12:40

Absolýut ateizmiñ mümkinsizligi: Tañry düşünjesiniñ köptaraplylygy

Edebi makalalar
Категория: Edebi makalalar | Просмотров: 446 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Aýdyn Topalogly | Рейтинг: 4.0/1
Awtoryň başga makalalary

Edebi makalalar bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 181 2 »
0
1 Bagabat  
43
Ateistler barada henek:
Geçen asyryň 30-njy ýyllary, uniwersitetde mugallym talyplary ylmy ateizmden okadyp otyrmyş. Bir talyp güpürdäp okuw otagyna girýär-de, mugallyma:
-Ýoldaş mollym, enkewedeçiler ýene-de bir mollymy alyp gidipdirler!-diýip gözüni petredýär welin, ateist-mugallym:
-Estagfurulla! Bizi bir Hudaý saklasyn!-diýip pyşyrdapdyr.

0
2 Bagabat  
43
Ýene-de bir henek:
Ylmy ateizmden okadýan mugallym, sapak sorap durka, temany bilmeýän talyba goşmaça ýumuş buýurýar:
-Dünýä edebiýatyndan söweşjeň ateistiň çeper keşbini mysal getiriň!
-Otello.
-Düşündiriň.
-Ol gije öz aýalyndan: "Dezdemona, sen agşam üçin çokundyňmy?" diýip soraýar. Dezdemona oňa: "Hawa" diýip jogap berýärem welin, Otello şonuň üçin ony bogup öldürýär. biggrin

0
3 Bagabat  
43
Ýene-de bir henek:
Geçen asyryň 37-nji ýyly bir gorkak mollany enkewedäň sülçüsi sorag edýär:
-Ine, men-ä musulman däl-de kommunist, sen näme?! Aýt bahym!-diýip ol elindäki sapançany mollanyň alkymyna eltýär.
Gorkudan ýaňa huşy başyndan uçan molla, gyssanjyna:
-Keremli Hakyň emri bilen, Hudaýyň ateist bendesidirin!-diýip jogap berýär. cool

0
4 Bagabat  
43
Ateizm barada ýene-de bir henek:
Biri sowal berýär:
-Şü ateizmde iň erbet zadyň nämedigini bilýärsiňizmi?!
-Hawa.-diýip ýüzünde gan-pet ýok juw-ak biri jogap berýär:
-Seň üstüňe wampir topulsa, senem onuň öňüne haç kesertseň, olam ateist bolup çyksa... biggrin

0
5 Bagabat  
43
Ukusyna ejiz, ýatak oglanjygy ir bilen ejesi mekdebe gitmek oýarmaga çalyşýar:
-Oglum, turaweri ir turana Taňry berer diýýärler!-diýip ejesi ony yralaýar.
-Ýo, eje maňa azar bermesene!-diýip ol yňranjyraýar:-Men barybir, ateist! biggrin

0
6 Bagabat  
43
Ýöne, çynymy aýtsam filosofiki makalalary okap düşünjek bolsaň, ony ilki kimdir biri gowuja okap düşünmeli, soňam saňa şony gowuja düşündirmeli bolýar. Filosofiýa barada bolsa bir henek bar:
Filosofiýa dersinden synaga taýýarlanýan talyp, hemme soraglaryň jogaplary okap-okap öwrenýär. Ýöne şondan soň synaga-da gitmeýär. Gaýta okuwdanam çykýar. Sebäbi durmuş-a manysyz, dünýe-de ýalançy, adam bolsa çarhy-pelegiň çarhynda pyrlanyp duran çäge dänejigi.

0
7 Bagabat  
43
Filosofiýa dersinden synag alýan mugallym hemme talyplara diňe birje sowaly berýär we şol sowala dogry jogap bermedik talyplary synagdan geçirmeýär:
Onuň berýän sowaly şu ekeni:
-Näme üçin?
Talyplaryň hiç haýsy mugallymyň bu düşnüksiz soragyna dogry jogap berip bilmeýärler. Diňe synagyň ahyrynda gelen, bir talyp, mugallym ondan:
-Näme üçin?-diýip soraýar welin:
-Näme üçin ýok?!-diýen sorag bilen jogap berýär.
Mugallym şol talyba bäşlik baha goýupdyr. biggrin

0
8 Bagabat  
43
Filosofiýadan synagda mugallym ýaşajyk talyp gyzdan soraýar:
-Aýdyň hany, Immanuil Kant "öz-özüňdäki närse" diýende nämäni göz öňünde tutupdyr?
Talyp gyz gyzarypdyr-da, jogap beripdir:
-Tampony. shy

0
9 Bagabat  
43
Äý, şü temany iki gezek dagy gaýtalap-gaýtalabam okadym welin, sapsym, düşünmedim. Başyny okap, ortasyna ýetýänçäm eýýäm başynda näme diýiljek bolany ýadymdan çykdy durdy. Onsoň içim ýandy-da, makala baradaky öz pikirimi henekler bilen beýan edip başlamaly boldy.  biggrin

0
12 Bagabat  
43
Gaharlanyp, jabjynyp, iliňem, özüňem keýpiňe sogan dograp oturanyňdan, ine şeýdip, güldürmäge synanyşanyň ýagşy dälmi? biggrin

0
10 Bagabat  
43
Talyp ýigit filosofiýadan "logiki yzygiderlilik" diýen soraga jogap bermeli bolýar. Mugallym oňa näçe kömek etjek bolup, soragyň dogry jogabyny birnäçe gezek ýaňzydýaram welin, ol bu soragdan hiç baş alyp çykyp bilmändir. Ahbetin mugallym ony synagdan "ýykýar". Onsoň ahmyrly talyp mugallymdan özüniň jogap tapyp bilmedik bu soragyny düşündirmegi haýyş edýär. Mugallym oňa düşündirip başlaýar:
-Bu soraga mysalyň üsti bilen düşünmek aňsat bolar. Mysal üçin, ine, seniň öýüňde akwarium barmy?!
-Bar.
-Sen onda balyk saklaýarsyňmy?
-Hawa.
-Diýmek, sen onda tebigatam gowy görýänsiň, şeýlemi?
-Hawa.
-Diýmek, sen tebigatdaky gözellikleriň hemmesinem halaýansyň, şeýlemi?
-Hawa.
-Onda, diýmek sen gözel gyzlaram gowy görýänsiň, şeýlemi?
-Hawa.
-Diýmek, bu akwariumdan başlanan filosofiki-logiki yzygiderlilikde ine ahyrky netije - sen jynsy taýdan sagdyn adam, beçebaz däl. Düşündiňmi?
-Düşündim, mollym!-diýýär-de, talyp otagdan çykýar. Ol çykan badyna-da synag nobatyna garaşyp duran ýoldaşy ony saklap, ondan soraýar:
-Ýykyldyňmy?
-Hawa.
-Haýsy soragda.
-Logiki yzygiderlilikde.
-Ol näme, düşündirsene!
-Ine mysal üçin, seniň öýüňde akwariumyň barmy?!
-Ýok.
-Diýmek onda sen beçebaz. Düşündiňmi?!

0
11 Bagabat  
43
Kitaphana. Talyplar filosofiýadan synaga taýýarlanýarlar. Olaryň biri beýlekisine Sokratyň sözlerini gaýtalap berýär:
-Men diňe bir zady bilýärin, özümiň hiç zady bilmeýänligimi...
Olary diňläp duran beýleki ýoldaşy bolsa, ägirt uly gamgynlyk olaryň gürrüňine goşulýar:
-Men bolsa, şonam bilemok...

0
13 Bagabat  
43
Filosofiýadan synag wagtynda soraglaryň jogabyny bilmese-de özüni juda dogumly alyp barýan talyp ýigide gahary gelen mugallym oňa käýinip başlaýar:
-Ýagşy ýigit siziň bilim çölüňizde ýekeje-de bagy-bossanlyk (oazis) ýok...
-Näme üçin, hormatly mollym,-diýip ýeser ýigit onuň igenjini bölýär:-Meniň bilim çölümde bagy-bossanlygyň birnäçesi bar, ýöne hemme düýeler ony gözläp tapyp bilmeýär...

0
14 Bagabat  
43
Hawa makalaň adam ýerine düşmändir. "mümkinsizligi" diýilmeýär, adatça, "mümkin dälligi" diýilýär.

0
15 Bagabat  
43
Aslynda, şu bir dilden başga dile geçirilende, terjimäniň juda inçe ýerleri kän bolýar. Iki diliňem sözleriniň "tagamyny" duýmaly. Ýöne, terjimäniň şol inçe ýerlerini, ýokardaky anekdotda aýdylyşy ýaly: "hemme düýeler gözläp tapyp bilmeýär".

0
16 Bagabat  
43
Makala bolsa ýaňky aýdyşym ýaly, öte agyr bolupdyr.

1-15 16-17
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]