19:59 Logikalylyk we Tañry ynanjy | |
LOGIKALYLYK WE TAÑRY YNANJY
Edebi makalalar
Tañrynyñ barlygyny bir topar tassyklama bilen daşardan çüýretmäge çalyşýan ateistler netijede göz öñünde tutan maksatlaryna ýetmänsoñlar, Tañry sözi bilen baglanyşykly logiki derñewlere (düşünje, many taýyndan analizlere) girişipdirler. Öñi bilen Tañry düşünjesiniñ sözde bir düşünje bolýandygyny we hakykylygynyñ ýokdugyny ileri sürüpdirler. Ýene bu düşünjäniñ ynsan añy tarapyndam döredilendigini, esasynda, fundamentinde-de ynsanyñ sebäbini bilmeýän wakalary garşysyndaky umyt we gorkularynyñ ýatandygyny bildiripdirler. Öñki bölümde bellik edilişi ýaly, ateistleriñ Tañry ynanjyny rasional tapmazlygy meselä öñünden gelnen karar bilen garaýyşlarynyñ, hatda ýalñyşdyryjy we ýykyjy bir stil ulanmalarynyñ netijesidi. Tañry ynanjynyñ logiki tapylmazlygy-da,edil şuña meñzeş bir ýagdaýyñ netijesi bolup, dolulygyna ateistleriñ ideologik şetlenmeleri bilen baglanyşyklydyr. Öte we Tañry düşünjesini logiki taýdan soraga çekmek bilen dinleriñ Tañry ynançlaryny tankytlamaga işi biri-birinden aýry zatlardyr. Birinji ýagdaýda uniwersal (bütindünýä) bolan ýaradyjy Tañry düşünjesi üçin her haýsy bir töwekgellik ýokdur. Ýöne ikinji ýagdaýda dini düşündirişleriñ bir ýere çenli tankyt edilip bilmegi mümkin bolup bilýändir. Şonuñ üçin-de mundan iñ zyýanly çykanda Hristiýan dini bolupdyr. Ýöne Hristiýanlygyñ gapma-garşylyklary, gurluşyndaky paradokslary, gysgaça, ähli problemalary özüni baglaýar. Bularyñ başga bir din üçin umumylaşmagy gürrüñ obýekti bolmaly däldir. Logiki bolmak zerurlygy strukturasynda, gurluşynda paradoks saklaýan sistemalaryñ bir problemasydyr. Şonuñ üçin hristianlaryñ köpüsi teslis (Tañrynyñ üçe çykarylmagy), waftiz (ilkinji günäni aýyrmak we hristianlaşmak işi), enkarnasion (ölümden soñra direliş), asly günä we çarmyh (günälini öldürmek üçin çüýlenýän haç şekilindäki dar agajy) ýaly meselelerde logikaly açyklama, düşündirme getirmegiñ kynlygyny bilýändirler. Bu sebäpli Hristian dünýäsinde logika bilen ynanç arasynda bir konfliktiñ orta çykmagy gaçynylmaz bolupdyr. Ýöne bu konfliktiñ Yslamda-da bardygyny sözlemek, ony tanamazlyk we bilmezlik bilen meñzeş gymmatlykda, meñzeş bahada boljakda boljakdyr. Çünki, Yslam dininde Tañry ynanjy bilen baglanyşykly bolup, ''teslise'' ýa-da ''enkarnasiona'' meñseş bir paradoks degişli däldir. Bu ýagdaý ateist bolmagyna garamazdan, käbir günbatarly akyldarlaryñ-da aýdyp geçen bir hakykatdyr. Şonuñ üçin paradokslaryñ (logiki gapma-garşylyklaryñ) bolmaýan bir ynanç sistemasyny logiki bolmazlyk bilen günäkärlemek ýersiz we asylsyz bir tassyklama bolýandyr. Her zada garamazdan, Tañry ynanmaýan adamlar bolup biler. Çünki, Oña ynanyp-ynanmzalyk işi erk bilen baglanyşyklydyr we bu meselede-de hemme kişi erkindir. Ýöne ynanmaýanlaryñ Yslamyýetdäki Alla ynanjyna düşünilmegi kyn bolan ýa-da logika daşy bir nokada duş gelmeleri-de mümkin däldir. Beýle bir tassyklamada bolmalary-da ähtimal daşydyr. Bu ygtybar bilen Hristianlygyñ özüne mahsus ynançlary taýyndan orta çykan ynanç-logika konflikti Yslamyýet üçin geçerli bolýan däldir. Yslam dünýäsinde Tañry ynanjynyñ logiki taýdan tankydyny edip bilmeýän we bu nokatda Hristianlyk üçin gün tertibine getirilen tankytlary gaýtalaýan käbir ateistler strategiýany üýtgedip, psihologik terminlere sygynypdyrlar. Bir manyda Tañry ynanjynyñ esasynda ýatýandygyny tassyk eden meselelerini gün tertibine getiripdirler. Ýokarda beýan edilişi ýaly, bular-da gorky we umyt ýaly ynsanyñ ruhy haly bilen baglanyşykly ýagdaýlardyr. Munuñ bilen birlikde, etik (ahlaky), estetik we dini gymmatlyklary ''gorky ýa-da umyt'' ýaly psihologik tejribeler bilen düşündirmek modern bir ynsanyñ edip bilmejek primitiw bir hereketi bolsa gerekdir. Çünki, bu hili zatlar zaman üsti bolan we ähli zamanlara bolşy ýaly ähli ynsanlara ýüzkenilýän gymmatlyklardyr. Tersine bolsady, şu wagt geñ galyp okaýan taryhy eserlerimiz bolmazdy. Gürrüñi edilýän protestler, garşylyklar, dogrusy, asyrlardyr gaýtalanýan we her pursatda ynanýanlaryñ garşysyna goýlan täsirli, şeýle bolşy ýaly-da, içi boş düşünjelerdir. Eger ynsan bir topar umyt we gorkular sebäpli Tañry ideýasyny döreden bolsa, ýene şol adamyñ meñzeş motiwler bilen ynançsyzlygy döredendigini-de aýtmak mümkindir. Bu ýagdaýda ynançsyzlyk wakasy-da emelilik köteklemesi bilen garşy-garşa boljakdyr. Şeýlelikde, şular ýaly garaýşyñ ynanç meselesini çyn, hakyky hökmünde düşünmedigi we esasy faktorlaryny bilmeýänligi-de düşnüklidir. Tebigy hadysalar garşysyndaky ynsanyñ özüni alyp barşy, hereketi, umyt we gorkularyny dinden artyk esasda, ylym bilen baglanyşykly bolan zatlardyr. Tebigatda Tañra ynansyn ýa-da ynanmasyn, näme-de bolsa, hemme kişiniñ bir şekilde täsirlenen ýa-da duýgulanan hadysalary bolup geçýändir. Her iki tarapda käbir bolup geçýän zatlara begenýär ýa-da gorka gaplanýar. Ýöne bularyñ hemmesi bu hili bolup geçýän wakalaryñ netijeleri bilen baglanyşykly zatlardyr. Şonuñ üçin şeýle problema ynsanyñ hötdesinden gelmegi gerek bolan ortaça, umumy problemasydyr. Tebigatda bolup geçýän we adamlary birnäçe hurafa (dine soñra giren boş ynanç), salgyma kowalaşma, çüýrük we batyl ynançlara äkidýän zatlar ylmyñ çözmegi gerek meselesidir. Aslynda, bu hili zatlar bilen ylym ýaly, Yslamyýet hem dikleşýär. Hurafalar diniñ getirjek bolýan we her pursatda täzelän täk, bir Tañry ynanjyna zyýan berýär, ynsan añynyñ kirlenmegine ýol açýar. Bular kä wagtlar paganizm (köp tañryly din), käte totem (guş, haýwan, agaç, şemal we ş.m. zatlary keramatly hasaplan), ýa-da bolsa gizlin gudrata eýe bolan keramatlaşdyrylan barlyklar garşymyza çykýar. Ylmyñ yza galan döwürlerinde ýaýgyn bolan bu hili zatlar gynansakda, häzirk döwürde-de dünýäniñ dürli ýerlerinde häzirem dowam edýär. Käbir ateistler adamzat taryhy hakynda gürrüñ edýärkäler, dünýäniñ yzda we gizlin galan ýerlerinde ýaşaýan adamlary (taýpalary) hasaba alýarlar. Bu adamlaryñ ýaşaýyşyny bir şekilde taryha-da ýañzydyp ynanç dünýäsini hem şolar ýaly şekilde suratlandyrmaga çalyşýarlar. Elbetde, bu hili işleriñ (derñewleriñ) adamzat taryhyna şöhle tutjakdygy şübhesizdir. Ýöne muñ ýany bilen ýalñyş ýagdaý görkezilendir. Bu şeýle: Olar (ateistler) ylym we medeniýetde öñe giden ýagdaýda milliardlarça adamyñ ynanjyny, medeniýetini we dini gymmatlyklaryny (monoteistik tradisiýany) ylmy (!) maglumat hökmünde piñine-de alman, taryha-da şol nukdaýnazardan seredenoklar. Bu ýerde ylmyñ, aýratyn hem antropologik işleriñ ideologiýalara gurban edilendigini, ylmy derñewlerde nähili tarapdar we saýlap seçiji hereket edilendigini görmek mümkindir. Adaty bir adamyñ tomlap-tomlap kitap okamagyna gerek ýok, sebäbi ol öz pähimi we logikasy bilen daş-töweregine seredip göz-açyp ýummanka Tañrynyñ barlygyny ykrar edip bilýär. Hatda ykrar etmegi üçin, belkäm filosofik ýa-da teologik subutnamalara mätäç bolmasa gerek. Eger özüni öz içindäki tebigy meýillilige garşy çykmaga itermese we red etmek üçin aýratyn bir güýç sarp etmese, ol kişi Tañra bolan söýgüsini we haýranlygyny gizläbem durmaz. Bu tebigy meýil we sarsmaz kanagaty adamyñ gündelik durmuşyna we beýleki barlyklar bilen baglanyşygyna-da täsir eder. Dünýäniñ her ýerinde şeýle ýagdaý bilen garşylaşýanlar mümkin köpdür. Şeýle hem bu taryh boýunça-da şeýle bolupdyr. Bularyñ ählisini bir aýakdan sürmek adamyñ öz tebigaty bilen göreşmegi we öz-özüni ýalana çykarmagy bilen deñ derejedäki ýaly bir zatdyr. Hemme zat bir ýana, adam näme üçin pozitiwisteriñ tassyklaýyşlary ýaly, hakykatda bar bolmadyk zady subut etmäge we oña ynanjak bolsun! Şeýle hem bar bolmaýan bir zadyñ adamyñ aklyna gelmegi (içinde döremegi) we añynda ýer almagy logiki taýdan mümkinmidir? Bir pursatda şeýle ýagdaý mümkin bolsa-da (ýagny bir zadyñ hyýaly bolup pikirlenmegi mümkinçiligiñ daşynda bolmasa-da) munuñ Tañrynyñ ýerini tutmagy mümkinmidir? Ynsan adaty belli bir barlyk ýaly Tañryny añynda emele getirip bilmez. Diñe onuñ barlygyny we beýikligini ykrar edip, düşünip, akyl ýetirer. Şeýle hem hakyky bolmadyk zadyñ müñlerçe ýyldan bäri millionlarça adam tarapyndan kabul edilmegi, añlarda we kalplarda ýer almagy biraz geñ galdyryjy dälmidir? Köp sanly adamyñ ýalñyşmagy ýa-da ýalñyş bolan bir meselede asyrlar boýy tutanýerli pikirlenip bilmekleri bolup biljek zatmy? Tañrynyñ barlygy meselesinde ellerindäki tassyklamalarynyñ bir-birinden netijesiz galýandygyny gören ateistler soñky bir zarbasyny urup, heran haçan, her wagt onuñ bilinmejekdigini, kesgitlenmejekdigini we Tañry hakynda gürrüñ etmejekdiklerini aýdýarlar. Şonuñ üçin ynanýanlary Tañry düşünjesi hakynda esassyzlyk bilen, bulam-bujarlyga düşmek bilen, käte-de maglumatyñ ýokdugy bilen kötekläpdirler. Ýöne ateistleriñ bu hili tassyklamalary hem filosofik polemikalaryñ añyrsyna geçmändir, ynanýan adamlar üçin bolsa, hiç bir täsiri bolmandyr. Şeýle hem bu garşylyklar ýene filosofik nukdaýnazardan örän çynlakaý garşylyklara sezewar bolupdyr we çüýredilipdir. Ateistleriñ tassyklaýşy ýaly, Tañra ynanýan kişiler Onuñ näme bolýandygy meselesinde hiç habarsyz däldirler. Aýratynlyklary, esasy boýunça Tañrynyñ biziñ özümiz tarapymyzdan doly derejede añlanylmaýyşy Alla hakynda habarsyz bolýandygymyz ýa-da hiç zat aýdyp bilmeýändigimiz manysynda gelenok. Elbetde, Tañry bilen ynsan arasyndaky habar görnüşi, adamyñ ýanýoldaşy bilen, çagasy bilen, maşyny bilen, töweregi bilen ýa-da bile bolýan iş ýoldaşlary bilen bile bolýan gatnaşyklary ýaly habar alyp bolmaz. Ikinjiden ynsanyñ gürrüñdeşi ýene özi ýaly bolan, bilýän şertlerinde ýaşaýan we dürli görnüşlerdäki barlykdyr. Birinji ýagdaýda bolsa, ynsanyñ söhbetdeşi özüne meñzemeýan, töweregindäki her haýsy bir predmet ýaly bolmadyk bir Beýiklikdir. Şonuñ üçin ynanýan kişi muny şeýle bilýär we añynda, pikirlerinde jemläp ybadatyny kylýar we duýgularyny dile getirýär. Tañrynyñ aýratynlyklary, esasy ynsan tarapyndan pikirlenilen wagtynda añynda birnäçe kynçylyklaryñ döremegi ähtimal. Ýöne logikaly we akylly adamyñ nämäniñ nähili bolmalydygyny gowy bilmegi gerek. Aýratyn hem, gürrüñi edilýan barlygy Tañry bolanda Allanyñ nähili bolup biljekdigini ýa-da näme bolmaýandygyny (bolmagy gerekdigini) akyl süzgüjinden geçirmegi gerekdir. Şeýle hem ynanýan her kişi Tañrynyñ ähli ajaýyplyklaryny, gözelliklerini we kämilliklerini şahsyýetinde jemleýändigini, munuñ tersine ähli nogsanlyklardan we kemçiliklerden uzak bolýandygyny örän gowy bilýär. Akyl, logika we din taýdan hem şeýle bolmagy gerekdigini bilýändir. Aslynda, başga hili bir Tañrylyk ýagdaýynyñ bolmagyda mümkin däldir. Ýagdaý şeýlekä, ynsan añynda Tañry düşünjesi bilen baglanyşykly bolan haýsydyr bir garyşyklyga ýa-da şübhä ýer galýan däldir. Ateistlerden gelen garşylyklar hem manysyz we boş aýdylan zatlar hökmünde red ediler. Tañrynyñ barlygy has öñde beýan edişimiz ýaly, ol hemme zatdan öñürti ynanç meselesidir. Bu bir habar, maglumat problemasy däldir. Bu nukdaýnazardan bakylanda, Onuñ aýratynlygy esasy baglanyşykly habar ýetmezçiligimizi ynanç hadysasyny özüne çekiji eden elementler hökmünde görmek mümkindir. Bu ýerde anomal (normal bolmaýan) bolan zat hökmünde ynanýan adamdan Tañry hakynda sorag soralýarka ondan göýä öz dünýämizde ýaşaýan her haýsy bir barlykdan söz etmegini ýa-da şol bir şekilde gürrüñ etmegine garaşmak mümkin. Bu hem ol kişä edilýän garşylyk ýaly bir zatdyr. Aslynda, ol kişi şeýle eden ýagdaýynda (ýagny Tañry aýratyn, esas taýdan bir predmete, zada meñzedilende) Tañry Tañrylykdan çykýandy. Aýratyn hem, näme üçin beýle edilýändigini soraýan hem ýene ateistiñ özidir. Hristiýan dünýäsine ateizmiñ añsatlyk bilen ornaşmagy esasynda buthananyñ ýowuz pozisiýasynyñ ýany bilen adamlara berlen Tañry habarynyñ Ata we ogul ýaly ynsan şekilleri bilen düşündirilmegi ýatyr. Munuñ üçin olara logiki taýdan jogap berip bilmeýän soraglary soraýarlar birnäçe gezek psihologik analizler bilen ynançlarynyñ fundamentleri añsatlyk bilen orta çykarylypdyr. Şeýle-de bolsa, ylahy dinleriñ esasyny emele getiren (aýratyn hem Yslam dininde öñ plana çykan) aşa üstün Tañry ynanjy her hili şekiliñ we simwolyñ añyrsynda düşünilmegi añsat bir ýaradyjy düşünjesi bilen baglanyşykly gurlandyr. Bu nukdaýnazarda ateistlere ýalanlama meselesinde artyk bir şans galýan däldir. Şübhesiz Tañry hakynda gürrüñ etmek ýa-da pikir ýöretmek adaty zat ýaly däldir. Şeýle-de Tañry hem ynsanlaryñ garşylaşan bu kynçylygyny bilýär. Bu motiw sebäpli bolsa gerek, ugradan Gurhanynda ynsana ýüzlenýän dili bilen ýüzlenip, örän bol simwolik añlatmalara ýer beripdir we akyl ýetirmäge añsatlaşdyrjak meñzetmeleri hem getiripdir. Ynsan Tañry hakynda pikirlenýärkä akyl düşünjeleri ulanmagy we Onuñ esasy bilen baglanyşykly birnäçe meñzetmelerde bolmagy gutulgysyzdyr. Ýöne ynsanyñ üns bermegi gerek bolan şeýleräk bir ýagdaýy bar. Ol hem şeýle etmek bilen Tañrynyñ hakykatdan şeýledigini pikirlenmegiñ dogry däldigidir. Tañrynyñ ynsan añy tarapyndan doly manyda bilinmegi diýmek onuñ ynsan tarapyndan özleşdirilmegi bilen meñzeş mana geljekdir. Bir adamyñ gündelik durmuşynda ulanýan galamyny, kitabyny, ýazgy maşinkasyny, radio-telewizoryny, kompýuterini bilmegi we töwerekleýin olaryñ syrlaryna belet bolmagy mümkindir. Ýöne Tañy düşünjesi bir ynsanyñ çäkli bolan aklyna sygmajak derejede giñ bolup, düşüniljek derejede hem kiçi däldir. Ynsan heniz öz dünýäsiniñ bilim-maglumatyny bilmeýşi, öwrenmeýşi ýaly, asyrlardyr synlaýan asmanynyñ göz gamaşdyryjy ägirtligini we ýyldyzlar äleminiñ syrlaryny añlajak derejede däldir. Onsoñ Älemiñ ýaradyjysyny nädip bilsin? Ynsandaky Tañry ylmynyñ serhetleri bilen birlikde bir zady añlamakda örän kiçidir. Ýöne fizika añyrsy bir barlygy bilmek manyda biziñ onuñ bilen baglanyşykly düşünjämiz we bu çäkde emele gelen ägirt uly duýgy we pikir-oýumyz az görülmejek derejede uludyr. Eger Tanryny şekiline we häsiýetlerine, aýratynlyklaryna bolan garaýşymyzy (hatamyzy) bir ýana goýup, iñ azyndan Onuñ biziñ ýaly bolmaýandygyny pikirlenip şony hem kabul edip bilsek, añymyzdaky örän köp kynçylygmyzy ýeñip geçmegimiz ahmal. Dogrusy ateistleriñ hem indi möminleriñ beýle material barlyga ynanmaýandyklaryny düşünýärler. Ters ýagdaýda garaşmalary boşun çykýandyr. Netijäniñ şeýle bolmagy ne ynanýan adamlaryñ peýdasyna, ne-de Tañrynyñ barlygy bilen baglanyşykly erk gowşaklygydyr. Adamlaryñ Tañra ynanmagyny dowam etjekdigi ýaly, Tañry hem soñsuz şekilde barlygyny dowam etjekdir. Ateistleriñ inkär etmegi ýa-da onuñ biz tarapdan doly düşünmeýşimiz Tañrynyñ barlygy hakyndaky ýagdaýy üýtgedip bilmez. Aýdyn TOPALOGLY | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||