02:50 Ateizm näme?: Ateizm hakynda düşünjeler | |
ATEIZM WE ONUÑ TANKYDY
Edebi makalalar
■ Giriş Tañrynyñ barlygyna ynanmak ýa-da ynanmazlyk meselesi adamzat taryhynyñ iñ gadymy we iñ jedelli problemalaryndan biridir. Garaz, hemme kişi bir şekilde bu mesele bilen gyzyklanypdyr we özüçe bir kanagata ýetipdir. Günümizde-de bu mesele ähli çekijiligi we hereketliligi bilen garşymyzda durýar. Düşünje taryhynda bu tema bilen baglanyşykly bolan biri-birine garşy iki däp emele gelipdir. Bulardan birinjisi we giñ ýaýranu teizmdir. Beýlekisi bolsa, birinjisine garanda, şeýle kabul edilmeýän, ýöne käbir jemgyýetlerde täsirli bolan ateizmdir. Teizm Tañrynyñ barlygyny goraýan we bu Tañrynyñ-da artykmaçlyk, ýaradyjylyk, kişilik, ýagşylyk, başlangyçsyzlyk, ebedilik we şular ýaly sypatlarynyñ bardygyny tassyklaýan filosofik mekdebiñ adydyr. Bu mekdep çeşmesi gözbaşy boýunça ylahy bolan we dünýäniñ Tañry tarapyndan ýaradylandygyna ynanýan üç uly diniñ, ýagny iudaizmiñ (ýewreý dininiñ), hristianlyk we yslamyýetiñ Tañry düşünjesini-de filosofik bir stil bilen dile getirýän we goraýan bir düşünjedir. Ateizm bolsa, başda ylahy bolan ähli Tañry düşünjelerini ret edýän, munuñ bilen birlikde, dünýäniñ-de ýaradylmadygyna ynanýan filosofik mekdepdir. Gürrüñi edilýän mekdepler arasynda örän çynlakaý çekişmeler bolup, bu maksat bilen tom-tom kitaplar ýazylypdyr. Teistler bolsun ýa-da ateistler bolsun, biri-birlerini tankytlamak we tassyklamalaryny çüýretmek üçin ellerinden gelenlerini edipdirler. Edilen bu çekişmeleriñ-de, esasan, teoretiki we praktiki bolan iki ölçegi, derejesi bardyr. Teoretiki çekişmeleriñ özeninde filosofik meseleler bardyr. Praktiki çekişmelerde bolsa, has köp ideologik maksatlaryñ öñ plana çykyşy görülýär. Tañrynyñ barlygyna ynanýanlar bilen ynanmaýanlaryñ arasyndaky çekişmeleriñ esasynda adamlaryñ näme üçin ynanýan ýa-da ynanmaýandygy ýaly meselelere ýer berilmeýär. Aslynda bu we muña meñzeş meselelerde hiç kimiñ hiç kimi soraga çekmäge ýa-da günäkärlemäge haky ýok. Çünki her kin položitel bolsun, ýa-da otrisatel bolsun, öz ynanjy bilen baş-başadyr. Bu ýagdaý her bir tarap üçin-de gürrüñi edilmeli zat, esasy obýekt. Şeýlelikde, gün tertibinde durýan we çekişiliýän zat belli bir ynanjyñ kabuly bolman, gürrüñi edilýän ynanjyñ arkasynda ýatan motiwler we ideýalaryñ esasy fundamentleridir. Tañra ynanýan adamlar başda öz durmuşlary bolmak bilen kemçiliksiz dünýäniñ barlygy bilen baglanyşykly bolan, sistematiki düşündirişleri orta goýupdyrlar. Ynançlary bilen baglanyşykly bolup-da, teoretiki nukdaýnazardan logiki, deñagramly, rasional we ahlaky motiwleri öñe sürüpdirler. Ateistler bolsa, her näçe orta sistematik bir düşünje goýmasalar-da we adamzadyñ barlygy bilen baglanyşykly göwrümli bir garaýyş nukdaýnazaryny getirmeseler-de, Tañry bilen baglanyşykly birtopar tezisleri öñe sürüpdirler we dini ynançkar hakynda käbir tassyklamalarda bolupdyrlar. Bularyñ içinde dykgata alnyp bilinjek filosofik tankytlaryñ bolşy ýaly, strukturasynda örän köp deñagramsyzlyklary bolan ideologik gipotezalar-da ýer alýardy. Ateistler orta deñagramly ideýalar goýup, adamlary ynandyrmaga çalyşmagyñ deregine, köplenç, reaksion hereket edipdirler we diñe garşy tarapyñ tassyklamalaryny tankyt etmegiñ ýoluna gidipdirler. Esasan hem asyrymyzda bu reaksiýalar praktikada ýykyjy hala öwrülipdir we hiç bir norma, düzgün bilmändir. Tankytlaryñ köpüsinde-de, garşydan islenilen kriteriýalary alyp bilende-de, bozuk, akyla sygmaýan we öñünden karar alnan ýagdaýlar orta çykarylypdyr. "Ateizm we onuñ tankydy" atly bu ylmy işimizde ateizm dürli ugurlary bilen ele alnyp çekişilendir. Işiñ başynda problema añladylandan soñra, meseläniñ dürli taraplaryna deginilip we ateizmiñ tassyklamalarynyñ ýalñyşlygyna bellik edildi. Problemanyñ syýasy tarapy ele alnyp, ideologik ýalñyş pikirler bilen dini ynançlar arasyndaky garşylyklaryñ üstünde duruldy. Bu işde köpüsi ateist bolan örän köp akyldaryñ eserinden peýdalanyldy. Aýratyn hem "Häzirki zaman iñlis filosofiýasynda ateizm meselesi" atly neşir edilmedik doktorlyk dissertasiýamdan-da peýdalanyldy. Bu eseriñ taýýarlanylmagynda kömeklerini gysganmadyk öñi bilen professor Mehmet Aýdyn bolmak bilen, hormatly mugallymlaryma we ýoldaşlaryma, TDW Yslam barlaglary merkeziniñ ýolbaşçylaryna minnetdarlyk bildirýärin, işiñ mesele bilen gyzyklanan hemme kişä peýdaly bolmagyny umyt edýärin. Dr. Aýdyn TOPALOGLY, Üsküdar 1998. ▶ ATEIZM NÄME? ■ Ateizm hakynda düşünjeler Ateizm termini öñi bilen filosofik bir düşünje bolup, Tañry ynanjynyñ garşysynda reaksion bir düşünjäni añladýan dünýägaraýşyn adydyr. Taryhda şeýle bir ýaýgyn bolmasa-da, köne döwürlerden bäri günümize çenli bar bolan we käbir filosoflar tarapyndan añladylan ähmiýetli bir problemadyr. Asyrymyzyñ ilkinji ýarymynda-da taryhda hiç bir wagt bolmadygy derejede ýaýran we özüne tarapdar tapan bir düşünje akymydyr. Günümizde bolsa, öñki güýjünden uzaklaşan we ideýa esaslaryny bir-bir ýitiren ideologik bir hereketiñ görnüşidir. Ateizm sözi grekçe "Tañry" manysynda gelen "Theos" sözünden döräpdir. Bu sözden-de "Tañry ynanjyna eýe bolmak" ýa-da "Tañra ynanmak" manysynda "theism" düşünjesi orta çykypdyr. Ateizm sözi-de iñlisçe "theism" sözüniñ başyna "A" prefiksiniñ goşulan görnüşi bolup, türkmençe "tañrytanamazlyk" manysynda gelýär.[1] Bu eserde mesele analiz edilýärkä, tañrytanamazlyk ýa-da ynançsyzlyk terminleri ulanylmak bilen birlikde, dilimizde ýaýgynlyk gazanandygy üçin, ateizm sözüniñ özüniñ-de şeýle ulanylmagy makul bilindi. Ateizm düşünjesi filosofik bir garaýşy añlatmagyñ ýany bilen gündelik dilde-de belli bir ýaşaýyş usulyny we özüni alyp baryş şekilini-de añlatmakdadyr. Şeýle hem, gündelik dilde-de meñzeş bir pikiri añladýan ýa-da ony duýdurýan, yşarat edýän sözler bar. Meselem, medeniýetimizdäki (dilimizdäki) "ynançsyz" ýa-da "inkärçi" ýaly sözler-de bu terminiñ garşylygynda ulanylýar. Mundan başga-da bu söz dini edebiýatymyzdaky "kapyr" (Tañrynyñ barlygyny inkär edýän), müşrik (Tañra şirk getirýän), zyndyk (Tañra we ahyrete ynanmaýan) we aýratyn hem "mülhit" (tañrysyz) ýaly sözler bilen-de añladylyp biler.[2] Bu-da problemanyñ praktiki göwrüminiñ bardygyny we ýönekeý adamlaryñ-da beýle bir pikir we ynanyş şekillerine garşy ýat bolmaýandyklaryny orta goýýar. Filosofik problema hökmünde ateizmiñ kesgitlenmesi bu terminiñ düşünilmegi ýaly añsat däl. Munuñ dürli motiwleri bar. Bularyñ arasynda-da ortada iñ köp Tañry düşünjesiniñ, din akyl ýetirişiniñ we Tañry ynanjy bilen baglanyşykly filosofik çemeleşmäniñ bolmagydyr. Muña garşy biri-birinden tapawutly bolan ateistik akymlar-da bardyr. Şonuñ üçin ortada arassa ateizm kesgitlemesinden ýa-da teizm şekilinden söz etmek mümkin däl. Ateizmiñ bir düşünje hökmünde kesgitlenilmegi ýa-da düşünilmegi öñi bilen ylahy dinleriñ Tañry ynanjynyñ nämediginiñ bilinmegi bilen mümkin bolar. Çünki ylahy däl haýsydyr bir ynanjy (butparazçylygy, totemizmi, paganizmi we ş.m.) ýa-da dini (buddizmi, şintoizmi, Afrikadaky taýpa ynançlaryny we ş.m.) ret etmek hökmany suratda ateizm manyny gelip bilmez. Ýene ateizmiñ kesgitlenmegi üçin ylahy dinlerde Tañry ynanjy bilen baglanyşykly bolup, pygamberlik we ahyret ynanyşlaryñ-da göz öñünde tutulmagy gerek. Munuñ sebäbi-de ateizmiñ düşünje we pikir hökmünde gürrüñi edilýän ynançlara bolan garaşlylygydyr. Çünki beýle bir ynanç bolmasa, onda ateizm bolmazdy. Bilnişi ýaly, dünýäde birden artyk Tañry düşünjesi bar. Hatda ylahy dinleriñ ýanynda şol bir mezhebiñ ýa-sa mekdebiñ içinde-de parhly düşündirişlere eýe bolnuşy görülýär. Bu nukdaýnazardan seredilende, her dürli Tañry ynanjynyñ ýa-da diniñ doly manysynda ylahy dinleri şöhlelendirmeýändigi (bir söz bilen aýdanyñda, teizm däldigi) añlaşylýar. Bu ýagdaýda dünýäde ýeke-täk tipik dini ynançdan gürrüñ etmek mümkin däl. Şeýle görnüşde ateizmi-de giñ manyda ynançsyzlyk hökmünde ele alsak, ýene dünýäde ýeke-täk bir hili ynançsyzlygyñ ýokdugyny görýäris. Iñ azyndan görnüşi, metod, motiw we maksat taýdan käbir ynançsyzlyklaryñ biri-birinden tapawutly bolýandygyny subut ederis. Şeýle hem, ynançsyzlyk diýlende, derrew akyla ateizm gelmeli däl. Meselem, adamlaryñ köpüsi ynanç eýesi we bir dine degişli bolmagyna garamazdan, beýleki dinleri ret edýärler. Başgalary-da şunuñ ýaly görnüşde hereket edip, diñe öz düşünişlerini gorap, garşysyndaky ynançlary ýalñyş görkezmäge çalyşýarlar. Bu ýagdaýa iñ açyk görnüşde iudaizm, hristianlyk we yslamyýet arasynda gabat gelinýär. Hristianlar yslamyýeti (Alla düşünjesini) we Hezreti Muhammedi ret edýärkä, musulmanlar-da hristianlaryñ teslis (Tañryny üçe çykarma), enkarnasiýa (ölümden soñra direlme) we asly günä ýaly ynançlaryny ret edýär hem-de Hezreti Isanyñ diñe pygamber we ynsandygyny aýdýarlar. Munuñ tersine ýewreýler Tañrynyñ Ysraýyl ogullarynyñ saýlama we ajaýyp ýaradandygyny hem-de öz (milli) Tañrylarynyñ bardygyny aýdýarka, musulmanlar Tañrynyñ ähli adamlary deñ ýaradandygyny, reñki, dili we medeniýeti näme bolsa bolsun, hemme kişä deñ garaýandygyny aýdypdyrlar. Görnüşi ýaly gözbaş taýdan şol bir Tañra ynansalar-da, gürrüñi edilýän diniñ wekilleri özara bölünip, biri-birileriniñ Tañry düşünjelerini, düşündirişlerini kabul etmeýärler. Filosofiýa taryhynda dindar bolmasa-da, Tañry ynanjyna eýe akyldar bolupdyr. Munuñ tersine, häzir örän köp duşuşy ýaly, aýratyn hem Günbatar dünýäsinde daşky görnüşi boýunça dindar bolsa-da, hakykatda Tañra ynanmaýan örän köp adam bar. Bu ýagdaý teizmiñ, hem-de ateizmiñ kesgitlenmesinde birtopar kynçylyklarynyñ bardygyny görkezýär. Dünýäniñ käbir ýerlerinde ateizmiñ ideologik ýagdaýa getirilmegi-de kesgitleme meselesinde aýratyn kynçylyk döredipdir. Meselem, özeninde materialistik we sosialistik syýasat maksatnamalarynda ateizm adamlara kabul edilmegi hökmany bolan durmuş formasy, usuly hökmünde öñe sürlüpdir... Bu ýerde-de ateizmiñ ideologiýalaryndan özbaşdak, erkin bolup, özbaşyna düşünilme kynçylygyny döredýär. Ateizm aslynda iudaizm, hristianlyk we yslamyýet ýaly üç uly ylahy diniñ Tañry düşünjesini özüne obýekt hökmünde saýlap alýar. Düşündirişlerindäki tapawutlylyklar bir tarapa goýulsa, bu dinleriñ pikiriçe Tañry barlygynda bakylyk we ebedilik bolab erk hem-de kişilik eýesi, artykmaç bir barlykdyr. Barlygy üçin hiç bir sebäbe mätäçlik duýmaýan bu barlyk maddy däl we görünýän älemiñ añyrsyndadyr. Zatlary ýokdan bar kylmaga güýji bolan bu barlygyñ güýji-de Tañry bolmak tarapyndan hemme zady etmäge erklidir. Aýratyn hem ýaradan dünýäsini we onuñ içindäki ähli barlyklaryny şekillendirýär, tertipleşdirýär we işleýiş kanunlaryny belleýär. Bir söz bilen bu kanunlaryñ saýasynda olaryñ barlyklarynh dowam etdirmelerine mümkinçilik döredýär.[3] Bu kesgitleme çarçuwasynda Tañrynyñ barlygyna ynanýan we bu ynanjyny-da añladýan kişä mömin diýilýär. Tañry düşünjesine ynanmaýan kişä bolsa, ateist diýilýär. Ýagny bir söz bilen aýdanyñda ateist diýip ylahy dinleriñ düşündirişi ýaly görnüşde barlygynyñ öñi we soñy bolmadyk, ähli zatdan artykmaç, älemi ýaradan we kanunlary bellän, erk we kişiligiñ eýesi, hemme zady döretme, bilme we görme gudraty bolan, ynsanlaryñ haýryny isleýän we olara durmuşy bagyş eden bir barlyga ynanmaýan kişä aýtsa bolar. Başgaça aýdanda, ateist hem-ä düşünje derejesinde, hemem gündelik durmuşynda gürrüñi edilýän Tañrynyñ barlygyny ret edýän, şunuñ bilen birlikde pygamberi we ahyret ynançlaryny-da kabul etmeýän kişidir. Dinler tarapyndan Tañra gönükdirilen aýratynlyklar käte töwerekden töwerege üýtgäp bilýär. Aýratyn hem ýewreý we hristian akyldarlarynyñ bir topary bu esasy aýratynlyklara sadyk galmak bilen birlikde, käte öz daşyndakylaryñ (musulmanlaryñ) kabul etmejek görnüşinde oña düşündiriş berýärler. Meselem, ýewreýleriñ Tañryny diñe Ysraýyl ogullaryna degişli milli Tañry hasaplamalaryna, hristianlaryñam Tañryny bir ýandan Ata (Father) hökmünde suratlandyrmalaryna, beýleki tarapdan ony ogul Isa şekilinde dünýä gelen hökmünde düşündirmelerine musulmanlar garşy çykypdyrlar. Musulmanlaryñ gürrüñi edilýän düşünjelere garşy çykma motiwleriniñ arasynda her iki däbiñ özeninden aýrylandygy, aslyny üýtgedendigi, akyl we logikanyñ daşyna çykylandygy ýaly ýagdaýlar bar. Haýsydyr bir ateist her zat bolmagyna garamazdan, bu dinlere we Tañry düşünjelerine açyk garşy çykmak bilen birlikde, esasan hem olaryñ tapawutlaryny pikirlenmezden her üçüsini-de birden inkär edýär. Günbatar dünýäsinde orta çykan filosofik ateizmiñ hernäçe artykmaç barlyga ýa-da ýaradyja garşy reaksiýa hökmünde orta çykyşyna düşünilse-de, adamlaryñ ynançsyzlyga tarap süýrelmeginde hristianlaryñ özboluşly düşündirişleriniñ we buthana doktrinalarynyñ uly roly bolupdyr. Şeýle hem yslamyýetiñ hristianlyk bilen baglanyşykly garşy çykan örän köp elementleriniñ içinde bular bardyr. Ateistleriñ garaýşyndan tankyt obýekti bolan we belki-de dinden çykma sebäbi bolan bu ynançlaryñ uly bir bölegi musulmanlar tarapyndanam ret edilýär.[4] __________________________________ [1] John Hock "Philosophy of Religion", USA 1963, sah 4; [2] Mehmet Aýdyn "Din filosofiýasy", Izmir 1987, sah 162; [3] H.P.Owen "Theizm", The Encyclopedia of Philosophy, ed. Paul Edwards, Macmillan In, New York 1972, I, sah 97-98; Bekir Topalogly "Allah" mad., Din fondunyñ Yslam ensiklopediýasy, Stambul 1989, II, sah 471-498; [4] Ateizmiñ kesgitlemesi bilen baglanyşykly jikme-jik maglumat üçin seret: Aýdyn Topalogly "Häzirki zaman iñlis filosofiýasynda ateizm meselesi" (neşir edilmedik doktorlyk dissertasiýas, 9-njy sentýabr uniwersitetiniñ sosial ylymlar instituty, Izmir 1996, sah 2-31. Terjime eden: Seýitnazar ÄRNAZAROW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||