16:00

Saza goşup aýtmak üçin ýazylan iki goşgy

Goşgular
Категория: Goşgular | Просмотров: 646 | Добавил: ibrahimbadakhshan | Теги: Ybraýym Badahşan | Рейтинг: 4.8/5
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Aýşy-eşret çagynda / Goşgular - 20.08.2024
Nähili sen? Sen nähili birehim? / Goşgular - 27.08.2024
Peýda ýokdur, eý, köňül, yşky-peri ruýdan saňa... / Goşgular - 08.09.2024
Arzuwlar / Goşgular - 07.08.2024
Güljahana iberilmedik goşgy / Goşgular - 06.07.2024
Salam, Türkmenistan! / Goşgular - 01.01.2024
Ahunyň jogaby / Goşgular - 19.11.2024
Ylym kelamda / Goşgular - 23.07.2024
Puluň başarnygy barada agymtyl goşgy / Goşgular - 10.01.2024
Rep goşgular / Goşgular - 06.08.2024

Teswirleriň ählisi: 16
0
1 ibrahimbadakhshan  
Makalaň awtory
Kitapçynyñ hormatly agzalary,
Šu iki sany aÿdym gošgulary, meniñ eserlerimden šu ÿerde goÿulan iñ soñkulary bolar. Sebäbi bu websaÿtda 100-e- 90 mezenne Rusça ÿazgylar paÿlašylÿar. Menem gynanç bilen beÿik Rus halkynyñ dilinde kän sowadym ÿok, okap bilmeÿärin. ikinji sebäbi, ÿene meniñ özüme öwrülÿär, Meniñ ÿazÿan gošgy formalarym Ata watanda garšy alynmaÿar, Kitapçynyñ sahypalaryna ÿük bolup durmak gelšiksiz. Elbetde diñe Türkmenisnda däl, bašga ÿurtlaryñ Türkmenleri hem šeÿleräk. Garaz olary okap hezil alÿanlaryñ sany barmak sanardan köp däl. Bu ÿerde bašgaçarak garšy alarlar öÿdüp tamam bardy, bolmady. Śu wagta çen ÿazan synlarymda biriñiziñ göwnüne degen bolsam, tüÿs ÿürekden ötünç soraÿaryn. Bu ÿerde gowy eserler okadym, köp zatlar öwrendim, Hemmäñizi Tañry ÿalkasyn!

-4
2 Haweran  
411
Ybraýym aga!
Birinjiden, paýlaşylýan rusça eserleriñ aglabasy türkmenler, taryhymyz, Orta Aziýa halklary, yslam geografiýasy b.n baglanyşykly eserler, şeýle-de Orta Aziýanyñ rus dilli ýazyjylarynyñ eserleri. Bu eserleri paýlaşmakdan maksat: biziñ ýurdumyz öñki SSSR-iñ çägine girýän ýurtlaryñ rus dilli (rus dilinde ýazýan) edebiýatlarynyñ arasynda iñ yzda barýany. Bu bolsa öz gezeginde häzirkizaman türkmen edebiýatynyñ hiliniñ we depgininiñ pes bolmagyna-da ep-esli täsirini ýetirýär. Munuñ sebäbini we şugunki getiren netijesini kän zatlar bilen düşündirip bilerdik, emma häzir ýeri we wagty däl. Rus dili we edebiýaty - türkmen edebiýatynyñ soñky 100-110 ýylynyñ sowet we dünýä edebiýatyna çykýan ýeke-täk penjiresidi. Bu "penjire" hem (20-30 ýyl öñ) ýapylansoñ, giñ gözýetimli türkmen okyjysy Gogoly, Puşkini, Lermontowy, Dostoýewskini, Gerseni, Çernyşewskini, Tolstoýy, Şolohowy Ýesenini, Blogy... we ýene-ýeneleri öz ýazylan dilinde okamak mümkinçiliginden mahrum boldy. Rus diliniñ üsti b.n tanşylan Şekspirden, Dikkensden, Mark Twenden, Gýoteden, Geýneden, Şillerden, Danteden, Serwantesden, Rabindranat Tagordan, Gýugodan, Mopassandan... mahrum boldy.
Terjime edebiýaty ullakan NOL. Rus diliniñ çägi daralansoñ, türkmen dilinde döredilýän eserleriñem ýa-da türkmen diline terjime edilýän eserleriñem hili peseldi. (Tema çäkliligi hem munuñ üstesine.) Diñe oba ýerdäkiler däl, eýsem şäher ýerdäki ilatyñam intellektual derejesi peseldi, netijede türkmen ýazyjylary hem öz okyjy gatlagyny ýitirdi. Adamlar kitapdan daşlaşdy. Barha kynlaşýan sosial şertler hem munyñ üstüne... Eger bul aýdylanlarym tersine bolsady, onda siziñem "gowy garşylañzok" diýen erkin goşgularyñyzy "gözlerine sürme edip" okardylar.

Ybraýym aga!
Ikinjiden, bärde göwün edere zat ýok ahyry. Saýt diñe türkmen dilli okyjylara däl, dünýäniñ islendik ýurdundan islendik dilde gepleýän islendik ýazyjy-şahyra, okyja niýetlenen. Ilkinji nobatda, türkmen edebiýatyny, medeniýetini, sungatyny, taryhyny dünýä tanatmakda döwletimiziñ we ýurt ýolbaşçymyzyñ alyp barýan işlerine belli bir derejede biziñem şahsy goşandymyz bolsun diýen asylly maksady ýörelge edinemizsoñ, "Edebiýatyñ dili ýokdur!" diýen jümläniñ hem baş şygarymyzdygyny bilmegiñizi isleýäris.

Bilýän, rus dilindäki eserleri köp-köpdenem goýaýýas, az-azdan goýaýmaly welin... (kime zyýany bar). Gaýtam, ýaş döredijiler ü.n elýeterli çeşme, baý material gory ahyryn.

Şeýle-de, şu saýtda hiç kime eser paýlaşmakda çäklendirme goýlanok. Islän ýazyjy-şahyr gelip (Şol sanda, Sizem), islän zadyny paýlaşyp bilmäge mümkinçilik döredilen. Özümiñ-ä kim haýsy dilde näme eser paýlaşýanam bolsa, garşylygym ýok, esasy zat okyjynyñ ýüzüne tutar ýaly eser bolsa hemem awtorlyk düzgünlerini doly berjaý etse boldugy.

Goşgularyñyz babatda aýdanda welin, ýalñyşýañyz agam. Olary okaýanam kän, halaýanam. Çünki saýt materiallara baý bolansoñ, teswir ýazman diñe okaýan ýazyjy-şahyrlarymyzam, okyjylarymyzam barmak büküp sanardan kän. Olaryñ birnäçesi "teswire güýmensek, birgiden gowy zatlary okap bilemzok" diýip degşip özüme-de aýdypdylar.

Mundan soñam näme, elbetde, gitmeseñiz gowy bolardy, "zarymyz bar, zorumyz ýok", Beýik Allatagaladan dilegimiz, nirde bolsañyzam başyñyz dik, janyñyz sag, galamyñyz ötgür bolsun. Ajaýyp goşgulary döredip, kitapçy saýtynda paýlaşyp (paýlaşjak däl diýseñizem, bulam eýýäm, öz gelen netijäñiz, haýsy pikire eýerseñizem hormatymyz çäksizdir), okyjylaryñyzy begendirip durarsyñyz umydy b.n...
Has TÜRKMEN.

3
3 Bagabat  
43
Gelen-de bardyr

Günde ýüz müň göç hem bolsa ol dünýä,
Ol mukdar bu dünýä gelen-de bardyr.
Ýüz müň akmak bolup gitse raýyna,
Ýüz müň özün ýola salan-da bardyr.


Ýüz müň derwüş syna daglap oturan,
Ryýazatda bilin baglap oturan,
Niçe ýerde görseň, ýyglap oturan,
Ýüz müň ýerde bigam gülen-de bardyr.

Seýran etseň bu dünýäniň tört burçun,
Garyşypdyr halal, haram, arwah, jyn...
Nijeler tämizläp ýol giderler çyn,
Nije ýüz müň gümra bolan-da bardyr.


Ugursyz eýýamlar, aňlamaz ärler,
Käşki soran bolsa, saçaýdym dürler..

Kany ol Süleýman, Rüstemler, şirler
Diýmäň, busup, sypyp galan-da bardyr.

Magtymguly, köňle gaýgy getirme,
Bu bir iş wagtydyr, özüň ýitirme,
«SÖZÜM AŇLAN ÝOK» DIÝP, ÜMSÜM OTURMA,
JAHAN GIŇDIR, ÇENDAN BILEN-DE BARDYR.


Ryýazat – terkidünýälik, durmuşdan el çekmek.

Çeşmesi: https://u.to/mAFqGw 24.06.2021ý.

3
4 mango  
651
Ybraýym däde.
seniň gysgajyk hoşlaşyk hatyňa uzyn-uzyn jogap ýazmak islämok.
aýdan zatlaryň dogry (ajam bolsa, süýjem bolsa...).
goşgularyňa düşünilmeýän bolsa - bu düşünmeýänleriň meselesi.
orsça ýazgylaryň (başga dildäki ýazgylaryň) goýulmagyndan birahatlygymy menem aýdypdym... ol ýazgylary, ýa-da islän ýazgylaryňy ors dilli internetden islän wagtyň tapyp bolýar..... emma, biziň ýazyjy şahyrlarymyzyň metbugatda berip bilen, berip bilmedik eserlerini, täze zatlarynyň goýulmagyna höweslendirilsedi... geçenler bilen däl-de şu günler bilen ýaşalsady...
ýeri bolýa. her kim bilenini edýär, edenini dogry hasaplaýar.
sizem dogrusyny etdiňiz.
siziň maňa hakyňyzyň geçen ýeri ýok.
eger menden göwnüňiz galan bolsa, sizem bagyşlaň.
ýöne, göwnümde siziň ýeriňiz başgadyr.
adresimi bilýäňiz. "gelip duruň", "gapym açykdyr".

0
5 eatayew33  
761
Goşgyň içinden bir ýa-da birnäçe setir mysal getirýänlere özüm garşy bolup gezsemem, şu wagt öz aňymda (nirede okanym ýadyma düşenok) iki setir gaýtalanyp dur:

"Giden wagtyň ýitirmeseň hiç zady.
Hiç zadam tapmarsyň galanyň bilen..."

Dilemmamy? Olam özüňe bagly...

0
6 bbaygeldiyew  
770
Rus dilinde kop mowzuklañ goyulyanlygy ucin gitjek bolyañyz agam...şunça teswirden soñam gitjek bolşuñyz gowy däl...

0
7 eatayew33  
761
Ambisiýasy has güýçli bolan döredijilik adamlaryny esasan näme biynjalyk edýär? Özüniň inkär edilmegimi ýa-da ykrar edilmezligi? "Bularyň ikisem bir zat dälmi?" diýen soragam ýüze çykyp biler. Şeýle (ýüzleý) seretseň, ikisem bir zat ýaly, ýöne filosofiýa kelläňi soksaň, arasynda ýer bilen gök ýaly tapawut bar. Käteler bolsa şeýle bir gülkünç ýagdaýam bolýar: seniň garaşýan ýeke-täk adamyňdan başga dünýä adamlarynyň hemmesi seni geniý diýip hasaplanda-da, şol bir adam seni goldamasa, göwnüň ýene "doýanok" . Hemmesi biderek ýaly. Edil söýgüdäki ýaly-da...
Birwagtlar pikir ederdim: ýazanlaryma dünýäň aňrybaşynda biri düşünýänem bolsa, şoň ýanyna giderdim diýip. Indi nähili? Oturan ýerimdenem butnamaýan. Sebäbi? Sebäbi — ondan soňam ýene müň bahana tapylýar: ol seniň ýaşaýşyňa, dünýägaraýşyňa we s.m.-leriňe düşünenok. Bu zatlar haçan şeýle bolýar? Haçanda nämedir bir zatlar ýa-da kimdir birleri üçin ýazýan wagtyň.
Ibraýym daýy, siz gaty bagtly adam: size, öz aýdyşyňyz ýaly, birnäçe-de bolsa, düşünýän adam bar. Mende birjigem ýok :-)

-2
8 Orhideýa  
719
Õzüni ykrar etdiresi gelmek- adama mahsus häsiýetmikä diýýän. Her ýerde-de, (işde-de, maşgalada-da, dost- ýarlaryñ arasynda-da) GEREKLI bolup ýaşamak, sañä düşünseler.. NÀHILI GOWY!!! Ýöne.. (bagyşlañ) käte (öýkelemekmi ýa aşa ynjyklykmy) adamy heläk edyan duýguly ýazgylary okamda, birde bolmasa, birde şeýle tipli adamlary kän bir halamasam hem.. olary içimden aklajak bolýan (aý, çaga ýaly adamdyr belki... ay, dörediji adam şeýleräk bolýar..). Emma, bular yaly wakalaryñ gaýtalanyp durmagy gaty gelşiksiz yagdaylygynam aýtman durup bilmedim. Başda saýta geläýen döwürlerim hem ýazypdym: bu yerde gaty uly zähmet ýatyr- negiden hazyna bar! Näce wagt, zehin, saglyk... siñdirilip toplanan edebiýatlar!!!
Saýty döretmäge, saklamaga gatnaşan adamlaryñ janlary sag bolsun!
...Emma, birden biri çykýar- giden AGRESSIÝA bilen saýty ýöredýänlere birtopar negatiw zatlar yazýar... ýene biri.. öýkeläre golaý gidermen.. ýene biri "Bu ýerde başgaçarak garşy alarlar öýdüp tamam bardy.." diýip, gitjek bolýar..
...Her gezegem @Haweran (kada- kanunlar barada) janygyp ýa düşundirýän ýa haýyş edýän äheñde giiiden zat ýazýar. Her gezegem düşnükli zada artykmaç wagtlaryny hem nerwlerini sarp edýäne meñzeýärler..
Bu nähili gelşiksiz ýagdaýlar- şunça edebiýatdan azda-kände habardar bolsak, bu zatlara-başga biriniñ uly zähmetine (onda-da biz üçin gerekli zatlara) biperwaý bolmalyñ, adamlar! Her ýerden gözläp tapmaly edebiýaty şu ýerden tapyp bilýänimiz üçin minnetdarlyk duýgularymyzy başga bir geleñsizlikmi ýa adaty bir bolmalysy ýaly zat hõkmünde kabul etmekmi ýaly duýgulara çalyşmalyñ!
Haýsy dilde, nähili eser okamak isleseñ şu ýerden tapyp bolýar. @Mangoñ aýdyşy ýaly- ors edebiýatyny internetden tapyp bolýar-emma, saýta giren ýekeje adam okasa-da, şol edebiýaty şu ýerden okasa, diýmek, bu uly netije. Kim okasy gelmese, @Hyýalkeşiñ edişi ýaly "beýleki mowzuklara geçäýmeli.."
...Dünýaniñ nähili ýazyjy -şahyrlarynyñ içinde Siziñem goşgularynyzy paýlaşýan bu saýtdan gitmäñ, Ybraýym aga! Size bir adam düşünse, şu ýerde düşünerler...
Saýtdaş hökmünde, okyjy hökmünde galyberse, adam hökmünde seslenýän- siz özüñizi taparsyñyz, ynanýan!!!

0
14 Bagabat  
43
@Orhideýa hanym, siziň teswiriňizi ýüz däl müň göterim goldaýan. Bu saýtda @Haweranyň gaty köp zähmeti dur.
Kimdir biriniň zähmetine ha oňyn, ha ýaman baha kesjek bolsak, ilki şol zähmeti ýerine ýetirýän adamyň ornuna özümizi goýup görmeli. Kimdir biri esasy işinden daşary wagtyny sarp edýär, awtorlary gözläp tapýar, gürleşýär, olaryň eserlerini, materiallaryny toplaýar, düzedip, saýtyň kabul edýän formatyna girizýär, üstesine saýtyň poh-püsürden dolmazlygyna gözegçilik edýär...Munuň üçinem gara şaýylyk gazanýan zady ýok, gaýta saýtyň abonent tölegem artykmaç çykdajy.
Maksadam näme?
Edebiýaty ýaýmak. Özi ýaly edebiýat bilen dem alýanlara pikir alyşmaga mümkinçilik döretmek.
Ene dilimizde okamak üçin bolsa bu saýtda müňläp maglumat bar. Agtarmagam aňsat.
Elbetde, kim näme geplände-de hiç kim hiç kimiň agzynam ýumduryp bilmeýär, pikirinem üýtgetmeýär. Sebäbi adamyň bolşy şeýle. Hemişe özüniňkini dogry hasaplaýar.

0
9 Atayew  
493
Biz-ä, Ybraýym aga, sizden köp zada tamakin bolup ýördük. Iň bärkisi türkmen edebiýatynyň naýbaşy eserlerini pars diline terjime edersiňiz, türkmen edebiýatyny dünýä ýaýmakda eliňizden gelenini gaýgyrmarsyňyz öýdüp garaşýardyk. Onsoňam daşary ýurtda ýaşaýan türkmenleriň döredijiligi biz üçin hemişe-de gyzykly. dürli döwürlerde dürli sebäpler bilen dünýä ýüzüne syçrap giden türkmenleriň edebi mirasyny bir ýere toplamak, okyjylara ýetirmek işi henize-bu güne çenli gury gürrüňligine galýar. Bu wajyp meseläni aýdym edinip ýörmän, iş ýüzünde amal edilmegine bireýýäm wagt ýetdi. Şu babatda siz dörediji adam hökmünde belli bir işleri edip bilerdiňiz.

0
10 Myhman0430  
778
Ybraýym akga,

siziň ýazan pikirleriňiz janyma batmak ha däl, hatda bir zat ýazanyňyzy görsem "Ybraýym aga näme diýdikä?" diýip gyzyklanyp okadym. ýa ýazmazmyka diýip garaşan wagtlam hem boldy.

meň ýazan zatlarymdan biynjalyk bolan ýeriňiz bolsa, bagyşlama beýikligini görkezersiňizdä.

maňa galsa ha gitmezligiňizi isleýän. eserleriňzi gyzyklanma bilen okaýan.
onda-da öz kararyňyz. nämäni saýlasaňyzam hormatym uly.
birden gitseňiz, eserleriňizi başga platformada goýsaňyz, goýjak ýeriňiziň adresini goýsaňyz şat bordum. arasynda baryp okar ýaly.

meň e-mailim: lamkan1988@gmail.com

hormatlamak bilen @myhman.

0
16 Sergezzan  
707
Nadip surat goydun yuzine?

0
11 Haweran  
411
"...dürli döwürlerde dürli sebäpler bilen dünýä ýüzüne syçrap giden türkmenleriň edebi mirasyny bir ýere toplamak, okyjylara ýetirmek işi henize-bu güne çenli gury gürrüňligine galýar. Bu wajyp meseläni aýdym edinip ýörmän, iş ýüzünde amal edilmegine bireýýäm wagt ýetdi. Şu babatda siz dörediji adam hökmünde belli bir işleri edip bilerdiňiz....

Kakamyrat aganyñ şu sözüne bir gulak goý, agam...
Soñ haýsy karara gelseñizem, özüñiz bilersiñiz...

Şu saýtdan öñem habarly (we agza) daşary ýurtly türkmen ýazyjy-şahyrlarymyz dr. Muhtar Beýdilini, Gapur Hojany, Abdylla Muhammedini, Emine Törrügi, mirasgär ýaşuly Suhan (Salariniýa) agany, prof. Berdi Saryýewi, agza dälem bolsa kämahal eserlerini ugradyp durýan Abdyrahman Düýejini... ählisini, başga-da Russiýadan, ABŞ-dan, Ýewropa ýurtlaryndan, Özbegistandan, Azerbaýjandan, Gazagystandan, Ukrainadan, Belarusdan... (okaýan, işleýän, ýaşaýan) ýönekeý agza bolup girýän türkmen doganlarymyzy kitapcy.com saýtyna gaýtadan üns bermäge we döredilen mümkinçilikden peýdalanyp, tijenip, bileleşip, uly güýç bilen Kakamyrat aganyñ ýokarky aýdanlaryna şahsy goşantlaryny goşmaga çagyrýarys!

0
12 ibrahimbadakhshan  
Makalaň awtory
Açyklama
Ötenagšam išden gelip, Kitapça girenimde (her agšam edÿän išim), görsem meniñ soñky paÿlaśan aÿdymjyklarymyñ ašagynda birgiden teswir (tefsir) ÿazypsyñyz. Ÿekän-ÿekän jogap ÿazmakçy boldum, görsem uzaga çekjek, šonuñ üçin bir açyklama ÿazmagy makul bildim.
Her bir teswiri okap utanjymdan ÿere girdim. hatjagazy ÿazanyma ökündim, ÿazmaly däl ekenim:
1. Men kitapçydan çykmak niÿetim ÿok, (hošlašamok) diñe gošgy paÿlašmagy bes etjek diÿdim. Sebäbi bu saÿt çykar ÿaly ÿer däl, köp-köp gerekli materÿallar içinde ÿygnalan, köp-köp okamaly eserler bar. Her bir Türkmen edebiÿatçy (hasam Rus dilini bilÿänler) hökman Kitapçydan haÿyrlanyp durmaly. Özüm-ä köp okaÿan.
2. Men ol haty öÿke-kine edip, ÿa-da göwnüme degdiler diÿip ÿazmadym. Ašakda belläp geçišim ÿaly, a) Rus dili eserleriñ sany aša köp bolup, özüm ulanyp bašarmaÿanym ûçin (Elbetde haÿsy dilde bolsa-da degerli esrlerdir), ÿöne dašyndan sayta gelÿän Türkmenler, ony Türkmen hem Türkmenistanyñ saÿty hasaplaÿarlar, šonuñ üçinem Rusça eserleriñ känligi göze dürtÿär we Türkmen eserleiñ üstüni basÿar. (Bu meniñ gözüme, Rusça bilmeÿänim üçin šeÿle bolmagy mümkim!? b) Erkinräk formada ÿazylÿan (hasam meniñ ÿazÿan stilim) garśy alynmaÿandyr öÿdüp, šu netijä geldim. men ÿalñyšypdyryn.
3. Kitapçydan çykyp gitjek ÿerim ÿok, awtorlaryñ gowy eserlerine bašardygymdan syn ÿazyp duraryn. okamagy hem sizden öwrenmegi dowam ederin.
4. Terjimeli gürrüñ örän gowy zat, bir milletiñ edebiÿatynyñ ösmegine uly gošant gošup bilÿän terjime bolup durÿar. Menem ÿek-ÿarym terjime bilen çörñešen wagtlarym boldy. (Türkmen, Arap-Pars, Nederland dilleriniñ arasynda). Išlešip bileris.
5. Gaÿtadan belleäÿin: Men Kitapçy we onuñ agzalaryna (Hasam šu ÿerde hat ÿazanlara) minnetdarlygymy bildirÿärin. Öÿke-kinäm ÿok. šol hatjagazy hem ÿalñyšyp ÿazypdyryn. Bagyšlaweriñ!

0
13 Garayolly1936  
830
Ine, munyñ bolyar, Ybrayym Badahşany. Bu saytdan daşlaşmak baradaky başky pikiriñ meni ( şol sanda KITAPCYNY okayanlaryñ baryny gynandyrypdy. Muny yazylan gowrumli teswirlerden ozuñem añlansyñ. Ybrayym Badahşany, seniñ ince duyga yugrulan şygyrlaryñy men yzygiderli okayaryn. Arman, seyrek goyyarsyñ. Goşgylaryñ formasam (şekilem) ozune yaraşyp duryar.Ykjam, yerli-yerinde yerleşdirilen sozler bilen bezelyan many-mazmun
okyjyda guycli emossiya doredyar. Her goşga ayratyn teswir yazasym gelyar. Hayp, gozlerim tiz ( 64 yaş) yadayar. Şonuñ ucin Kitapcyny koplenc agtyklaryma okadyaryn. Badahşany, koprak yaz, koprak okaly nesip edenden. Omur, durmuş, edebiyat meydanyndaky yollaryñyz ROWAN, işleriñiz ROWACH bolsun Beyik Yaradanyñ sayasynda!

0
15 Sergezzan  
707
Yazyber brat, özem yazanyñda hamala hiçkim okamajak yaly yaz. Dogrysy men-a aslada sen goşgularny okamak, okarnam oydemok. Shonda'da sen haydap yazyber, birnin okamasy zerurmy name

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]