23:30 Aýaldan pygamber bolubilermi? | |
AÝALDAN PYGAMBER BOLUBILERMI?
Edebi makalalar
Musulman alymlarynyñ fykh däbi arkaly bassyr-bussyr edýän möhüm meseleleriñ biri-de "aýal pygamberler" temasydyr. Umuman alanda, aýal pygamberiñ bolmajagy barada gutarnykly gelinen netije ýok. Emma bu baradaky garaýyşlaryñ, maglumatlaryñ üstüni gömüp, üns merkezinden gyrakladyp bilipdirler. Ýogsam bolmasa, Kuranyñ esasanam Hezreti Merýem hakyndaky kyssasynda wahyý perişdesiniñ onuñam ýanyna gelip gidendigini açyk-aýdyñ beýan edilýär: "...Bu ylahy habarda Merýemi-de ýat et. Hany, ol maşgalasyndan çykyp, gündogar tarapda bir ýere çekilipdi, özüni olardan çetde saklaýardy... (Perişde): "Men diñe Rebbiñ ilçisi" - diýdi. "(Ol Reb), saña päk ogul peşgeş etjek (diýýär)." [b](Merýem süresi / 19:16-20)[/i Wahyý perişdesiniñ (aýat getirýän perişde -t.b.) pygamberlerden başga hiç kimsä ugradylmandygyna seredenimide, Hezreti Merýemkñem pygamber bolandygyna şübhelenip bolmaz. Hezreti How enemiz bilen bir hatarda köp sanly aýal pygamberiñ ýaşap geçendigi mälimdir. Muña garamazdan şular ýaly hakykatyñ din arkaly bukuljak bolunmagy we aýala alagöz garalmagy hakykatdanam düşnüksiz ýagdaý. Meniñ pikirimçe, munuñ sebäbi aýalyñ ýolbaşçy bolmagynyñ öñüni almak üçin edilen zat. Şeýtmek bilen aýal başlyk, döwlet baştutany, kazy, mufti, häkim ýaly dolandyryjy we täsirli häkimiýet mümkinçiliklerini berýän wezipelerden daşda saklanypdyr. Şeýle wezipelere ýeten aýalyñ äriniñ guly bolmajagy ýa-da ärine hyzmat etmejegi belli bolansoñ, ýolbaşçy wezipeleriñ dini ulanmak arkaly aýala gadagan edilmegi iñ amatly ýoly bolupdyr. Şeýdibem "ärine boýun bolmak" düzgüni aýalyñ depesinde taýak döwmegiñ açaryna öwrülipdir. Bu boýunça toslanyp tapylan ýüzlerçe hadys bar. Hatda Kurany-Kerimiñem "patriarhal" we "erkek merkezli" terjime edilmegi hem-de tefsir berilmegi-de şeýle garaýşyñ dini medeniýet formasyna öwrülmegine uly goşant goşupdyr. Şeýle ýagdaýda aýalyñam pygamberlik ýaly ylahy missiýa mynasyp görülendigi, onuñ Allanyñ ýanynda "adamkärçilik" we "takwa jogapkärçiligi" baglanyşygynda erkek bilen deñdigi hakdaky hakykaty iñ bolmanda amal etme taýdan aradan aýrylypdyr. Hakykatlaryñ haçanam bolsa bir gün orta çykmak ýaly kejir hüýüniñ bardygy ýatdan çykarylandygy üçin aýalyñam hemişe erkege boýun egip ýörjegi çak edilendir. Ibrahim Sediýany ýaly ylmy-barlagçynyñ günleriñ bir güni öñe çykyp "Aýal pygamberler" ady bilen üç jiltlik eser ýazjagyny akyllaryna-oýlaryna getiren däl bolarly. "Nefel" neşirýatynda çapdan çykan kitaba "müñlerçe ýyllyk tabulary ýykýan, süññümize ornap, kök salyp giden fanatizmi we partiarhal-erkek agalyk sürüji añyýeti ýer bilen ýegsan edýän üýtgeşik eser" diýip, baha berilýär. Sediýani, eseriñ maksadyny-da şeýle düşündirýär: [i]"Yslam dünýäsiniñ şu günki yzagalaklygyndan gutulmagy we täzeden janlanmagy üçin birinji gerek zat aýdyñlanmakdyr (renessans, ýagny, gaýtadan döremek, silkinmek, galkynmak -t.b.) Aýdyñlanmak üçinem birinji nobatda öwrenmeli zat - aýala hormatdyr. Adam diýilýän jandaryñ bu dünýäde ýetip biljek iñ ýokary derejesi bolan pygamberlik derejesine aýallary-da mynasyp görmegiñ özi yslam dünýäsinde aýallara garşy gönükdirilen şahsy gatnaşyklaryñ, aýaly "pes adam" ýa-da "ýarym akylly" saýýan pekge añyýetiñ, aýallara garşy negatiw diskriminasiýanyñ, aýala garşy sütemkärligiñ we basyşyñ öñüni alyp biler". Hakykatdanam, aýalyñ orny, aýala alagöz seretmek, kemsitmek, urup-ýençmek, sögmek, basyş etmek diñe biz musulmanlaryñ däl, bütin dünýäniñ iñ wawwaly meseleleriniñ biridir. Biz musulmanlar üçin iñ uly utanç - aýala garşy şahsy gatnaşygyñ we urup-ýençmeleriñ yslamdyr Kurana goldanyp amala aşyrylmagydyr. Hudaýa, yslama we Kurana töhmet atmakdan ýaman zulum, utanç bolubilermi? Aýaly kemsitmehiñ, urup-sögmegiñ gollanmasy yslam bolup bilermi, heý? Diniñ we din adamlarynyñ Kurany ýoýmagyny, hadys toslap tapmalaryny, galp fetwalaryny yslama dahylly etmegiñ ahlak we wyždan taýdan hiç hili tutarygy ýok. Şeýle ahlaksyzlyk dini ýoýýanlara, özlerinden hadys oýlap tapýanlara we fetwa berýänlere degişli. Gynansak-da, şu ýüzigaraçylygy dogry hasaplaýan birtopar musulman bar Ýurdumyzda-da dini işler ministrligi bulen bir hatarda tarykatlar, jemagatlar, medreseler, ymam hatyp mekdepleri, guramaçylykly dini toparlar şeýle adamlary gylawlandyrmaga dowam edýärler. Progressiw musulmanlaryñ, intellektual ulamalaryñ we ylahyýetçi intelligensiýanyñ şeýle ýüzigaraçylygy aradan aýyrmak üçin alyp barýan göreşleriniñ ýeterlik däldigi görnüp dur. Sediýanyñ ajaýyp ylmy işi bilen şol göreşe uly goşant goşjakdygyna ynanýaryn. Kitap zenan pygamberler boýunça ýazylan düýpli we diñe musulmanlar üçinem däl, beýleki dinner üçinem ilkinji işleriñ biridir. Neşirýat hem bu hakda şeýle beýanat berdi: "Pygamberler hakdaky bu kitap pygamberleriñ ömri we alyp baran göreşleri hem-de ähli dinlere (musaýylar, isaýylar, yslam, otparazlyk, ezidilik, maniheýizm, hinduizm, buddizm, şintoizm), ähli mukaddes kitaplara we ýazgylara (Kuran, Injil, Töwrat, Talmut, Awesta, Hadyslar, Midraşlar, Ikan, Tibet ölüler kitaby), ähli antiki ýazuw ýadygärliklerine (şumer ýazgylary, müsür ieroglifleri, Amarna hatlary, Ölideñiz pergamentleri we babyl, şumer, med, mitanni, hett, gadymy müsür ýazgylary), ylmy eserlere (arheologiýa, taryhy eksponatlar) goldanyp ýazylypdyr. Şular ýaly düýpli iş mundan öñ edilmändigi üçinem eliñizdäki kitabyñ gymmaty uludyr". Kitap tekjämizi bezäp biljek bu düýpli eseriñ aýratynam diniñ taryhyny öwrenijiler üçin gymmatly gollanma boljakdygy belli. Şeýle düýpli işiñ hötdesinden gelip bilendigi üçin awtory we kitaby çap eden neşirýaty tüýs ýürekden gutlamak isleýän hem-de awtoryñ şu sözüne goşulýandygymy-da aýdasym gelýär: "...Aýallaryñ kemsidilýän, äsgerilmeýän mirasyndan adamzat siwilizasiýasyna bähbitli ýagty ertirimizi gurup bilmeris. Adamzat prinsipleriniñ beýgelmegi, ýer ýüzünde hoşgylawly we adalatly durmuşyñ ornaşmagy, siwilizasiýanyñ derejesiniñ ýokarlanmagy diñe aýala goýulýan gadyr, aýalyñ belende göterilmegi we mynasyp ornuna galdyrylmagy bilen mümkindir". Abdylbaky ERDOGMUŞ / @ab_erdogmus Ýekşenbe, 22.05.2022 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 5 | |||||
| |||||