08:54 Ylym we Tañry ynanjy | |
YLYM WE TAÑRY YNANJY
Edebi makalalar
Ylym - döwür, wagt we orun (mekan) dünýäsinde ýerleşen zatlaryñ gurluşyny analiz edýän, bolup geçýän hadysalaryñ kanunlaryny, munuñam ýanynda hereket edýän derñeýän möçberli işiñ adydyr. Din (Yslamyýet) bolsa özeninde bir Tañry ynanjyny goraýan, özüne mahsus ynanjy ybadat, ahlagy we hereket prinsipleri bolan sistemadyr. Ylym tejribänem esas hökmünde alyp, ýeke-ýeke mysallardan ugur alyp, bir prinsipe tarap ugrukmaga we dünýäniñ syrlaryny çözmäge çalyşýar. Din bolsa isle şahsy, indiwidual, isle jemgyýetçilik, sosial taýdan adama gerekli gymmatlyk bolup, bahaly ýerini ölçerip barlygymyz bilen baglanyşykly garaýyşy (wizion) berýär. Ylym ýene bir manydan alanyñda material dünýämizi, din bolsa ruhy dünýämizi aýdyñlaşdyrýar. Ýokardaky aýdanlarymyzdan hem belli bolşy ýaly, ylym we din adamzadyñ ähmiýetli keramatly zatlarynyñ biridir. Bularyñ ikisi bolsa adamzat üçin iýmit ýaly zerurdyr. Ähmiýet berilmedik ýagdaýynda welin adamzat durmuşynda uly ýaralara ýol açyp biljek netijelere sebäp bolup biler. Ylym we din isle ýerinde, isle belli bir maksat taýdan biri-birine garşy ters zatlar däl. Çünki ikisiniñem girişýän prinsipli ýeri biri-birinden tapawutlydyr. Ylmyñ fenomen dünýämiz bilen baglanyşyklydygyny we öz ýerinde derñewler geçirýändigini hasap etsek, bu işiñ bir manyda diniñem tarapynda bolýandygy anykdyr. Çünki, din, Älemiñ we onuñ içindäkileriniñ Tañrynyñ ýaradandygyny, ol ýerde belli kanunlaryñ bardygyny we her zadyñ bir düzgün, sistema bar bolandygyny beýan edipdir. Ylym hem netijede älemiñ kanunlaryny we işleýiş şeklini orta goýýandygyny, ýagny haosdan artykmaç bir gurluşy, sistemany açyş etjekdigi, diniñ bu netijeden parhsyz boljakdygyny oýuña - pikriñe getirmek ýalñyşdyr. [Emma taryhyñ käbir döwürlerinde meseleleri belli bolan ýerler biri-biri bilen garylypdyr we emeli ýagdaýda sredanyñ emele gelmegine sebäp bolupdyr] Dogrusy muña her iki sektorda ideologik hereket eden kişiler günäkär. Ýöne diniñ ady bilen ylma garşy çykanlaryñ sany bilen ylmyñ ady bilen dine garşy çykanlaryñ gatnaşygynyñ arasynda uly çekeleşikler bolup dur. Dini tebigy gurluşyndan çykaryp, dogabitdi massa öwüren we adamlaryñ ýaşaýşyna garyşan buthana, gynansakda orta asyrda ylym duşmanlygynyñ başyny çekipdir. Bu döwürde Günbatarda örän köp ylym adamlarynyñ ýanalmalara sezewar bolandyklary belli zat dälmi näme? Ýöne ylmyñ elde eden ösüşleri bilen din (buthana doktrinalary) ady bilen öñüne goýlan, aslynda bolsa din bilen baglanyşygy bolmaýan böwetleri aşmagy o diýen kynam däl. Buthana garşy başarnykly bolan ylym köp wagtdan soñra öz ýolundan çykyp söz eýesi bolmadyk orny bilen baglanyşykly tassyklanypdyr. Bu hem adamzadyñ ady bilen ýöredilen ýalñyşlyk bolupdyr we ýalñyşa ýalñyşlyk bilen jogap berlipdir. Şonuñ üçin bir konflikt ýagdaý emele gelipdir. Ýokardaky emeli konfliktik pursatda ateistler boş durmandyrlar, din bilen baglanyşykly tankytlarynda ylmyñ heniz dogrulanmadyk maglumatlaryndan peýdalanyp şonuñam adyndan ideologik ýoluna giripdirler. Aýratynam Tañry ynanjyna garşy ylym ýaragyny ulanan ateistler (materialstler) ylmyñ absolýut dogrudygyny we onuñ daşynda galan zatlaryñam ýalñyşdygyny görkezmäge çalyşýandyrlar. Iñ azyndan diniñ we Allaha bolan ynanjyñ ylymdaky tarapy bolýandygyny görmändirler, bu meselede jan etmeleriniñem boşa çykjakdygyny takmyn edenoklar. Ateistler gündelik durmuşlarynda her haýsy bir zady derñäp Allah bilen baglanyşykly tassyklamalary stoluñ üstüne örüşdirip ony pozitiw ylmyñ meselesi etmek isleýändirler. Şonuñ üçin her iki meseläniñ aralygyndaky özeniniñ tapawudyna düşünmeýändikleri üçin ýalñyşýarlar. Ateistler ylmyñ gazanan otnositel öñe gitmeleri bilen gysga bir wagt üçin-de bolsa buýsanýarlar, ýöne ylmy derñewleriñ dünýämiziñ ol tarapyna daşmagy bilen birlikde, astronomiýadaky üstünlikler garşysynda ejizliklerini we ýalñyşlyklaryny düşünüpdirler. Müñlerçe ýyllyk geçmişi bolan planetalaryñ, galaktikalaryñ, sansyz ýyldyzlaryñ barlygy nireden gözbaşyny alyp gaýdýarka? Emma birnäçe zatlary añlamak üçin kosmosa gitmegiñ geregi ýok. Meselem, atom ýadrosynyñ gurluşy-da bize bir ideýa bermekdedi. Kiçijek bir älem görnüşindäki öz barlygymyz hem şeýledir. Şonuñ üçin, dünýämiziñ düşünilmegine ýol açýan we bur manyda predmetleriñ, zatlaryñ syryny çözýän pozitiw ylym asyrymyzyñ soñky çärýeginde öz adaty çyzgysyna gelipdir, dini meseleler bilen baglanyşykly ylym adamlarynyñ tarapsyz bir pozisiýa içine girmegine sebäp bolupdyr. Käbir ylym adamlarynyñ Tañry ynanjynyñ garşysyndaky garaýyşlary bolsa, subýektiw garaýyşlardan añry geçmändir. Ylym we din gatnaşygyna şeýle degeninden soñra (36) ylym garşysynda Tañrynyñ barlygy meselesiniñ nähili şekildäki bir problema bolýandygyna geçip bileris. Tañrynyñ barlygy meselesi, ylmy bir tema bolmakdan başga-da, ynanç bilen baglanyşykly ýagdaýdyr. Munda geñ görüljek ýagdaýyñ bolmaýşy ýaly, Tañrynyñ şahsyýetiniñ esasy, aýratynlygy göz öñüne getirilende, munuñ şeýle bolmagynyñ gerekdigi-de öz-özünden düşnüklidir. Ylymda obýektler, predmetler bardyr we bu obýektler zaman we mekan dünýümizde bar bolan, bäş duýgymyz bilen duýlup bilnen, tejribe edilip bilnen predmetlerdir, zatlardyr. Tañry şeýlemidir? Ol öñümizde duran we duýgularymyz bilen añlap biljegimiz haýsydyr bir barlykmydyr? Isle biziñ özümiz tarapymyzdan, isle ylmy serişde we materiallar bilen test, analiz edilip bilinjek bir predmet, zat bolup bilermi? Şeýle bolsady, şolar ýaly barlyga Tañry diýip bilermidik? Din adama ynanmaga we ybadat etmäge laýyk bolan zadyñ diñe Tañry bolýandygyny düşündirmekden yarat. Bu näme diýmek? Tañry bolmaýan zada, ýagny töweregimizdäki predmetlere, kişilere, figuralara (heýkellere) simwollara ybadat etmegimiz gerek däl. Çünki, aýratynlygy bilen bizden üýtgeşik hiç hili tapawudy bolmaýan, haýsydyr bir maddy material barlygyñ keramatly we ybadat edilmäge laýyk bolmajakdygy açykdyr. Şeýle barlygyñ, kişiniñ ýa-da predmetiñ Tañrylyk tassyklamasy bolsa-da, ynsanyñ ol barlygyñ Tañry bolmajakdygyna karar bermegi kyn bolýar. Netijede, pozitiw ylmyñ Tañryny analiz, test edip biljek ygtyýara eýe bolandygynyñ görlüşi ýaly, Tañrynyñ käbir kişileriñ pikiriçe, ylmy bir görnüşde subut edilmek arzuwyda manysyz bolýar. Aýratyn hem bu nukdaýnazarda ateistleriñ ''Tañry nirede?'' ýa-da ''Tañryny görkezip bilermisiñiz?'' diýen ýaly soraglary-da çagapisint sorag bolup galýar. Çünki, Tañryny zaman we ýerleşiş ýerlerine görä her haýsy bir obýekt ýaly gözleme işi, diniñ esasyna uýmaýşy ýaly, ylmy bir derñewleriñ-de göwrümini öñüräkden bäri giñeldip gelýär. Ýokardaky soraglaryñ garşysynda käbir adamlaryñ Tañryny içimizde ýa-da töweregimizdäki haýsydyr bir barlyk ýaly oýlanmalary, duýmaga we añlatmaga çalyşmalary-da bu ýagdaýda boşuna bolýar. Tañry aýratynlygy, esasy taýdan öte bolup, dünýewi bir barlyk däldir. Has öñ aýdylşy ýaly, ol älemiñ bir parçasy-da däldir. Ýöne bu ýagdaý Tañry bilen Älem arasynda hiç bir baglanyşygyñ bolmaýandygy manysyna-da gelenok. Öte bir barlyk bolan Tañry, Älemde esas bilen däl, aýratynlyklary bilen guran sistemasy, gurşy bilen, bellän kanunlary bilen, güýji bilen, gözelligi bilen, merhemeti bilen, ýaradyjylygy bilen bolýar. Şeýle hem, pikirlenip bilen we görüp bilen gözler-de munuñ parhyndadyr. Tañry bize bakjamyzdaky güllerde, uçýan guşuñ jürküllüsinde, gülýän çaganyñ gözlerinde, tokaýlaryñ göklüginde, reñbe-reñ balyklaryñ we sansyz janly-jandarlaryñ ýaşaýan deñizlerinde we gijeleri parlak bolup parlaýan asmandaky peýza£da barlygyny duýdurýar. Yslamyýet Tañrynyñ barlygynyñ we oña bolan ynanjyñ bir gaýyp (fizikanyñ başga tarapy) problemmasy bolýandygyny bildiripdir. Din ''Tañry bardyr'' diýýän wagty, ol Ýeriñ bir burçundaky her haýsy bir barlyk ýaly bardygyny tassyklapdyr. Şonuñ üçin din pozitiw manyda test, analiz edilip bilinjek ylmy bir tassyklamada bolmandyr. Şu sebäpli hut Tañrynyñ barlygynyñ pozitiw ylymlar bilen derñew edilmegi ýa-da çüýredilmegi hyýaly bolýandyr. Çünki, pozitiw ylmyñ çäkleri bellidir. Ol çäkde biziñ içimizde bolýan we tejribe edýän fenomenlerimiziñ dünýäsidir. Bu nukdaýnazardaky çekişme ylmyñ Tañry ynanjynyñ tarapyndamy ýa-da garşysyndamy, ine şu çekeleşme bar. Ýagdaý şeýle bolansoñ, dolulygyna ynanç problemasy bolan Tañrynyñ barlygy hakyndaky sözde ylmy çüýretmeler-de ideologik gipotezalardan añry geçýän däldir. Elbetde, birnäçe idologiýalar Tañrysyz düşündirilip biliner. Ýöne ylym we ylmy gipotezalary birnäçe ideoligik ýalan-ýaşryklaryñ hyzmatyna bermezlik gerekdir. Asyrymyzyñ soñky çärýeginde görlüşi ýaly, ylym iru-giç özi bilen baglanyşykly öz garşysyna çykjaklaryñ hötdesinden gelip öz adyna Tañry ynanjynyñ garşysynda manysyz söz sözleýänleri-de ýalana çykarýar. Ylmy dünýäsi Ýer şary bilen baglanyşykly ýagdaýlary açyklyga çykarýar. Ynançsyzlygyñ düşünjesizlikden gözbaşyny alýandygyny aýdýan din bolsa ylmy derñewler we gözleglerden iñ artykmaç hoşnut bolup, öz adyna paý çykarýar. Çünki dine görä, görülýän we tejribe edilýän Ýer şary, görülmeýän we tejribe edilmeýän Älemiñ we Ýaradyjynyñ yşaratçysydyr. Şonuñ üçin ähli ylmy işler ynsany Tañra gowuşdurypwe mydama ony ýatladyp durar. Netijede Tañry ynanjy hakynda gürrüñ gidýärkä, ylymyñ haýsy tarapdan tutdurýandygyna, nämäni kanagatlandyrýandygyna gowy düşünmek we şoña görä gürrüñ etmek gerekdir. Bu nukdaýnazarda ylymly bolmagyñ ýa-da bolmazlygyñ nähili bolýandygy düşünilmeli; ynanç bilen ylym arasyndaky aýratynlyk, esas tapawudy-da mydama göz öñünde tutulmalydyr. Gynansakda Hristiýan dünýäsinde bu ýagdaý käte gözden gaçyrylypdyr. Tañrynyñ (Teslis, üç ynançdaky ata) ogul Isa görnüşinde dünýä gelendigini, kynçylyk çekendigini we haça çüýlenendigini öwredýän buthana garşy ateistler hem ylmy tankytlarda çykyş edipdirler, özem şolar ýaly we ş.m. tassyklamalaryñ subut edilmegini isläpdirler. Netijede, Günbatardaky buthana doktrinalar sebäpli ateizm güýçlenipdir. Ýöne Yslamyýetde beýle bolmandyr, şonuñ üçinem meñzeş garşylyk ýüze çykmandyr. Çünki yslamyýet dünýäsi bilen baglanyşykly akyl we ylym bilen ters gelýän prinsipleri bolmandyr. Käteler orta çykýan konfliktler bolsa Yslamdan däl-de käbir musulmanlaryñ medeni ýa-da urp-adat endiklerinden gözbaşyny alyp gaýdýandygyndadyr. Ýöne Yslamyýet her haýsy bir milletiñ, jemgyýetiñ ýa-da toparyñ medeni endikleri bilen birmeñzeş däldir. Şonuñ üçin musulman bolsa-da, ylym garşysynda otrisatel pozisiýany tutýan kişiniñ hereketi diñe özüni we ýaşaýan jemgyýetiniñ gymmatlyklary bilen baglanyşyklydyr. Suwsuzlyk, gytlyk wagtlarda Tañra doga eden bir adam bir ateist ýaly, ýagyş-ýagmyryñ nädip emele gelýändigini we nädip ýagýandygyny bilýär. Şol wagtyñ özünde ol kişi ýertitreme, sil we ýangyn ýaly tebigy hadysalar garşysynda nähili hereket etjekdigini we nämä ýüz urjakdygyny bilýändir. Şonuñ üçin Tañra ynanýan bir adam bilen ynanmaýan adamyñ arasynda gündelik durmuşymyzdaky tebigy hadysalaryñ emele gelşi hakynda ylmy aratapawut ýokdur. Bolubam bilmez. Çünki, ikisi hem şol bir Ýerde ýaşaýar we şol bir günlük şertlerde gezýär. Aralaryndaky tapawut bolsa, bu hadysalary düşündirip, üstümizdäki ýetirýän täsirleri, tapawutly baha kesdirilýändiginde we duýgulandyrýandygynda. Şonuñ üçin aralarynda ynanç, duýgy we teswirleme, düşündiriş tapawudy bolan kişileriñ indi biri-birlerini ylym meselesinde günäkärlemeleri hiç dogry däldir(37). Görünýän zat şeýledir, ýagny gündelik durmuşymyzda Tañrynyñ barlygyna ynanýan we ynanmaýan adamlar ylmyñ aýratynlyklary we çäkleri bir pikir birligi içindedir. Iñ azyndan olar Ýer şarynda bolup geçýän hadysalar meselesinde sebäp, netije baglanyşygy taýdan şeýlekin tapawutly pikirlenmezler. Diñe pozitiw ylmy gyzyklandyrýan meselelerde däl, örän köp sosial hadysa bilen baglanyşykly bolup, ynanýan bilen ynanmaýanyñ arasynda ortaça gymmatlyk we tapyşma nokatlary bardyr. Şonuñ üçin olar bir meñzeş Ýerde ýaşaýan, ýöne biri-birine ters bolan örän tapawutly ýaradylanlar ýaly pikirlenmezlik gerekdir. Elbetde, ateist bilen Tañra ynanýan kişiniñ duýgulary we käbir bolup geçýän zatlaryñ garşysyndaky reaksiýalary tapawutly bolup biler. Şol sebäpden Ýerde başga göz bilen seredýändikleri görünip dur. Ýöne ylmyñ we bütindünýä gymmatlyklaryñ olary bir nokatda tapyşdyrýandygy-da indi bilinýän zatdyr. Şonuñ üçin bu meseledäki garşylykly (birek-biregi) köteklemek gerek däldir. Jedelleşiljek bolsa, bu her iki tarapyñ öz çäkleriniñ içinde galmalydyr. Birinji beýlekisi bilen ýa-da beýlekini bir başgasy bilen köteklejek bolsak, bu bir söz bilen düşündirilende, bu güne çenli dowam edip gelýän ýalñyşlygy gaýtalamakdan ybarat bolar. Munuñ bilenem belli bir ýere barylmajakdygy-da hakdyr. Aýdyn Topalogly | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |