ADALAT — DÖWLETIÑ BAŞ SÜTÜNI
Ösüşi, rowaçlygy, bagtyýarlygy adalatdan we ynamdan üzňe göz öňüne getirip bolmaýar. Her bir raýatyň özüni öz iş ornunda, öz öýünde, mahlasy, durmuşda erkin, ynamly duýmagy ýurt asudalygyna, döwlet syýasatyna bagly.
Döwletiň baş sütüni adalat bolanda şeýle beýik işleriň hötdesinden gelmek bolýar. Muňa taryh hem şaýat. Merdana ata-babalarymyzyň dünýäniň dürli künjeklerinde guran kuwwatly döwletleriniň taryhy, türkmen soltanlarynyň alyp baran döwletli syýasatlary uly gyzyklanma döredýär. Bilşimiz ýaly, türkmen soltanlarynyň adalatlylygy bütin dünýä meşhurdyr. Adalat türkmen hökümdarlarynyň baş ýörelgesi bolupdyr. Adalat döwletiň sütüni bolup, döwletiň berkligini we sarsmazlygyny üpjün edipdir. Berk işlenilip düzülen tertip-düzgün döwletiň syýasy dowamatynyň esasy girewi bolupdyr.
Beýik Seljuk türkmen döwletiniň soltany Alp Arslan söweş meýdanlarynda görkezen edermenligi bilen birlikde, döwleti ýokary derejede edara edip bilenligi we adalatlylygy bilen hem uly şöhrata eýe bolupdyr. Orta asyr taryhçysy Ibn Esir Alp Arslanyň adalatlylygy hakynda şeýle ýazýar: «Ol köp sadaka bererdi. Oraza aýynda 15 müň dinar sadaka paýlardy. Diwanynda ülkesiniň hemme ýerindäki garyplaryň ady ýazylyp, olara kömek üçin peşgeş bellärdi». Onuň adalatlylygy hakynda rowaýatlaryň birinde şeýle aýdylýar. Bir gün soltan Alp Arslan özüniň ýakyn emeldarlary bilen Merwe golaý bir obanyň bagynyň ýakynyndan geçip barýardy. Bagyň bagbany olara gowy bişen almalardan hödürläp, miwelerden dadyp görmegi haýyş edipdir. Soltan almalary alypdyr-da, olaryň bahasyny tölemegi buýrupdyr. Muňa geň galan wezirler:
— Soltanym, heý-de hödür-keremiň bahasy tölenermi? — diýipdirler.
Onda Alp Arslan:
— Uly adalatsyzlyklaryň ählisi owunjak zatlardan başlanýandyr. Eger-de biz öz raýatymyzdan ýekeje almany hem bahasyny tölemezden alsak, onda döwletiň beýleki emeldarlary hem olaryň zatlaryna göz dikerler. Şonuň üçin hem biz hiç wagt ýaramaz görelde görkezmeli däldiris — diýipdir.
Beýik Seljuk türkmen döwletini giň çäklere ýetiren Mälik şa öz goşuny bilen Hyradyň eteginde düşläpdir. Soltanyň nökerleri garry daýhanyň eklenç çeşmesi bolan ýekeje sygryny soýup iýipdirler. Ertesi irden soltan goşuny bilen ýoluny dowam etdirmekçi bolanda, daýhanyň garryja aýaly goşunyň geçjek köprüsiniň üstünde oňa ýol bermän oturyberipdir. Soltan ýoldan sowulmagy talap edende, ol soltanyň nökerleriniň eden etmişini aýdyp, olary jezalandyrmagy talap edipdir. Soltan öz gaznadaryna on sygryň bahasyny tölemegini buýursa-da, kempir ylalaşmandyr. Ol soltana puluň ýa-da güýjüň kömegi bilen Hyrat köprüsinden geçip biljekdigini aýdyp, emma ertirki gün syrat köprüsinden geçmeli bolanda näme etjekdigini sorapdyr. Bu sözler soltany oýlandyrypdyr we jenaýatkärleri berk jezalandyrypdyr. Merdana ata-babalarymyzyň bu ajaýyp häsiýetleri biz, ýaşlar üçin nusgalyk mekdepdir.
Sona GAÝYPOWA.
Halk döredijiligi we rowaýatlar