00:14 Ateizm näme?: Ateizmiñ gysgaça taryhy | |
ATEIZM NÄME?
Edebi makalalar
▶ ATEIZMIÑ GYSGAÇA TARYHY Ateizmiñ taryhy Tañry ynanjy ýaly bolmasa-da, iññän irki döwürlere çenli uzaýar. Ýöne taryhy örän könelere, gadymylara giden bu ateizm formasy bkziñ bugünki düşünjede görýän dini ynançlaryñ tankydy ýaly däldir. Çünki ateizm öñi Tañry ynanjyna garşy bir hili reaksiýadyr. Şonuñ üçin ateizmiñ Tañry ynanjynyñ bolan we bu ynanjyñ dile getirilen ýerinde orta çykma ähtimaly has uludyr. Isle giñ, umumy manyda "her haýsy bir Tañry düşünjesine garşy ynançsyzlyk" hökmünde düşünilsin, islese-de filosofik manyda "teizmiñ inkäri" hökmünde alynsyn, ateizmiñ gysgaça taryhyny düşünje hökmünde ilkinji, gadymy zaman (antik döwür), täze zaman we häzirki zaman döwürlerine bölüp üç etapda öwrenmek mümkin. Bu tapgyrlaryñ ýanynda keramatly kitaplardan we pygamberleriñ sözlerinden alan maglumatlarymyza görä, örän gadymy döwürlerden bäri bir topar adamlaryñ ynançsyz bolandyklaryny we dine garşy göreşendiklerini öwrenip bolýar. Bu adamlar Tañry ynanjyna ýowuzlyk bilen garşy çykypdyrlar, köpüsi ahlaksyzlykda öñe saýlanypdyrlar. Pygamberleriñ duýduryşlaryny-da kabul etmändirler. Ateizmiñ giñ, umumy manyda ynançsyzlyk hökmünde görlen gadymy döwründe epikurçylar, şübheçiler we afinyly sufistler ilkinji göze ilenler bolupdyr. Ýene bu döwürde Epikuryñ (b.e.öñki 341-270), Lukresiý (b.e.öñio 94-55) we Demokritiñ (b.e.öñki 460-370) ideýalary bilen emele gelen grek atomçylygy ýa-da klassyky materializm-de ynançsyzlykda ähmiýetli rol oýnapdyr. Bilnişi ýaly, materializm materiýanyñ ýaradylmandygyny, añdan öñürti gelendigini we hiç bir zadyñ ýokdan bar bolmandygyny öñe sürüpdir. Munuñ bilen birlikde tebigatüsti güýjüñ (Tañrynyñ) barlygyny-da inkär edipdir.[1] Materializm biziñ günlerimize çenli dürli formalarda-da bolsa, dowam edopsor we täsirini ýetirip durupdyr. Käbirleriniñ pikiriçe, añ-düşünje taryhynda ateizmiñ Tañry ynanjyndan öñ gelendigi we antik döwürdäki ähli akyldarlaryñ-da ynançsyz bolandygy öñe sürlüpdir. Esasan hem materialistik ateistleriñ öñe süren bu gipotezalary hakykaty ýañzydyp bilenok. Materializmiñ taryhy, elbetde, örän irki döwürlere esaslanýar. Şeýle hem ýokarda ady agzalan filosoflar bularyñ arasynda iñ meşhurlarydyr. Ýöne taryhdaky her filosofyñ materialist bolmaýşy ýaly, materialist bolanlaryñ sany-da ähli filosoflar göz öñüne getirilende örän ujypsyz bolup galýar. Mundan başga-da geçmişde ýa-da biziñ günlerimizde ateist bolan ýagdaýynda özüni materialist hasaplamaýan örän köp kişiniñ bardygyny aýtmagymyz gerek. Materializmi antik döwrüñ ateizmi hökmünde kabul edip bileris. Ýöne beýan edilip geçilişi ýaly, antik döwürde materialist däl we şonuñ üçin ateist diýip bolmajak akyldarlaram bar. Ýagny tebigat bilen baglanyşykly işler bilen meşgullanan hemme kişini ateist hasaplamak mümkin däl. Sokratdan (b.e.öñki 470-399) öñki döwürde ýetişen we häzirki wagtda deñeşdirme ýoly bilen käbirlerleriniñ pikiriçe, hakyky filosof hökmünde häsiýetlendirilen Empedokl we Anaksagor ýaly akyldarlaryñ ideýalarynda Tañry düşünjesi bolen parallellik görkezen örän köp nukdaýnazarlar bar.[2] Bu filosoflaryñ ideýalaryna bakanymyzda, material dünýäniñ añyrsynda bar diýip kabul eden we özi bilen ähli barlygy açyp görkezýän, düşündirýän abstrakt düşünjä-de gabat gelýäris. Şu sebäpli tebigag bilen baglanyşykly işler bilen meşgullanýandyklary üçin antik döwri dolulygyna ateist hasaplamak we bu ýalñyşlygy-da ideologik maksatlar üçin dürli görnüşlerde gaýtalamak ýalñyşdyr. Orta asyrda monoteizmiñ (ýekehudaýlylyk) agyrlygynyñ has ýiti duýulmasy gönüden-göni ynançsyzlyk hasaplanmandyr. Hernäçe bu döwürde hristian dünýäsinde buthana we buthana doktrinalaryna garşy aç-açan reaksiýa we ýigrenç emele gelse-de, bular gizlinlikden gutulmandyrlar we basyşlar sebäpli öñe çykyp bilmändirler. Žulio Wanini (1585-1619) we Jordano Bruno (1548-1600) ýaly buthana garşy çykyş eden kişiler-de bu döwürde jezalandyrylypdyr. Aslynda Galkynyş (Renessans) döwri bilen birlikde orta çykan we häzirki wagtda-da aç-açan görnüp duran din duşmanlygynyñ binýadynda-da orta asyrda buthananyñ Tañrynyñ adyna perdelenip eden adamkärçiliksiz işleriniñ uly roly bar. Yslan dünýäsinde-de ateizm bu günki düşünişimiz ýaly iññän gin gerimli we täsirli bolmandyr. Şol sanda ateizm diýlende, yslam taryhynda ik at ýada düşýär: Ýahýa ibn Yshak er-Rawendi (hijri 205-245) we Ebi Bekir Muhammet ibn Zekeriýa er-Razy (hijri 865-245). Bu akyldarlar wahyý, pygamberlik we gudrat ýaly dini ynançlary tankytlapdyrlar we ýörelgelere, urp-adatlara garşy çykyş edipdirler. Rawendi barada elimizde anyk maglumatlar bolmasa-da, oña degişli beýan edilenlere seredilende, onuñ tebigatçy we maddaçy, ýagny materialist bolandygy, ylahy hikmeti inkär edendigi we Gurhana ynanmandygy belli. Ýöne şu we şuña meñzeş garaýyşlaryñ Rawendiden has öñ onuñ mugallymy Ebu Isa el-Warraga degişlidigi, onuñ ateist däldigi, munuñ tersine teizmi kabul edendigi aýdylýar.[3] Ateist hökmünde meşhurlyk gazanan Razy yslam dünýäsinde tebigat filosofiýasynyñ atasy hasaplanýar. Ýöne onuñ mülhit (ateist) hasaplanandygyna garamazdan, filosofik sistemasynda Tañra ýer beripdir we Tañryny bäş ezeli, baky prinsipden (beýleki prinsipler ruh, madda (materiýa, ýer we wagt) biri hasaplapdyr. Rawendi ýaly Raziniñ-de sözüñ doly manysynda ateist bolup-bolmandygy boýunça anyk maglumatlar elimizde ýok. Ýöne olaryñ dini jemgyýetlere garşy, aýratyn hem, pygamberlik düşünjesine garşy göreşendikleri welin mälim. Yslam dünýäsinden bu akyldarlar bilen birlikde, wagtal-wagtal ateistler bilen bir hatarda durýan, dehri we zyndyk (Tañfa we ahyrete ynanmaýan) diýip atlandyrylan kişilerde bolupdyr.[4] Orta asyrda filosofik düşünjede ateizmiñ giñ gerimde ýaýramaýşyñ iki sany esasy sebäbi bar. Bularyñ birinjisi ýokarda-da gysgaça beýan edilişi ýaly, buthananyñ basyşydyr. Ikinjisi we iñ möhîm sebäbi bolsa, ateizmiñ orta çykyp bilme ideýasynyñ boşlugyndadyr. Orta asyrda dini düşünje belentlikde bolupdyr we köp dürli akyldarlaryñ pikirleri-de dile getirilip, logiki şekilde esaslandyrylypdyr. Şonuñ üçin şol döwürde dine basgylar sebäpli däl, güýçli düşünje akymlarynyñ bolmazlygy-da, atesitleriñ ideýa derejesiniñ pes ýagdaýda galmagyna getiripdir. Käbir kişiler hiç bir ýagdaýda materialistik düşünjä eýe bolmadyk Ibn Sina (980-1037), Faraby (870-950), al-Horezmi (857-nji ýylda ar.çykan), Biruny, Ibn Roşt (1126-1198) ýaly filosoflaryñ ideýalaryny, bularyñ hekimlik, geografiýa, himiýa ýaly pozitiw ylymlar boýunça ýazan traktatlaryny bilkastlaýyn diniñ garşysyna ýazylan zatlar görkezmäge synanyşýar. Şeýle-de bolsa, şu we şuña meñzeş akyldarlaryñ dine duşmançylyk etmeleri beýle-de dursun, gaýtam olar diniñ filosofiki esaslaryny öñe çykarmaga jan eden alymlar bolupdyr. Bir söz bilen aýdanda bular yslam medeniýetini ýaýmak we ajaýyp medeniýet gurmak üçin jan aýaman işläpdirler. Olaryñ beýleki alymlardan (teologlar, hukukçylar, mistikler we ş.m.) tapawutly ideýalarynyñ bolmagy dinden daşlaşandyklarynyñ däl-de, tersine yslam medeniýetindäki köp öwüşginliligiñ, ideýa geçirimliligiñ we pozitiw ylymlara berlen ähmiýetiñ subutnamasydyr. Galyberse-de, dini ylymlar bilenem, pozitiw ylym şahamçalary bilenem gyzyklanýan musulmanlar alyp barýan işleriniñ diniñ bir emridigini beýan edipdirler. Bu ýagdaý geçmişde bolşy ýaly, häzirki wagtda-da örän köp sanly alymlaryñ ylym bilen diniñ arasynda terslik görmeýändigini açyk-aýdyñ görkezýär. XVII asyrda amala aşan Renessans bilen birlikde täze düşünje ýüze çykypdyr. Akyla agram berýänçileriñ agalyk süren bu täze döwründe käbir ýerlerde diñe diñe tebigat ylymlarynyñ däl, dini hakykatlaryñ-da akyla esaslandyrylan kesgitlemesini, ynanjy giñeldipdir. Ýöne bu kesgitlemäniñ ýaýylmagy uzaga çekmändir, akyl bilen metafizikanyñ gurlup biljek ynanjyna çynlakaý tankytkar getirilipdir. Bu tankytlar köplenç maddaçylardan (materialistlerden) çykyşy ýaly, dinde akyldan zyýada ynanja ähmiýet beren käbir dindar adamlardan-da çykypdyr. XVIII asyr bilen birlikde Aýdyñlanma döwri başlapdyr, bu çarçuwada metafizika garşy sistemalaýyn şübheçilik döräpdir. Häzirki döwürde käbir gatlaklar geçmişde görlen buthananyñ islegine görä açyklama we praktikalaryny ateizme we materializme basgançak hökmünde ulanypdyr, dine we Tañry ynanjyna garşy bilan ýigrenji körükläpdirler. Ýöne ideýa derejesinde diñe bir filosofik saýlaw meselesi bolan ateizmiñ soñky döwürde syýasatyñ guralyna öwrülmegi we käbir ideologiýalara esas edilmegi-de, adamzady aýry bir heläkçilige iteripdir, bisowatlykdan gözbaş alýan dini fanatizmiñ döreden heläkçiliklerinden has çökder zorluk-sütemlere we ezýetlere şert döredipdir. Ateizm XIX asyrdan başlap, täze öwüşgine eýe bolupdyr. Käbir gatlaklar ylmy işleri diniñ garşysyna gönükdiripdir, pozitiw ylymlardaky dürli derñewler we gipotezalar dini ynançlary çüýretme maksady bilen ulanylyp başlanypdyr. Aýratyn hem soñky döwürde Günbatarda adam azatlygy bilen Tañry eradasynyñ (buthana doktrinalary) arasynda düýpli gorp emele gelipdir we adamlar bu iki gapma-garşylykly tarapyñ birini saýlap alypdyr. Şol döwür Tañry problemasy ateistleriñ pikiriçe, ynsanyñ özüne ýat bolmagy we azatlygyny ýitirmegi tarapyndan-da esasy bir mesepe bolup gözügipdir.[5] Artur Şopengauer (1788-1860), Awgusto Kant (1798-1857), Feýerbah (1804-1872), Karl Marks (1818-1883), Fridrih Nişse (1844-1900), Zigmund Freýd (1856-1939), Sartr (1905-1980) we Auer (1910-1989) ýaly filosoflar ýaşan döwürlerde ateizmiñ öñbaşçylary bolupdyr. Bu döwürde, umuman, ähli dinler, esasan bolsa, hristianlyk dürli görnüşlerde tankytlanyp, inkär edilipdir. Soñky döwürde materializm dürli şekillerde goralypdyr. Materializmiñ tassyklamalary, esasan jem marksistik gatlakarda täzelenipdir we ylmy ateizm donuna bürendirilipdir. Ýene bu döwürde Kantyñ pozitiwizmi we beýleki pozitiwistik akymlar-da ynançsyzlyk adyna aktiw rol oýnapdyrlar. Bu akymlaryñ iñ täsirli ýaragy-da pozitiw ylymlar (dogrusy ylmy gipotezalar) bolupdyr. Şeýle ýagny: XVIII asyryñ soñlary bilen XIX asyryñ ortalaryndan başlap, dürli ýollaryñ üstünden ylym bilen diniñ arasynda emeli gapma-garşylyk döredilipdir we ylmyñ hatyrasyna dilujundaky bu gapma-garşylyk mydama täzelenip durupdyr. Ylmyn absolýutlygyna ynanýan, şeýlelikde, ylymdan ugur alyp, dini tankytlaýan we inkär edýän ateist akyldarlar zamanamyzda öz pikirlerine görä, ylmyñ daşynda bolan her hili ynanjyñ, nyrh kesmegiñ we garaýşyñda mundan beýläk bir gyra zyñylmagyny isläpdirler. Häzirki wagtda dini inkär edýänleriñ pikiriçe, öñe sürlen we bir gipoteza häsiýetinde bolan käbir tassyklamalar göýä dogrulanan, düzeldilen kömekçi kanunlar ýaly kabul edilipdir. Hatda, käbir töwereklerde bu tassyklamalar bir ideologiýa dogmasy ýagdaýna getirilipdir, jedelleşilmegine we tankytlanylmagyna-da pursat berilmändir. Tañry ynanjy we din hadysasy ýalñyş (emeli) hökmünde kabul edilipdir, by ynanja düşünmegiñ deregne diñe onuñ näme üçin we nähili bar bolýandygyna degişli düşündirişlere başlamaga ýüzlenilipdir. Ýönekeýleşdiriji pozisiýa bilen bu ynançlar pozitiwistik prinsip ýa-da öñünden kabul edilen hereket bilen düşündirilmäge çalşylypdyr. Soñky döwürde ylma esaslanyp, dini inkär edýän akyldarlar äleme ylmy çarçuwada çemeleşmegi, analiz etmegi we düşündirmegi maksat edinipdirler we dünýäde bolup geçýän her bir zadyñ pozitiw ylym bilen düşündirilmeginiñ gerekdigini öñe sürüpdirler. Munuñ bilen birlikde-de, diniñ şular ýaly düşünjä garşy gidýändigi baradaky toslamany ýaýmaga çalşypdyrlar. Diniñ pozitiw ylma garşy çykýandygyny aýdýanlar adamlaryñ gözüni baglamak üçin älem we ýaşaýyş baradaky wahyý çeşmeli düşündirişleri bilgeşleýin ýoýup görkezipdirler. Hatda, olartñ gün tertibine getirilmegini, goralmagyny ylym meýdanlarynda jedelleşilmesini-de gadagan edipdirler. Meseläniñ has gowy düşünilmegi üçin käbir akyldarlaryñ tassyklamalaryny getirmegi peýdaly görýärin. Ýöne işimiziñ soñky bölümlerinde gürrüñi edilýän ideýalary has giñişleýin, detally ele alyp çekişjekdigimiz üçin, bu ýerde olara gysgaça kesgitlemeler bermek arkaly düşündirmek bilen çäklenmekçi. Soñky döwürde Awgusto Kant ewolýusion garaýyş bilen "üç hal kanuny" diýilýän metodu ulanypdyr, taryhy özüçe teologik, metafizok we pozitiwistik bolmak bilen üç döwre bölüp, adamzadyñ ösüşini düşündirmek isläpdir. Adamzadyñ bu günki ýagdaýyny-da bu taryhy ewolýusiýanyñ, ösüşiñ netijesi hökmünde görüpdir. Kantyñ pikiriçe, adam soñky döwürde ylym arkaly kämillige ýetip, dini bie gyra taşlamalymyş. Ýöne Kant entek öz durmuşynda ideýalaryna özi bulaşypdyr we baglanyşyksyz, üzlem-saplam gatnaşyklary, hereketleri goýberipdir. Bu gün hiç hili güýji ýok bu tassyklama gynansak-da, käbirleri tarapyndan häzirem hakykat hasaplanýar we soragsyz-idegsiz kabul edilýär. Şeýle-de bolsa, Tañry ynanjynyñ ähli güýji bilen dik durmagy we hemme zada garamazdan, dünýäniñ çar künjünde dini ynançlaryñ ýaşaýşyny dowam etdirmegi Kantyñ ideýalarynyñ ýalñyşdygyny aç-açan subut etdi. Adam bar bolan ilkinji gününde-de, häzir bar bolan ähli aýratynlyklary bilen birlikde üpjün edilendir we özüne ähli ukyplar berlendir. Şonuñ üçin barlygynyñ ilkinji ýyllarynda ol ýönekeý bir janly barlyk ýa-da haýwanpisint jandar däldir. Şeýle bolmanlygy-da, Tañra ynansyn ýa-da ynanmasyn, örän köp alymlaryñ aýdyp geçen zadydyr. Ýagdaý şeýle bolýan bolsa, käbir pozitiwistleriñ orta çykybam "ynsanyn tebigaty başlangyçda beýledi, has soñra şeýle ösüşler boldy we häzir şeýleräk görnüşe geldi" diýmeleri örän gülkünç görünýär. Ol turuwbaşdan pikirlenme, hereket etme we naharlanma, özüne seretme güýjüne eýedir. Elbetde, ol şol günden bäri özüni we älemi ýaradan Ýaradyjyny gözländir. Tañrynyñ ägirt güýjüniñ öñünde Oña haýran galandyr we şükür edendir. Bu ynanç we haýranlyk bütin tersa düşünjelere garamazdan, häzirem dowam edýär. Geljekde-de şeýle bolar. Ewolýusiýa düşünjesine gol ýapýanlaryñ güwä geçişi ýaly wagtyñ geçmegi bilen üýtgeýän (ösýän) zat ynsanyñ tebigaty we ynanjy bolman, dünýä bilen ilteşikli tejribeleri we maglumatlarydyr. Şol sanda munuñ soñy ýok. Her gün orta täze çykýar we her wagtda täze zatlar oýlanyp tapylýar. Ýöne üýtgeýän zatlaryñ ýanynda üýtgewsiz gymmatlyklaram bar. Bularyñ arasynda-da etiki-estetiki we dini gymmatlyklar bar. Aýratynam bular ynsan tebigatynyñ aýrylmaz aýratynlygydyr. Netijede, ynsana we Tañry ynanjyna düýne ýa-da bu güne görä baha bermek ýa-da geljekde başga hili boljagyny çaklamak şowsuzlyga uçradýan ýagdaýdyr. Soñky döwrüñ iñ meşhur ateistleriniñ arasynda Feýerbah we Karl Marks bar. Tañry ynanjyny antropologik metod arkaly düşündirmäge synanşan Feýerbah "The Essence of Christianity" atly eserinde ateizmi "hakyky gumanizm" hökmünde kesgitläpdir. Tañry düşünjesiniñ-de ynsan akylynyñ öz tebigatyny daşary ýañzytmagyñ netijesi bolýandygyny aýdypdyr. Onuñ pikiriçe, ynsanyñ Tañrynyñ barlygyna ynanmagy bir manyda öz şahsyýetini ýalanlamagy, özüne ýat bolmagy we garyplaşmagyndan başga zat dälmiş.[6] Feýerbahyñ ideýalary ýaşan döwründe örän täsirli bolupdyr, Mark we Freýd başlyklaýyn örän köp akyldara çuññur täsirini ýetiripdir. Marks bolsa XIX asyryñ Ýewropasynda burjuaziýa we kapitalizmiñ agalyk sürýän jemgyýetinde diniñ roluny açyp görkezýär. Marksyñ pikiriçe, şeýle jemgyýetde din (buthana) ynsany täsirsiz hala getirip, hemme zada razy bolar ýaly edýär. Şonuñ üçin Marksyñ pikiriçe, sosializm gurulmaly.[7] Diñe şeýdip sosial we syýasy taýdan adamlaryñ azatlygy gazanylmaly, şonuñ üçin din duýgusynyñ emele gelýän çeşmeleri-de guradylmaga degişli.[8] Marksyñ ideýalary-da asyrymyzda çuññur täsirler oýandyrypdyr, örän köp adamy yzyndan süýräpdir. Ýöne syýasy we sosial gurluşyñ üýtgemegi bilen birlikde, Marksyñ ideýalarynyñ-da praktikada artykmaç agyrlygy galmady. Soñky döwürde ateizmiñ beýleki öñbaşçysy Freýd bolsa, ynsandaky Tañry ynanjyny psihologik derñewler, seljermeler arkaly düşündirmäge synanşypdyr, din duýgusyny adamzadyñ iñ köne, iñ güýçli we iñ gutulgysyz arzuwy hökmünde baha beripdir. Bu duýgyny-da çagalyk ýalñyşlygy (hyýaly) hökmünde beýan edipdir. "The future of an Illusion" atly eserinde-de Tañry ynanjyny, çagadaky kaka hyýalynyñ ulaldylan görnüşdäki ýüze çykmasy hökmünde öñe sürüpdir.[9] Beýleki bir ateiat Nişse bolsa, ynançsyzlyga tapawutly esas getiren aýratynlykda hristianlygyñ Tañry düşünjesiji gazap bilen inkär edipdir. Tañry ynanjyny içine alýan ähli urp-adatlara, gymmatlyklara şübheçi garaýyş döredip berýän Nişse Tañryny (Isany) ynanylmaga mynasyp barlyk hökmünde görmändir. Dramatik stilde "Tañry (Isa) öldi. Ony biz öldürdük" diýen Nişse bu sözi bilen Tañry düşünjesiniñ we bu düşünjäniñ üstünde gurlan ähli ynançlaryñ dolulygyna syrylyp-süpürilip bir gyra oklanmagyny arzuw edipsir we tañrysyz durmuşy maksat edinipdir.[10] Soñky döwrüñ iñ meşhur ateistleriniñ biri-de Žan Pol Sartrdyr. Ynsanyñ azatlyga tussah bolýandygyny tassyklaýan Sartr Tañry ideýasynyñ ynsanyñ özüni tañrylaşdyrma we özüni Tañry hökmünde görme arzuwynyñ miwesidigine güwä geçipdir. Sartryñ pikiriçe, barlygy özünden öñ gelen ýeke-täk barlyk ynsandyr. Bu ynsan bar bolanyndan soñra özüji, tebigatyny we gymmatlyklaryny emele getirýär we özüni şeýle kesgitleýär. Şonuñ üçin Sartryñ pikiriçe, ynsanyñ azatlygy taýdan Tañrynyñ bar bolmaga haky ýok. Tañry ýokdugy üçinem, her haýsy bir absolýut gymmatlykdan söz açmagyñ mümkin däldigini aýdýan Sartr[11] bar boluşçylyk (eksiztensializm) akymynyñ-da möhüm ateist filosoflarynyñ biri bolupdyr. Günbatarly akyldarlar hristian dünýäsinin krizisleri bilen orta çykan we Günbatar medeniýeti üçin belli bir karara, çözgüde gelip biljek tassyklamalarda bolupdyrlar. Munuñ tersine musulmanlaryñ ýaşaýan sredasynda muña meñzeş meseleleriñ we garaýyşlaryñ ýüze çykma ähtimaly ýok diýerlik derejede pes. Şonuñ üçin bulary biri-birine garyşdyrmazlyk gerek. Ýöne bu ýerde gynandyryjy bie zat - Günbatar üçin ähmiýetli we düşnükli bolan bu düşünjeleriñ beýleki medeniýetlere-de şeýle derejede aralaşdyrylmagy we kabul etdirilmäge çalşylmagydyr. Şeýle-de bolsa, her medeniýetiñ özüne mahsus aýratynlyklary bilen birlikde, durmuşa bolan özboluşly garaýşy we beýleki medeniýetlerden aýran içki dinamikalary bardyr. Ýokarda atlary agzalan akyldarlar asyrymyzda adamlaryñ arasynda uly yzlar galdyrypdyrlar we ateizmiñ öñbaşçylary bolupdyrlar. Ideýalary ýiti tankydy belliklere sezewar edilipdir. Bularyñ düşünjeleriniñ häzirem dowam edýändigini ýa-da täsirlidigiji aýtmak kyn. Häzirki döwrüñ adamlary geçmişe proporsional derejede örän parhly maglumatlara eýe. Şonuñ üçin olar örän köp zady yzda galdyrdy. Şeýle-de, dogrulygyndan şübhe duýulmaýan örän köp tassyklamanyñ ýalñyş çykýandygyny tejribe görkezipdir, diñe öz bähbidine çapandygy aýdylýan inkär ediji we ýykyp-ýumrujy ideologiýalaryñ nämelere getirendigini durmuş tejribesi aç-açan görkezipdir. Adamzat bar bolan wagtynda we ýerinde düşünje we ynançlardaky dürli-dürlililer dowam edäýmeli zat. Geljekdäki bu ynançsyzlyk geljegiñ öz şertlerinde we öz çekişmeleriniñ içinde täzeden şekillenip, barlygyny dowam etdirer. Ýöne görlen zatlar ýakyñ geçmişde bolşy ýaly, geljekde-de ateizm öz ýanynda ylmy we gumanizmi ýarag hökmünde ulanyp bilmez. Çünki her iki ugurda-da ynsan örän çynlakaý terslikleri, bidüzgünçilikleri we ajy-ajy ýatlamalary başdan geçiripdir. Terjime eden: Seýitnazar ÄRNAZAROW. _________________________________________ [1] Fridrih Albert Lang "Materializmiñ taryhy we häzirki düşünjesiniñ (manysynyñ) taryhy". Terjime eden Ahmet Arslan. Izmir 1982, sah 1-29; [2] Piter Geach "The Meaning of God", Religion and Philosophy, ed. Martin Warner, Cambridge 1922, sah 85-88; [3] Abdyrahman Bedewi "Min Tarihil-Ilhad fil-islam", Beýrut 1980, sah 26-28, Nejip Taýlan "Yslam düşünjesinde din filosofiýalary", Stambul 1994, sah 57-63; [4] Giñişleýin maglumat üçin seret: Taýlan. Görkezilen eser., sah 63-74; [5] Patrik Masterson "Atheism and Alienaton" London 1971, sah 1; [6] Ludwig Feurbach "The Essence of Christianity". Iñlisçä terjime eden: Marian Ewans. London 1843, sah 5-30; [7] Marksyñ ideýalarynyñ filosofik tarapy bolmak bilen birlikde, has artykmaç ykdysady, syýasy we taryhy ölçegleri bilen öñ hatara çykýar. Proletariat häkimligini maksat edinýän Marksyñ pikiriçe, her haýay bir döwürde her haýsy bir jemgyýetiñ önüm gurallarynyñ araçylygy bilen ýeten ösüş derejesi synplaryñ formasiýasyny kesgitleýär. Bu-da şahsyýetleriñ biri-biri bilen gurjal baglanyşyklaryny kesgitleýär. Ýokary gurluş diýilýän ideologiýa, din, filosofiýa, sungat, ahlak we hukuk sistemalary-a bu esasa emele gelýär. Marks üçin jemgyýet garaýşyndan iñ ähmiýetli bolan zat ýaşaýyş güýjüni nähili şekilde dowam etdirjegiidir. Bu-da adamlaryñ tebigat bilen biri-birleri bilen gatnaşyklarynyñ esasyny düzýär. Öndüriji güýçleri, jemgyýetçilik gatnaşyklaryny belläpdir. Öndüriji güýçleriniñ üýtgemegi adamlaryñ ýaşaýyş şekillerini we şahsyýetleriñ biri-birine bilen bolan gatnaşyk şekilleriniñ üýtgemegi bilen netijelenmeli. Mundan synplaryñ guramalanma şekilleri-de täsirlenmelidir. Öndüriji güýçleri-de jemgyýetiñ doly özünde däl-de, bir böleginiñ elinde bolandygy üçin synp peýdalarynyñ konflikti gutulgysyzdyr. Dogrusy, Marskyñ pikiriçe, dünýä taryhy-da syýasy konflikleriñ taryhyndan ybarat. Bu ýagdaýyñ rewolýusiýa, ýagny kommunizme çenli dowam etmegi tebigydyr. Ýöne hiç bir synp öndüriji güýçlerini elinden añsatlyk bilen gidermeýär. Şonuñ üçin kommunizmiñ gurulmagynyñ ýeke-täk ýoly bar, olam - sistemanyñ güýç ulanyp ýykylmagydyr. Giñişleýin ýykylmagydyr. [8] Hans Küng "Does God Exist?", London 1991, sah 229, Sidney Hook, From Hegel to Marx, USA 1962, sah 17-18; [9] Sigmund Freud "The Future of a Illusion", Iñlisçä terjime eden: W.D.Roson-Scott, London 1934, sah 39-55; [10] James Collins "God In Modern Philosophy", London 1960, sah 263; [11] Jean-Paul Sartre "Existentialosm and Human Emotions", Inkis diline terjime eden B.Frechman, New York 1957, sah 15. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |