08:04 Adamlar we guşlar | |
ADAMLAR we GUŞLAR
Goşgular
![]() Guşlar geçýär, göçýär gökde bulutlar, Men bolsam şu ýerleň içerin suwun. Tebigata ýakyn, örän tebigy Adamlaň arasy – meniň arzuwym. Maňa şu ýerleriň daglary besdir Hem besdir şu ýerleň kümüň çeşmesi. Diňe şu ýerlerde ýüregim mesdir, Meň ýüregim öz ilimiň teşnesi. Guş bolmak arzuwam bolupdy mende, Çagalyk arzuwym guş deý uçmakdy. Göwnüme al şapak, asman, ýyldyzlar... Depämdäki bir elýetmez uçmahdy. Dagyň gujagyndan derýa akýardy, Meniň bosa bar höwesim Asmanda. Çaga köňlüm göge ümzük atýardy, Guwlar uçup – ýerde ýaprak poslanda. Indi bolsa ähli zatlar tersine, Gökdäki guşlara gidenok gözüm. Indi guş dilinden edýän terjime, Käte guşlar bilen oturyp özüm. Maňa öz ýurdumyň ýazyny beriň, Bu guşlara bolsa onuň Asmanyn. Guşlaň nagmasyny diňlesem-de men, Mydam adamlara gulak asýaryn. | |
|
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |