelligi ýazyjy üçin ideal ýerdigini subut edipdir. Oruell ilkibada 1946-1947-nji ýyllardaky gazaply gyş paslyndan gaçmak üçin Londona gitmeginiñ yzysüre körpe ogly bilen bile Ýura gaýdyp gelipdir we howlusynda güýmenmekden, deñziñ kenarynda skumbriýa we pikşa balyklaryny, deñiz leññeçlerini tutmakdan, aw tüpeñi bilen towşam awlamakdan keýp almaga başlapdyr. Özüni ýeterlik derejede güýçli duýup başlanda wagtynyñ köpüsini otagynda "Ýewropadaky iñ soñky adam" adyny beren romanynyñ üstünde işläp geçiripdir. Başga wagtlaram ýanyna bir çäýnek doly sowuk kofesi, ernine gysdyran işlenmedik temmäki bilen doldurylan orama çilimi bilen düşegine gyşaryp döredijilik bilen meşgullanypdyr. Fotosurat: Reuters Oruell Ispaniýanyñ Graždanlyk urşundan soñ dil bilen guralýan köpçülikleýin manipulýasion ähtimallyklar, gara güýjüñ erbet maksatlar üçin ulanylmagy we diktatura temalarynyñ üstünde kelle döwüpdir. Emma ol bu pikirleriniñ Faşistik Germaniýanyñ ýeñilmegine garaşyp ýörkä, Ýosef Staliniñ, Uinston Çerçilliñ, Franklin Delano Ruzweltiñ dünýäni bölende gören 1944-nji ýyldaky Tähran konferensiýasy bilen ymykly tassygyny tapandygyny aýtdy. Oruell Uinston Smitiñ başdan geçirýän erbet ýagdaýynyñ üstünde pikir edip ýörkä, tasdan ölümi bilen soñlanjak heläkçiligi başdan geçirýär. 1947-nji ýylyñ awgustynda açyk howaly tomus gününde Ýura adasynyñ kenarynda gaýykly deñziñ içine biraz gidende, adamlary holtumyna dykmak bilen at gazanan "Corryvreckan" çöwlümine gidip, tasdan gark bolup ölýärdi. Oruell buz deýin suwuñ içine çümdi we ýüzüp halas bolmagy başardy. Emma sowugyñ öñdenem gowşak öýkenini mazaly zaýalamagynyñ öñüni alup bilmedi. Yzyndan ýakynlaryny gorka goýan üsgülewügi başlady. 7-nji noýabrda "1984"-iñ birinji nusgasyny ýazyp gutarandan soñ saglyk ýagdaýy hasam peseldi. Şoña çenli ol kömek soramakdan gaça durupdy. Oruell Noel gününiñ öñisyrasy ahyrsoñy Gündogar Kilbriddäki "Hairmyres" hassahanasyna ýerleşmäge razylyk beripdir. Oña bu ýerde öýkeniniñ ýokarky bölegine hroniki fibrotok tuberklýoz diagnozy goýlupdyr. 1948-nji ýylyñ iýul aýyna çenli gözegçilikde saklanan ýzyjy soñky güýzde işlerini dowam etdirmek üçin Ýura adasyna gaýdyp gelipdir. Biografiýa ýazyjysy Dorian Linskiniñ pikiriçe, orginal tekste girizilen üýtgeşmeler bilen "gorkunç bulaşyklyk" döreden Oruell eserini hepdäniñ ýedi güni, günde dört müñ söz ulanyp eserdeñlik bilen täzeden ýazdy. Gazaply gaý-tupanlary, şemallary başdan geçiren öýünde temperaturasynyñ galmagy we ganly üsgülewükler bilen geçiren günleri ondan gaty köp zady goparyp aldy. Roman dekabr aýynda ýazylyp gutaryldy. Oruell düşegine süýnmänkä bir bulgur şerap içdi. Ýazyjy halys tapdan düşüpdi. Soñra 1949-njy ýylyñ ýanwar aýynyñ başybda adadan iñ soñky gezek çykyp gaýdyp, öñ maslahat berilişi ýaly Glosterşir Kranhemdäki sanatoriýa ýerleşdi. Oruell Aştora ýazan hatynda "Bärde menden başga hemme zat gowy" diýdi. Keseli ýokuşaýmasyn gorkusy bilen ogluna görkezilmän saklanypdyr. "1984" şol tomus gyzgyn seslenme döretdi. Oruell kitabyndaky Žuliýa obrazynyñ prototipi bolan Sonýa Brownell bilen "University College" hasahanasyndaky palataaynda nikalaşdy. Aştor nika şaýady hökmünde onuñ ýanynda bolupdyr. Yzyndan ýanwarda aradan çykdy. Bary-ýogy 46 ýaşynda aradan çykan Erik Artur Bleýr Oksfordşirdäki Satton Korteneý raýonynda ýerleşen "All Saints" buthana gonamçylygynda jaýlandy. Romany aýratynam Donald Trampyñ ABŞ-nyñ prezidenti bolan wagtyndan bäri "hakykatdan soñky" XXI asyrda täze gymmata eýe bolup, syýasy we sosial çykyşymyzyñ bir bölegi hökmünde ýaşaýar. 2017-nji ýylda "The Guardian" gazetine interwýu beren Riçard Bleýr şeýle diýipdi: "Meniñ kakam häzir aýatda diri bolsa, Donald Trampdan ironiki görnüşde keýp alardy. Ençeme ýyl öñ döreden obrazyma meñzeş biri bar eken diýip pikir edip bilerdi". Jo SOMMERLAD. Ýekşenbe, 09.06.2019 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |