21:13 Ateizm näme?: Ateizm termininiñ ýalñyş ulanylyşy | |
ATEIZM NÄME?
Edebi makalalar
▶ ATEIZM TERMININIÑ ÝALÑYŞ ULANYLYŞY Ateizm termini dürli sebäplerden ötri, parhly düşünjeler bilen garyşdyrylypdyr ýa-da ýalñyş ulanylypdyr. Munuñ iñ uly sebäbi-de mekdepleriñ ýa-da kişileriñ doly ýagdaýda orta goýmazlyklary ýa-da käbir kişileriñ bular hakyndaky habarsyzlygydyr. Ateizmiñ bir mekdep hökmünde özi bilen ýygy-ýygy garyşdyrylýan düşünjeleriñ arasynda deizm, panteizm ýa-da agnostisizm ýaly filosofik akymlar bolşu ýaly, käbir dini düşünjeler-de bar. Bir adamyñ ateist bolup-bolmaýany şeýle karat beriljek ýagdaý däldir. Öñi bilen ateizmiñ nämediginiñ bilinmesi gerek. Has soñra bir adamyñ özüni ateist hökmünde görüp-görmedigi analiz edilmeli. Mundan başga-da ol kişiniñ ýa-da tarapdary bolan ideýasynyn ateizm bilen baglanyşygyny-da jikme-jik öwreilmeli. Bütin bulardan soñra terminiñ ulanylyşy bilen baglanyşykly sagdyn netijä gelmek mümkin. Ateizm termininiñ ýalñyş ulanylmagyndaky iñ uly faktor wagt içinde bu terminiñ başgany günäkärleme şekilinde ulanylmagydyr. Käbir kişileriñ ateist dälem bolsa, dürli motiwler bilen ynançsyzlykda aýyplanmalary gürrüñiñ obýekti bolupdyr. Bu hili problema, esasan hem, Orta asyr Ýewropasynda ýygy rastlanypdyr. Ol döwürde örän köp kişi buthana tarapyndan daşlaşdyrylypdyr we inkärçilik bilen günäkärlenip jezalandyrylypdyr. Bularyñ arasynd örän köp alymlar-da br. Ýöne bu ýagdaý hemme din üçin-de gürrüñ obýekti bolmandyr. Munuñ tersine, käbir kişiler-de ynanç düşünjesiniñ serhetlerini giñ tutup, daşaryda hiç kimi goýmandyr, ateistdigini ykrar eden kişileri-de ynançly görmäge we görkezmäge çalşypdyrlar. Ateist günäkärlemesiniñ käbir teoretiki we praktiki motiwleri tapylyp dur. Bularyñ arasynda Tañry hakynda parhly düşündirişlere eýe bolmak, adaty añlaýyşdan aýrylmak, bar bolan ýerli ynançlara garşy zatlary dillenmek ýa-da jemgyýetiñ bar bolan baha we prinsiplerine ters düşmek ýaly faktorlar tapylyp bilinýär. Bu meselede taryhda Sokrat we gadymy Müsür faraonlaryndan Ehnaton ýaly iki möhüm mysal bar. Bu kişiler ýaşaýan jemgyýetleriniñ dünýewi tañrylaryny (paganlae - köptañryly dinden bolanlar) bar bolan dini simwollaryny we onuñ bilen baglanyşykly heýkellerini kabul etmändigi üçin ateistlikde günäkärlenipdirler we sud edilip öldürilipdirler.[1] Ilkinji hristianlar we musulmanlaram dowam edýän jemgyýetiñ "keramatly" barlyklaryny (but) ret edendikleri sebäpli ateistlikde aýyplanypdyrlar. Bular ata-babalarynyñ dininden aýrylmakda we ynançsyzlykda günäkärlenipdirler we gazaply ýagdaýda jemgyýetiñ eýe bolan köne endiklerini kabul etdirmek üçin zorlukly çärelere ýüz urulypdyr. Bu aýyplamalardan soñra olar hem özleri bagly bolan jemgyýetiniñ ybadathanalaryndan, tire-taýpa däp-dessurlaryndan we but diýip atlandyrýan heýkellerinden uzak tutupdyrlar, birnäçe wagt sosial durmuşdan çekilmeli bolupdyrlar.[2] Bu günäkärlemelere garşy olar butlary inkär etmek bilen birlikde, hemme zadyñ añyrsynda bolan ýaradyjy, hakyky Tañra ynanýandyklaryny mälim edipdirler. Ilkinjj musulmanlar-da Käbede bolan butlaryń keramatlylygyny inkär edipdirler, olary ybadat etmäge laýyk barlyklar hökmünde görmändirler. Aýratyn hem köpçülikde giñden ýaýran jadygöýlük we palçykyk ýaly batyl ynançlary-da kabul etmändirler. Şeýle ýagdaý garşysynda öz ýasan butlaryna ybadat edýän we olara gurban kesýän mekgeli müşrikler musulmanlart urp-adatdan aýrylmakda aýyplapdyrlar we olara rahatlyk bermändirler. Butparazlar uzak wagtlap ýeke-täk Tañry ynanjyby kabul etmekde kynçylyk çekipdirler, Tañra şirk getirme (Tañrydan başga keramagly barlyklaryñ bardygyna ynanmak) endiklerinden aýrylyp bilmändirler. Görşüñiz ýaly, bir kişiniñ ateistlikde günäkärlenmegi töwerekleýin üýtgäp durupdyr, käte ynananlar, käte ynanmaýanlar bu aýyplama uçrapdyrlar we ejir-kynçylyk çekipdirler. Biziñ döwrümizde, esasan hem, ynançsyzlygyñ ideologiýa hökmünde ýaýran we agalyk sürýän ýerlerinde ýokarky ýagdaýyñ doly tersi gürrüñiñ obýekti bolupdyr. Geçmişde bolanlaryñ tersine, ynançly bolmak kynçylyk döredipdir we örän köp adam Tañra ynanýandygy ýa-da şeýle görkezilýändigi üçin kyn ýagdaýda galypdyr. XIX asyryñ soñlaryndan XX asyryñ soñky çärýegine çenli dowam eden döwürde ateizm käbir ideologiýalar tarapyndan ideýa, garaýyş problemasy bolmakdan çykyp, syýasy meselä öwrülipdir. Bu ýagdaýda hakykatdan ateist bolmadyk halyna käbir adamlar diñe degişli bolan ideologiýasyna seredilip, ateist hökmünde kesgitlenipdir ýa-da propoganda maksady bilen bilgeşleýin şeýle görkezilmäge çalşylypdyr. Aýratyn hem marksizmiñ agalyk süren ýerlerinde müñlerçe adam bu ýagdaý bilen gapma-garşy galypdyrlar. Kapitalizme garşy göreşen sosialistler ateizmi we dinsizligi göreşleriniñ bir parçasy hökmünde görüpdirler, rewolýusiýany amala aşyran ýerlerinde-de jemagaty dinsizlige gönükdiripdirler. Şonuñ üçin bu hereketleriñ içinde ýer alan, ýöne haýsydyr bir dine ynanýan (jöhit, hristian ýa-da musulman) müñlerçe ynsan emeli statistikalar bilen ateist hökmünde görkezilipdirler. Bu kişilerden näme bolýandyklary, näme pikirlenýändikleri we nämä ynanýandyklary soralmandyr. Ýene bularyñ täk başlaryna galanlarynda, ideologiýalaryndan özbaşdak, garaşsyz ýagdaýda berjek kararlaryna-da üns berilmändir. Netijede, ideýa jan etmesi bilen Tañry ynanjyny inkär etmeýän kişileriñ ateist bolýandyklary hakyndaky tassyklama çynlakaý bir çekişme, jedelleşme meselesidir. Çünki, Tañry ynanjynyñ kabuly ýa-da inkäri özbaşdak bir sreda ediljek şahsy isleg, saýlap alynjak zat. Ateizm termini käte ýalñyş ulanylýarka, käte-de beýleki akymlae bilenem garyşdyrylan ýerleri bar. Mysal üçin, ateizmiñ serhetleriniñ giñ tutulmagy netijesinde panteist akyldarlaryñ ýanynda, käte agnostok (bilniksiz, ýagny Tañrynyñ we dünýäniñ nireden dörändiginiñ bilniksizdigini we bilibem bolmajakdygyny öñe sürýän akym) we deist (Tañra ynanýan, ýöne wahyny, ýagny pygamberler tarapyndan Tañrynyñ buýrugynyñ adamlara ýetirilýändigine garşy çykýan) akyldarlar-da ynançsyz hökmünde baha berlipdir. Şeýle-de bolsa, bular biri-birinden ep-esli parhlydyr. Ýalñyş düşünmelere orun bermezlik üçin gürrüñi gidýän akymlar bilen baglanyşyklu gysgaça maglumat bermegi we ateizm bilen baglanyşyklylyklaryny açyp görkezmegi peýdaly hasaplaýaryn: Ateizm bilen käte garyşdyrylýan deizm barlygy akyl bilen bilnen bir Tañry garaýşy hökmünde kesgitläpdir. XVII-XVIII asyrlardan bäri Ýewropada "älemiñ añyrsynda bar bolan bir Tañryny kabul etmek, ýöne munuñ ýanynda wahyý inýändigine we pygamberlige garşy çykmak" hökmünde tanalmaga başlanypdyr. Biziñ medeniýetimizde-de bu we muña meñzeş düşünjeler bir görnüşde bolupdyr we tarapdar tapypdyr. Latynça Tañry manysynda gelen "deus" kökünden gelendigi üçin başda ateizme garşylyklaýyn, antonimi hökmünde ulanylan bu at has soñralar hristianlyga bir reaksiýa hökmünde özüni görkezipdir, Tañry ynanjyny goramak bilen birlikde, buthananyñ pozisiýasyna duýulýan gazaply reaksiýa sebäpli wahyý, pygamberlik we gudrat ýaly dini gymmatlyklara garşy çykmagyñ simwoly bolupdyr.[3] Älemiñ añyrsynda bolan, munuñ bilen birlikde ýaşaýşa we dünýä garyşmaýan Tañry düşünjesi bilen deizm adaty dine (buthana we ruhanylyga) ters gelmegine garamazdan, ateizm hökmünde baha berilmändir. Çünki özleri şeýle ýa-da beýle Tañry ynanjyna eýe bolupdyrlar we ateizmi kabul etmändirler. Panteizm bolsa, Tañry-älem birligini öñe sürüpdir, Tañrynyñ älemden aýry bolan şahsy barlygyny ret edipdir.[4] Panteizme görä, Tañry älemiñ artyk sebäbi däl. Bu garaýyşlar bilen panteistler hem Günbatarda, hem Gündogarda käbir kişiler tarapyndan ateistlikde aýyplanypdyrlar. Yslam mistisizminde-de käbir mistik akyldarlar üçin panteist termini ulanylypdyr. Panteistleri ateist hasaplama ýykgyny käte bu kişiler üçinem gürrüñ obýekti bolupdyr we bularyñ ynançlaryna şübheli garalypdyr. Ýöne hernäme-de bolsa, Tañry ynanjyny ret etmändikleri üçin panteistleri ateist hasaplamak dogry däl.[5] Çünki olar Tañrynyñ barlygyny inkär etmezlimde diñe özenine parhly düşündirişler beripdirler, parhly teswirläpdirler. Käbir akyldarlar bolsa, ne Tañry ynanjyny, ne-de ynançsyzlygy kabul edipdirler. Özlerini ynanmak bilen ynanmazlyk arasynda, ortada bir ýerde gören we agnostik (bilniksiz) hökmünde kesgitleýän bu akyldarlar Tañrynyñ barlygy hakynda-da položitel ýa-da otrisatel karara gelmekden gaça durupdyrlar.[6] Ýöne bu kişilere ýalñyşam bolsa, köplenç, ateist diýlipdir. Agnostiklere görä, Tañrynyñ barlygy meselesi ynsan akylynyñ añyrsyndaky meseledir. Bu ýagdaýda beýle bir barlyk hakynda gürrüñ etmek ýa-da bir karara gelmek-de mümkin däl. Şonuñ üçin agnostikler Tañry ynanjynyñ garşysynda tarapsyz galmagy saýlapdyrlar. Ýöne olaryñ bu tarapsyzlygy käte ateizm hökmünde-de baha berlipdir. Her näçe käbir agnostikleriñ hereketleri we ýaşaýyşlary olaryñ ateistdigi hakyndaky duýgyny, görnüşi bermek bolsa-da, bir bölegi özleriniñ filosofik garaýyşdan ateist däldigini beýan edipdir. Meselem, ateist hökmünde meşhur akykdarlardan Bertran Rassel (1872-1970) filosofik garaýyşdan özüni agnostok hökmünde kesgitläpdir. Onuñ pikirine görä, hemme zada garamazdan, elimizde Tañrynyñ ýoklugyny subut edip biljek ýeterlik delil ýok.[7] Görşüñiz ýaly, agnostisizm bilen ateizm biri-birinden tapawutly akymlardyr. Dini ret etmeleri her ikisiniñ-de birmeñzeş çyzykda bolýandygyny görkezip bilmez. Agnostikler Tañry ynanjyny ret etmegiñ ýanynda ateizmi-de deñ derejede ret edipdirler. Her näçe dine garşy kararsyz we tarapsyz pozisiýalary sebäpli, gizlin ateistlikde aýyplanýanam bolsalar, olar bu aýyplamalara garşy çykypdyrlar. Aslynda özleri-de ateistlerden tapawutlanýandyklaryny aýdypdyrlar.[8] Terjime eden: Seýitnazar ÄRNAZAROW. ______________________________________ [1] Michael J.Buckley "At The Origins ofodern Atheism", USA 1987, sah 1-3; [2] Buckley, Şol eserde; sah 4; [3] Seret: Ernest Campbell Mossner "Deism", "The Encyclopedia of Philosophy", ed. Paul Edwards, New York 1972, II, sah 326-327; [4] Alasdir MacIntyre "Pantheism", "The Encyclopedia of Philosophy", ed. Paul Edwards, New York 1972, VI, sah 34; [5] A.E.Affifi "Muhiddin Ibnül Arabynyñ tasawwuf (mistik) filosofiýasy", Terjime eden: Mehmet Dag, Ankara 1975, sah 36; [6] Antony Flew "God, Freedom and Immortality", New York 1984, sah 31; [7] Bertrand Russell "Am I Atheist or an Agnostic", Bertrand Russel On God and Religion, ed. Seckel Al, New York 1986, sah 85; [8] Lightman Bernard "The Origins of Agnosticism, Victorian Unbelief and The Limits of Knowledge, The Johns", London 1987, sah 17. Agnostisizme mydama diniñ tersine, garşylyklaýyn pozisiýa hökmünde garalypdyr. Dindar bolany üçin agnostik bolanlaram bar. Şonuñ üçin bu kişileri şübheleri sebäpli agnostok bolan we ateizme ýakynlaşan kişiler bilen garyşdyrmazlyk gerek. Bu kişiler Tañrynyñ barlygy meselesinde ynanç we diskriminasiýa edilmegini gün tertibine getiripdirler. Tañrynyñ akyl bilen bilinmeginiñ oña ýürekden ynanylmagynyñ parhly zatlardygyny beýan edipdirler. Şonuñ üçin gündelik dil bilen Tañry hakynda gürrüñ etmäge-de garşy çykypdyrlar. Bu kişileriñ pikirine görä, Tañra ynanmak bilen Oniñ hakynda gürrüñ etmek aýry zatlardyr. Bir ynsan ynanan ýagdaýynda-da Tañryny bilmän biler ýa-da Onuñ bilinmejekdigine-de ynanyp biler. Ýöne onuñ barlygyna ynanar. Bu ýagdaýda ynanjynda-da bir kemçilik görmez. Seret: Thomas McPherson "Religion as The Inexpressible", "New Essays in Philosophical Theology", ed. Antony Flew, Alasdair MacIntyre, London 1955, sah 131-143. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||