13:15 Seýis | |
SEÝIS
Goşgular
Bir seýsiň waspyny ýazmaly bolsa, Ýada düşýär ussat Aşyr Garrybaý. Özi türkmen bolsa bedewi söýýän, Şol seýse ýapardy ýürekden serpaý. Ýadymda «Daglynyň» maňlaýyn sypap, Adyňa döneýin diýip durany. Bedewlerdi onuň teninde jany, Bedewlerdi gözün açyp göreni. Hemişe diýerdi bilseňiz hergiz, Seýislik sungaty syrdan doludyr. Bedewleň diline düşünip bilseň, Gyzykly kitaby okan ýalydyr. Şol kitapdan many almakçy bolsaň, Parh goýmaly däldir gündizmi, gije, Irmän-arman halal deriňi dökseň, Aýlawlarda hökman çykýandyr bije. Ýene-de bilmeli ahal atlarnyň, Ýüwrükliginiň syry bardyr dört sany, Çogly güneş, çeşme suwy, howasy, Iň esasy bolsa arassa gany. Şu dört gudraty ýaradan Alla, Eçilipdir şu topraga gysganman, Otuny, suwuny wagtynda berip, Gezimini ýetirmeli gyssanman. Maňa bu sungata söýgi döreden, Büzmeýinli Garagul Gurt diýerler, Ýatan ýeri ýagty bolsun ylaýym, Seýis bary oňa hormat goýýarlar. Köpüň ýadyndadyr «Aýgytly ädimde» Artyk Babalynyň uçar ganaty, Akbilegiň ýüzün salyp barýany, Aýna gyzy alyp gaçýan pursady. Ine şol taryha giren bedewi, Çaga ýaly saklan, seýisin ýetiren, Beýik seýis, bilseň Aşyr Garrybaý, Türkmeniň adyny arşa göteren. Şeýle gürrüň berdi Baýly atly ogly, Ertir aýlaw diýse şol gije ýatman Daruwa gitmeli bolanda kakam, Diýdi menziline bäş metr ýetmän. Aý bolýa-da diýip owarram edip, Yzyňa dolansaň bilerin hökman. Ony maňa seniň özüň aýtmasaň, Arkadagym aýdar hiläňe bakman. Men hem şonda ýaşdym. Oglanlyk etdim. Barmaly menzile ýetmän gaýtdym. Gaýdyp gelsem kakam atymy synlap, Başyn ýaýkap diýdi — Men saňa aýtdym, Edil elli ädim bärden gaýdypsyň, Bu ýagdaýy kakaň bilmez öýdüpsiň. Bar, atyňa münde elli ädime, Gorgunyna goýber han ogul diýdi. Sygryň guýrugynda pyçak döwmegin Telek iş edipsiň jan ogul diýdi. Tä ömrüň ötünçä ýadyňda sakla, Şu gudratdan döwlet tapdyk ahbetin Bedewler özüňden ilki bilýändir, Üstüne müneniň pälin, niýetin. Kakamdan öwütdir nesihat alyp, Aýlawlarda dal bedewler çapdym men, Gije-gündiz yhlasymy gaýgyrman, Şu närseden yrsgal-döwlet tapdym men. Agalarym Agamyrat, Gulmyrat, Bedew münüp, guwandyrdy ilini, Körpämiz Ýazmyrat, şükür Hudaýa, Dowam edýär atamyzyň ýoluny. Daglydyr Arkadag, Peleň, Akbilek, Uly-uly aýlawlary baglady. Şol pursatlar bagt guşum uçdy diýip, Kakam pahyr begenjinden aglady. ...Maňlaýyny sypap, gujaklap durka, Peleň atly bedewiniň boýnuny. Kakamjanyň gözi baky ýumuldy, Görüň ahyr bu pelegiň oýnuny. Iň soňky ýoluna ugratmak üçin, Tutuş Bagyr ulus-ilim ýygnandy. Gözüm bilen gördüm «Dagly» janawar, Örüsini taşlap daglardan indi. Ýatan ýeri ýagty bolsun diýişip, Gelýän adamlaryň hasaby ýokdy. Dagly bolsa howlymyzyň daşynda Zaryn kişňäp gözlerinden ýaş dökdi. Bu ahwala haýran galan adamlar, Ýa, Ýaradan bu ne gudrat diýdiler. Kakamjany eginlerne göterip, Gabrystana sary gadam goýdylar. ...Bir seýsiň waspyny ýazmaly bolsa, Ýada düşýär dostum Aşyr Garrybaý. Özi türkmen bolsa bedewi söýýän, Şol beýik seýise ýapardy serpaý. | |
|
√ Damak belasy... / Goşgular - 22.05.2024 |
√ Mähremlikden nyşan sen... / Goşgular - 08.05.2024 |
√ Goşgular / Goşgular - 16.10.2024 |
√ Ömrümde / Goşgular - 05.07.2024 |
√ Ýogaldy / Goşgular - 05.05.2024 |
√ Ýolma guşuñ ganatyn / Goşgular - 07.09.2024 |
√ Bolarmy / Goşgular - 13.09.2024 |
√ Ybraýym Ýusupdan goşgular / Goşgular - 09.10.2024 |
√ Men ýene / Goşgular - 29.08.2024 |
√ Mollanepes / Goşgular - 03.08.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |