17:43 ''Nekronomikon'' kitaby hakynda | |
''NEKRONOMIKON'' KITABY HAKYNDA
Geň-taňsy wakalar
Gadymy taryhy kitaplaryñ, golýazma eserleriñ belli bir böleginiñ ýitip-ýok bolup gidenigini taryhçy alymlaryñ nygtap geçmedigi ýok bolsa gerek. Şeýle taryhy eserleriñ biri hem okalmagy howply hasap edilýän ''Nekronomikon'' atly kitapdyr. Şol kitabyñ esasy bölegi mistiki şäherler bilen baglanyşykly bolupdyr. Bu kitap gizlin saklanylýan gadymy kitaplaryñ biri bolmaly. Şeýle kitaplar halk arasynda gadym döwürlerden bäri saklanylyp gelinýär. Nekronomikonyñ aslynda birden köp ady bar. Ol hem: ''Araplaryñ kitaby'', ''Ölüleriñ ady ýazylan kitaby'', ''Ölüleri çagyrýan kitaby'' ýa-da ''Dälliredýän kitap'' atlary bilen meşhurdyr. Aýdylmagyna görä kitabyñ ýazyjysy El-Hazret atly Şamly alym bolupdyr. Aýtmaklaryna görä onuñ şolar ýaly kitap ýazmandygyny, ýazan hem bolsa ýönekeý fantastiki, mistiki, hyýaly wakalara, ýa-da bulam bujar sanalýan atlar hakyndadygyny tekrarlaýarlar. Gelip gowuşýan habarlara görä şol kitabyñ 7 jiltden 900 sahypadan ybaratdygy nygtalýar. Kitaby ele geçirip gören adama hökman ugursyzlyk, şowsuzlygyñ bolýandygyna hem ynanýanlar bar. Ýönekeý bir arap ýazyjysynyñ kitaby ýazandygy hakdaky maglumatlar arap çeşmelerinde habar berilmeýär. Nekronomikondan gysgaça gürrüñ bermekçi bolýan zadym kitapda geljegi görmeklik üçin ýerine ýetirmeli işler beýan edilýär. Kitap aýdylşy ýaly hakykatdanam okyjysyny däli edip taşlaýar. Çeşmelere görä kitap Rim Papasy tarapyndan ''Okamak gadagan'' edilýär. Ýöne muña garamazdan kopýalaryny tapsa bolýar. XX asyryñ basybalyjylarynyñ biri bolan Adolf Gitler hem bu kitapdan peýdalanypdyr. Kitabyñ içinde habar berilýän maglumatlarda: Tupandan öñki bolup geçen ynanyp bolmajak hakykatlar ýazylan. El Hazret ýok bolan geçmişiñ iç ýüzüni añladýarka Töwratdaky ýaradylyş bölümi bilen mifologik çeşmeler arasynda meñzeşligi görse bolýar. Kitapda giñ beýan edilýän geçmişiñ we dinleriñ çeşmeleriniñ iç ýüzi we planlanmasy düşündirilýär. Adamzat taýpasy, Ýerden öñ başga bir ýerde bolupdyr. Muña başga yklymdan gelmek diýlip düşünilýär. Neo-Platonist ynançlara görä düşündirilýän Ýere meñzeş ýyldyzlarda özlerine erkin ýaşaýyş şetleriniñ kosmik hiýerarşiniñ öwrüm çyzgylary bilen düşündirilýär. Zamanyñ bildirilişi bolsa üýtgeşik symbollar arkaly, gadymylar bilen gatnaşyk gurup olardan islendik kosmik maglumatlar alyp bolar, şo wagt geçmişe we geljege häkimlik edip bolakdygy kitapda gürrüñ berilýär. Şol bir wagtyñ özünde hem şeýle işe baş goşan adam ýalñyşsa gaty howply boljakdygy hem nygtalýar. Dünýä halky bolsa bu hakda hiç zat bilmeli däldirler. Ýer şaryny heran-haçan pozitiw, käwagtlaram negatiw bir güýç öz täsirini ýetirýär. Bu güýç hem bilmek we çözmekdir. Adamlaryñ Şeýtany bar hasap edişleri, aslynda ol bir negatiw güýç bilen baglanyşykly. Ýöne bu güýji döreden hem adamzatdyr. Adam neslini bu planetada şinelendiren güýçler, bizi dowamly göz astynda saklaýarlar. Eger adamlar olaryñ planyny pozjak bolup bir hokga çykaraýsa, olar herekete geçýärler we bu söweş Gadymy döwürlerde bolup geçen iññän aýylganç katastrofaly wakalar bilen ýüzbe-ýüz bolunsa gerek. Nekronomikon kitaby ine şu zatlar dogrusynda ýüzleý açyp görkezýär. Çarymuhammet SUGTYÝEW | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |