20:59 Ateizm näme?: Ateizmiñ görnüşleri | |
ATEIZM NÄME?
Edebi makalalar
▶ ATEIZMIÑ GÖRNÜŞLERI Tañry ynanjyny kabul etmeýän ateistler-de, dindarlar ýaly, öz aralarynda tapawutly toparlara aýrylypdyrlar ýa-da iñ azyndan aýry netijä barsalar-da, ateizme tapawutly düşündirişler beripdirler. Şeýlelikde, ýeke-täk ateizm kesgitlemesinden söz açmak dogry bolmaz. Esasy liniýalary bilenem bolsa, ateistleriñ öz garaýyşlaryndan ugur alyp, olary şeýle toparlara bölmek bolar: A. Absolýut ateizm Käwagt ateistleriñ pikirine görä "Ateizm" Tañryny ret etmekden başga-da, añda Tañry pikirinw eýe bolmazlyk diýmegi añladýar. Bu garaýşa görä, ynsan doganyndan Tañry düşünjesine eýe bolmandygy üçin, ret etjek zady-da ýok. Bu hili ateizm absolýut ateizm hökmünde kesgitlenilipdir we tarapdarlaryna-da absolýut ateist diýlipdir.[1] Bu garaýşy goraýanlaryñ arasynda Pol Anri Golbah, Çarlz Bredlou ýaly akyldarlar hem bar. Absolýut ateizm bilen baglanyşykly örän köp sanly çekişmeler bolup geçdi. Adamlaryñ doglan wagty ynançsyz bolýandygy hakynda tassyklama ýalana çykarylypdyr we käbirleri inkär etseler-de, az wagtdan soñra ähli adamlaryñ añ we köñlünde bir ýaradyju pikiriniñ bardygy belli edilipdir. Aýratyn hem bagtly we saglykly günlerinde Tañryny inkär eden ateistiñ kynçylykly wagtlarynda oña sygynmasy absolýut ateizmiñ mümkinsizligine degişli bir mysal hökmünde öñe sürlüpdir. Bu çekişmeler bilen baglanyşykly jikme-jik maglumatlary işimiziñ soñraky bölümlerinde bereris. B. Teoretiki ateizm Ateizmiñ birinji garaýşyndan biraz parhly bolup, "Tañrynyñ barlygyny ret etmek" şekilinde-de kesgitlenipdir. Aslynda ateizm diýlende, akyla şu şu kesgitleme gelýär. Filosofiýada ähmiýetli hasaplanýan we Tañry ynanjyna agyr tankytlar ýöneldýän ateizm formasy-da şudur. Ýagny oýlanyp, çekeleşip, añ taýdan çytraşmak arkaly Tañrynyñ barlygyny ret etmek we munuñ bilen baglanyşykly tassyklamalary çüýretmäge çalyşmakdyr. Teoretiki ateizm diýilýän bu garaýyşda dindarlaryñ tassyklamalary we Tañrynyñ barlygyny subut edýän delilleri tankyt obýektu bolup hyzmat edýär. Bu prosesde Tañrynyñ barlygyny çüýretmäge gönükdirilen garşylyklaýyn tezisler öñe sürülýär. Teoretiki ateizmde Tañrynyñ barlygy inkär edilmek bilen çäklenilmändir, bu düşünje bilen baglanyşykly bolup, gündelik gudrat, Allanyñ buýrugy, pygamberlik, ylahy kitaplar, ölümsizlik we ahyret durmuşy ýaly ynançlar-da tankytlanypdyr we ret edilipdir. Aýratyn hem, bu hili ateizmde diñe teistik Tañry düşünjesi maksat edilip alynmandyr, munuñ ýany bilen mistik, mifologik, transandantal (artykmaç) ýa-da antropomorfik garaýyşlar bilen bir hatarda, panteizm we deizm ýaly bir görnüşde Tañry ynanjyna ýer beren beýleki akymlar-da ret edilipdir. Ateizmiñ "Tañrynyñ barlygynyñ ret edilmegi" görnüşinde kesgitlenmegi has-da yñdarma dindarlar tarapyndan edinilendir. Çünki olaryñ garaýşyna görä, ateizm dine garşy bir reaksiýadyr.[2] Dindarlara görä, Tañry öñden, aslynda bar. Onuñ barlygy şek-şübhesiz ýagdaýda kabul edilen zat. Ýoklugy hakynda pikirlenmek-de mümkin däl. Ýagdaý şeýle bolsa, barlygy hakynda şübhe bolmaýan Tañryny ateistler bilnikli we bilgeşleýin ret edýärler. Tañrynyñ barlygyna ynanýan we ateizmi ýokardaky ýaly görnüşde kesgitleýänlere görä, ateist näme üçin ynanmaýan zadyny beýan etmäge, düşündirmäge we esaslandyrmaga mejbur? Tersine bolanda ol dogmatik bir görnüş bilen, hiç bir motiwsiz Tañrynyñ barlygyny inkär eden bolup çykýar. Şeýle hem, ateizmiñ peýdasyna öñe sürlen motiwleriñ in köpüsi-de, ynanýan adamlaryñ pikirine görä bir reaksiýanyñ miwesi bolup, içinde bir topar gapma-garşylyklar we deñagramsyzlyklary ýerleşdirýär. Bulara garamazdan, ateistlerem Tañryny ret etmek bilen çäklenmändirler, elbetde, birnäçe motiwleri öñe sürüpdirler. Bularyñ ýany bilen-de ynanýan adamlaryñ Tañrynyñ barlygynyñ haýryna dile getiren, aýdýan faktlaryny tankytlamaga çalşypdyrlar. Şeýlelikde, düşünje taryhynda örän çynlakaý we reñkli çekişmeleri orta goýupdyrlar. Bu motiwleriñ ähmiýetli bir bölegini-de işimiziñ soñraky bölümlerinde ele almaga çalşarys. Ýöne görünýän esasy zat bu çekişmelerde ateistler diñe goranma we garşy tarapyń tezislerini ýalana çykarma ýagdaýynda galypdyrlar. Ýagny çekişmelerde özlerine mahsus güýçli tezisleri öñe sürmändirler. Teistleriñ ellerinde bolsa, ynanmalaryna getirýän örän köp faktlar bar. Munuñ ýany bilen bir adamy töwereginde bolýan we tejribe eden gündelik durmuşyna degişli informasiýalar-da Tañry ynanjyna äkidýär. Artykmajy bilen elde bar faktlara seredilende we başlangyç kararsyz bolnanda, Tañrynyñ barlygyny ret etmegiñ örän kynlaşýandygy, hatda mümkin däl bir hala gelýändigi görülýär. Elbetde, Tañrynyñ barlygy bilen baglanyşykly gürrüñ edilýän faktlara käbir tankytlary getirmek mümkin. Ýöne faktlaryñ tankyt edilmegi ýa-da olaryñ gowşak nokatlaryna yşarat edilmegi bilen ol faktlaryñ esasy ideýasynyñ çüýredilip bilinmeginiñ arasynda uly parhlar bar. B. Praktiki ateizm Ateizm ýokardaky kesgitlemelerden tapawutly bolup, käte-de "göýä Tañry ýokmuş ýaly ýaşamak" ýa-da "Tañryny gündelik durmuşa sokmazlyk" şekilinde kesgitlenipdir. Muña-da praktiki ateizm ady berlipdir. Bu hili ateizmde kişi has-da artykmajy bilen durmuşyndaky ýagdaýy we özüni alyp barşy bilen, durmuş stili, prinsipi we endikleri bilen tañrysyz bir dünýä we tañrysyz bir durmuş gurmagy isleýär. Munuñ ýanynda Tañry bilen baglanyşykly iñ bir owunjak zady-da oýlanmazlykda, özüni dinden, ybadatlardan we bular bilen baglanyşykly şagalañlardan-da uzak tutmaga çalyşýar. Praktiki ateizm garaýşynda Tañrynyñ teoretiki çekişmeler bilen ret edilmegi ikinji planda galyberýär.[3] Praktiki ateistler we passiw bolmak bilen öz aralarynda iki topara bölünýärler. Passiw bolanlar Tañrynyñ barlygyny ret etmek bilen birlikde, dini ynançlar bilen ýa-da dindarlar bilen bir problemasy bolmaýan, muña garamazdan, öz dünýäleri bilen ýaşaýan we içlerini hümledip ýören kişilerdir. Aktiw bolanlar bolsa, añlarynda we gündelik durmuşlarynda Tañry ynanjyny ret eden, munuñ bilen birlikde Tañryny ýatladýan her hili pikir, ideýa, simwol we herekete garşy söweş açan kişilerdir. Bu hili ateistler dindarlar bilen-de mydama göreşmegi we adamlary deñsizleşdirmegi özlerine maksat edinenlerdir. Munuñ üçin bu kişilere käte reaksioner ýa-da hereketçi ateistler-de diýilýär. Filosofiýadaky wekilleriniñ arasynda L.A.Feýerbah (1809-1872), F.Nişse (1844-1900), Z.Freýd (1856-1940) we K.Marks (1818-1883) ýaly meşhur akyldarlar-da bar.[4] Gürrüñi edilýän filosoflar teoretiki taýdan Tañry ynanjyny çüýretmäge çalyşmak bilen kanagatlanman, munuñ başga-da praktikada ynançsyz bir jemgyýetiñ hyýalyny-da gurupdyrlar. Praktikada bir ynsanyñ ynançsyz bolmagy ýa-da dinsiz ýaşamaga çalyşmagy diýseñ kyn. Ýöne biziñ döwrümizde ateizm bir ynanç meselesi bolmakdan çykyp, ýykyp-ýumrujy we ahlaksyz ideologiýalaryñ guralyna öwrüldi. Ýagny, bir söz bilen aýdanyñda adamlar özlerini ýa-da başga birini içi boş birtopar prinsipler üçin dinsiz ýaşamaga ýa-da moral gymmatlyklary terk etmäge mejbur edipdirler. Şeýlelikde, praktiki ateizmiñ durmuşa geçirilmegine mümkinçilik we ýer taýýarlanypdyr. Şonuñ üçin praktiki ateizm bir mejburlygyñ we bir ideologiýanyñ hasyly hökmünde orta çykypdyr. Her näçe bu mejburlygyñ arkasynda buthananyñ we ynsan söýgüsinden uzak bolan käbir dini taglymatlaryñ ynsanlardaky akyl almaz dyzamalary bolsa-da, netijede, özleri has uly bir ýalñyşa düşüpdirler we ynsan tebigatyna ters gelýän hereketleri orta goýupdyrlar. Bu hili ateizmiñ täsirine düşen adamlaryñ esasy köpçüligi ýalñyz galanlarynda ýa-da bir ýol bilen ýykyjy ideologiýanyñ täsirinden gutulanlarynda, has ümsüm we logikaly, akylly pikirlenmäge başlapdyrlar. Wyždanlaryndan gelen sese gulak gerip, käbir manysyz toslamalara we gaçyşlara ynanmagy bes edipdirler. Durmuşa parhly bir şekilde garamaga başlapdyrlar, dünýäni, ýaşaýşy, tebigaty we janlylar dünýäsini bir başga göz bilen synlamaga başlapdyrlar. G. Gyzyklanmaýanlaryñ ateizmi Birnäçe akyldarlar Tañrynyñ barlygyny ýa-da ýoklugyjy çekeleşme gürrüñini etmezden, bu meselelerden uzak durmagy maksat edinipdirler. Her iki ýagdaýyñ-da den derejede manysyz işdigini öñe sürüp, mesele bilen ilteşiksiz galmagy gowy görüpdirler. Bu hili ateistlere görä, ynsan diñe bar bolany bilen oñmaly, görünýän älemiñ añrysyna, ol tarapyna gyzyklanmaly däl. Şonuñ üçin dünýäniñ añrysyndaky her haýsy bir barlyk hakynda položitel ýa-da otrisatel pikirde, garaýyşda bolmaga ýa-da gürrüñ etmäge çalyşmak manysyz iş etmek bolar. Tañrynyñ barlygyny tassyklaýanlar-da, ýoklugyny subut etmäge çalyşýanlar-da ýalñyşýar. Çünki bularyñ ikisi-de fiziki älemiñ daşyndaky çekişmelere, jedellere girýärler, biderek zatlary gürrüñ edýärler. Bu pikirde gezýänler özlerini klassyk manyda ateist hökmünde atlandyrmakdan gaça durupdyrlar. Ýöne özlerini ateist hökmünde görmezliklerine garamazdan, bularyñ teist bolýandygyny-da aýtmak kyn. Şu sebäpli, Tañrynyñ barlygyna gyzyklanmasyz galmalary, netijede ony ret etmek ýaly bir zat bolar. Çünki ony kabul edip boljak ýa-da ynanyljak barlyk hasaplamaýarlar. Asyrymyzyñ birinji ýarymynda, aýratyn hem Ýewropada örän täsirli bolan logiki pozitiwizm mekdebi bu hili garaýşyñ güýçlenmeginde uly rol oýnapdyr.[5] Ýöne bu garaýşyñ ownuklygy we ýetersizligi derrew göze ilýär. Ynsanyñ tebigatynda oýlanma we akyl ýetirme güýji bar. Bu güýçler özüni diñe fiziki älem bilen serhetli görmezlikde, has-da öñe gidip, barlygyñ öñüni, bar bolan halyny we soñuny pikirlenýär. Ýene bu güýçleriñ saýasynda ynsan barlyk äleminiñ diñe maddy bolmadygyna, ýaşaýşyñ şeýle bir ýönekeý we manysyz görünmeýändigine ynanýar. Adamlaryñ örän köpüsi birnäçe çuññur pikirlere çümüp, öz barlygy bilen baglanyşykly bahalar berip bilýärler. Indi bütin bulary äsgermezlik etmek we derrew adamlary iñ durmuşy meselelere garşy gyzyklanmazlyga çagyrmak gülkünç görünse gerek. Aslynda munuñ hem teoriýada, hem praktikada mümkin däldigi-de köre hasa. Birtopar adamlaryñ gündelik durmuşyñ hysyrdylaryna çümüp, ömrüni tüketmegi we käbir nukdaýnazarlardan gaça durup, dini ynançlara parhsyz bolmagy, ýazgysyz bir şekilde ýaşamagy olaryñ betbagtlygyndan başga zat däldir. Ýöne bu ýagdaý başgalaryny-da birmeñzeş görnüşde hereket etmäge iterip bilmeýşi ýaly, hiç kimi-de barlyk hakynda oýlanmakdan mahrum edip bilmez. D. Ideologik (materialistik) ateizm Özeninde filosofik problemasy bolan ateizm käte ideologik prinsip hökmünde goralypdyr we syýasy serişdä öwrülipdir. Esasan hem Karl Marks, Fridrih Engels (1820-1895) we W.I.Leninin (1870-1924) garaýyşlaryndan ugur alnyp gurlan sosialistik dolandyryş formalarynda ateizm kommunistik partiýalaryñ propoganda guraly hökmünde ulanylypdyr. Köne Sowet Soýuzynda we häzirem käbir ýurtlarda ateizm marksistik-leninistik taglymatyñ aýrylmaz bölegi hasaplandy we "ylmy ateizm" ady bilen öñe sürüldi, wagyz edildi. Materializmiñ doly derejede dogry kabul edilen kommunizm bilen dolandyrylan ýurtlarynda ateizmiñ ylmy (materialistik) fundamentlere esaslanýandygy aýdylypdyr, diniñ-de jemgyýetçilik (sosial) hadysa hökmünde görülýändigi beýan edilipdir. Bu ugry bilen-de ylmy ateizm özüni Günbatardaky (filosofik) ateizmden aýry hasaplapdyr, olary (ýagny marksist we materialist dälleri) buržuaz ateizmi diýip häsiýetlendiripdir, düşünjelerini we stilini tankytlapdyr. Bu çarçuwada jemgyýetdäki ähli dini ynançlar, jemgyýetler, bileleşikler, ybadatlar, seremoniýalar, ýörelgeler, urp-adatlar ýowuz tankyt astyna alnyp, gadagan edilipdir.[6] Çak edilşi ýaly, ylmy ateizm dini içerden däl-de, daşarda ýykmaga jan edipdir we muny edýärkä-de ony birtopar galyplara sokup, adamlary boş zatlara ynanylýan ýaly görnüşde düşündirmäge, ideologik formanyñ çäginde garalamaga synanşypdyrlar. Şeýlelikde, ylym we filosofiýanyñ ady bilen ideologik-syýasy maksatlar göz öñüne tutulypdyr. Ýöne netijede ylmy ateizm-de her hili ideologiñ goldawlara garamazdan, adamlaryñ şübhesinden gutulyp bilmändir we çynlakaý ýagdaýda tankyda uçrapdyr. Şeýle-de bolsa, bu tankydy edilýänler-de bu hili ateizmiñ içinde birnäçe ýyllap ýaşan we özlerine propoganda edilenler bolupdyr. Işimiziñ soñky bölümlerine çenli ylmy ateizm bilen baglanyşykly giñişleýin maglumatlar berlip, onuñ kemçiliklerini, otrisatel taraplaryny açyp görkezmäge synanşarys. Şu ýere çenli esasy ugurlary bilen gysgaça düşündirişimiz ýaly, ateizm dürli şekillerde düşünilipdir we kesgitlenipdir. Gysgaça aýdanymyzda, ynançsyzlyk we tañrytanamazlyk hökmünde beýan edilen ateizm, käte añda Tañry ideýasynyñ bolmazlygy (absolýut ateizm), käte Tañrynyñ barlygynyñ bilgeşleýin inkär edilmegi (teoretiki ateizm), käte Tañry ýokmuş ýaly ýaşalmagy (praktiki ateizm), käte Tañrynyñ barlygy hakyndaky çekişmelere biparh bolunmagy (gyzyklanmaýanlaryn ateizmi), käte-de ideologik (materialistik) forma görnüşinde (ylmy ateizm) orta çykypdyr. Bu düşündirişleriñ, kesgitlemeleriñ her birine ynançly adamlar tarapyndan örän çynlakaý tankytlar orta atylypdyr. Esasan hem filisofik ölçegde ateistleriñ pikir-düşünjeleri soraga çekilipdir we ideýalary çüýredilipdir. Gepiñ gerdişine görä aýtsak, bir ynsanyñ doly derejede ynançsyz bolmagynyñ mümkin däldigi öñe sürlüpdir. Tañrynyñ barlygyny ret etmegiñ şeýlekin añsat zat däldigi subut edilipdir. Dini inkär eden kişilere orta näme goýandyklary, bir ynsanyñ nirä çenli Tañra baglanyşyksyz galyp biljegi hakynda sorag ýöneldilipdir. Bir adamyñ özüni ateist hökmünde görmegi mümkin däl. Ýöne şol bir wagtyñ özünde ol kişiniñ ateizmini esaslandyrmagy we hemme kişiniñ kabul edip biljegi bolab tassyklaýjy beýannamalar getirmegi-de añsat däl. Elbetde, ähli bu çekişmeler, Tañrynyñ barlygyna ynansyn ýa ynanmasyn, ony bir ynanç meselesi hökmünde gören kişiler üçin düşnükli zat. Ters ýagdaýda, has öñem aýdyşymyz ýaly, ateizmi özüne ideologiýa ýa-da inkärçi akym hökmünde saýlap alan adamlar ýanynda bu çekişmeleriñ hiç hili manysy ýok. Çünki, bular ýaly adamlar öz garaýyşlarynyñ daşyndaky hemme zady boýdan-başa inkär edýär we garşy tarap bilen pikir alyşmagy oýuna-da getirmeýär. Ýöne bu dünýä gurlan gününden bäri diniñ garşylygy, tersi bolan örän köp ideologiýanyñ gelip-geçip durandygy görlüp durka, diniñ (töwhid ynanjy - Allanyñ barlygyna we birligine bolan ynanç) bardygy we hemişelik bar boljakdygy görnüp duran hakykat. Terjime eden: Seýitnazar ÄRNAZAROW. ________________________________ [1] George Smith "Atheism The Case Against God", New York 1989, sah 20; [2] Stewert Sutherland "Atheism and The Rejection of God", Oxford 1977, sah 5; [3] David Berman "A History of Atheism in Britain", London 1988, sah 2; [4] Nielsen "Philosophy and Atheism", New York 1985, sah 123; [5] A.J.Ayer "Language, Truth and Logic", London 1990, sah 23-120-1; [6] Mesele bilen baglanyşykly jikme-jik maglumatlar üçin seret: Mehmet Akgün "Materializmiñ Türkiýä aralaşyşy we ilkinji täsirleri", Ankara 1988, sah 11-57. | |
|
Teswirleriň ählisi: 2 | |||
| |||