16:39 Adam ýaly aýtsalar... / satiriki hekaýa | |
ADAM ÝALY AÝTSALAR...
Satiriki hekaýalar
Näbelet şäherlerimiñ birine komandirowka geldim. - Aýtsañyzlañ, şu ýerden Sosnowka köçesine nädip baryp bolar? - diýip, intelligent sypat, daýanykly erkek adama ýüzlendim. Ol adam uly höwes bilen ýol salgy bermäge durdy: - O diýýän ýeriñiz uzakda däl. Şundan göni ýöräp, medeniýet köşgüne çenli gidiñ, ol ýerdenem çepe sowluñ-da, ýoluñ sag tarapy bilen kitaphana çenli ýöräñ. Şeýdip, filarmoniýa ýetersiñiz welin, çepiñizd-ä ülkäni öwreniş muzeýi bolar, sag tarapyñyzda bolsa, sazçylyk mekdebini görersiñiz. Ana, şol mekdebiñ arka ýüzündenem siziñ diýýän Sosnowka köçäñiz başlanýar. Men size şol köçä barýan ýene bir ýoly salgy berip bilerin: sergi zalynyñ deñinden ötüp... - Bagyşlañ, hemmesi düşnükli! Indi ýolumy taparyn. Köp sag boluñ! - diýip, men onuñ sözüni böldüm. "Beýle-de bir ýol salgy bermek bor oguşýa! Sen öz ýoluñy sypdyrmanjyk gidiberseñ, şundan gowusy bolmaz!" diýip, öz ýanymdan gaharly hüñürdedim. - Ýer-ow, gardaş, halyñ teñ görünýä-le? - diýip, biri gapdalymdan çykdy. - Görýäñmi, howa gowy, magazinler açyk! Galan zadam gümüne gitsin. Hany, aýt, näçe manadyñ ýetenok? Aýak üstünde zordan duran pyýada meni tanajak boldumy, nämemi, ýüzüme çiñerilip, kellesini iki ýana yrady. - Neme-le, men ýañy otludan düşdüm. Sosnowka köçesine nädip baryp bolarka? - Ol-a itiñ añsady! Şundan göni gidip, piwohana ötägetdinem ýoluñ çatrygyna barsañ, arak magazinjigi bardyr. Şol magazinden köçe-de, seniñ diýýän Sosnowka köçäñ-dä! - Sagja bol-a, agam! Sen-ä muny oñaraýdyñ. Indi ony gözümi dañsalaram taparyn. Sizden örän minnetdar! Dogry-da walla! Şeýdip, adam ýaly aýtsalar, düşünjeg-ä men... Pýotr BUŞANSKIÝ. Terjime eden: P.Söhbedow. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |