18:46 Adam hakynda ak goşgy | |
ADAM HAKDA AK GOŞGY
Goşgular
Eý adamzat, adamzat! Sen niçik zat?! Öňde-soňda syn etseň, Jümle-jahan ýüzünde Ýeriň togalagynda Senden beýik jandar ýok. Akyl saňa berlipdir, Paýhas saňa berlipdir, Mähir saňa berlipdir. Yhlas saňa berlipdir, Dünýäde beýik duýgy, Söýgi saňa berlipdir, Söýginiň ýany bilen, Gaýgy saňa berlipdir. Asman saňa berlipdir, Şol asmandan nur saçýan Aý-Gün saňa berlipdir Ömürlik sallançagyň Zemin saňa berlipdir. Zemin üstüne çöken Beýik daglar berlipdir, Ir-iýmiş, saýa berýän Gara baglar berlipdir. Ýaşylbaşly, ördekli Deňiz, köller berlipdir Hydyr gezen diýilýän Düňle çöller berlipdir. Mertebäňi beýgeldýän Zähmet saňa berlipdir Zähmet çekseň hemişe Rehnet saňa berlipdir. Garaz, nätjek ýene-de Sanasaň sogaby bar Kän zat saňa berlipdir. Belki dostum diýýänsiň, Sanamak nämä gerek, Bu aýdýanlaň hemmesi Görer göze görnüp dur. Hawa, dostum hak aýdýaň, Görer göze görnüp dur Ýöne meniň beýnimde Jogaby tapylmaýan Şeýle sorag urnup dur. Aýt, adam säginmän Şol soragmyň jogabyn Saňa näme ýetenok?? Bu gün saňa bir gep az Iki gep hem köp bolýar Gep ýarymy tap diýip Haýdan-haý ýapyşýanyň Tüpeňdir ýa top bolýar. Indi bolsa has elhenç Knopkaň bar eliňde Bir ýekeje sekuntda Ýaşaýşyňdan dynmaga Taýyn bolýaň adamzat! Şol knopka basaýsaň Onsoň näme boljagyn Özüň bilýäň adamzat! Heý beýle-de gabahat Iş bolarmy adamzat! Dünýä bakyp doýmaýan Goşa gara gözüňde Ýaş bolmazmy adamzat! Janly-jandar hemmesi Ene Ýerden döredi Heý-de perzent enesin Ýok edermi adamzat! Ene ýakasyn ýyrtyp Çäk etmezmi adamzat! Müň gowgany turuzýan Asman-Zemin arada! Hany saňa berilen Akyl-paýhas nirede?! Aýtsam has-da düşnükli Pyragynyň dilinde «Birek-biregi çapmak Bolmaz asla ärlikden Bu iş ýa şeýtanydyr Ýa-da gözli körlükden». Eý adamzat! Adamzat! Sen niçik zat, Niçik zat? Galat sözleýän bolsam Bagyşlawer zaluwat! Ýöne meniň soragmy Ýüregiňe, beýniňe Nagyşlawer zaluwat! Şu gidişiňe gitseň Seniň ykbalyň meger Bilen tapylmaz aňsat! Aýlanawer aklyňa Eý adamzat! Adamzat! Ýogsam seniň günüňe heý-hat! Heý-hat! Geldi BÄŞIÝEW. | |
|
√ Damak belasy... / Goşgular - 22.05.2024 |
√ Ýiten ýyldyz / Goşgular - 31.08.2024 |
√ Mähremlikden nyşan sen... / Goşgular - 08.05.2024 |
√ Ybraýym Ýusupdan goşgular / Goşgular - 09.10.2024 |
√ "Garrap ýörünmi ýa men..." / Goşgular - 01.01.2024 |
√ "Gitdim senden ilerledip ümzügi..." / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Adamlary görseň ählisi gowy / Goşgular - 09.08.2024 |
√ Garyp köñlümiñ soltany / Goşgular - 21.02.2024 |
√ Takdyr / Goşgular - 14.11.2024 |
√ Was-wasylara... / Goşgular - 23.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |