22:32 Adamzadyñ kosmiki gelejegi | |
ADAMZADYÑ KOSMIKI GELEJEGI
Geň-taňsy wakalar
ABŞ-nyñ Nýu-Ýork Döwlet taryh muzeýiniñ "Dünýäniñ daşynda: Kosmosy özleşdirmegiñ gelejegi" atly bölümine gireniñde, edil häzir gum-gukluk çöl bolup ýatan Mars saýýarasynyñ ýaşaýyş üçin oñaýly ýagdaýa getirilmegine kömek etme mümkinçiligi bar. Zala giren her kişi ping-pong stolunyñ ululygyndaky interaktiw ekran arkaly gyzyl saýýaranyñ gelejekdäki özgerişine goşant goşup bilýär. Ilkini etmeli iş - atmosfera gatlagyny galyñlaşdyryp, howany maýlatmak üçin parnik gazy (парниковые газы) bolan karbondioksidi doñan toprakdan we buz gatlaklaryndan çykarmak. Şonda siz saýýarany bombalap ýa-da buz gatlaklarynyñ üstüne Gün şöhlesini çekip, buzlaryñ çalt eremegi üçin gara tüsse üfläp bilýärsiñiz. Adatça biz muzeýlerde goýlan eksponatlary köne ýa-da birwagt ölüp giden zatlar diýip düşünýäris. Aslynda amerikanlaryñ kosmos maksatnamasy-da ölüp barýana meñzeýär. Kosmos boýunça ökde hünärmenleriñ gojalyp, kem-kemden pensiýa çykmagy bilen indi bu pudakda işlejänlerem tükenip barýar. Aýa uçuş etmek dagy indi taryhyñ sahypalarynda galjak ýatlamalaryñ birine öwrüljege meñzeýär. Döwlet tarapyndan goýberilýän pullaryñ kesilmegi we galan soñkuja birküç sany kosmos taslamasynyñ býüžetiniñ dowamly artmagy-da gowulygyñ alamaty däl. Ýöne muzeýiñ bu zaly şolar ýaly kynçylykly meseleleri bir gapdala zyñyp, 50-100 ýyl öñe seretmäge synanyşýar. Kurator Maýkl Şara "Biz häzir öwrülişik sepgidine gelip ýetdik. Siwilizasiýa hökmünde oýlanşykly hereket edip, mundan buýana näme etmelidigimizi maslahatlaşmaly. Biziñ mundan buýanky missiýamyz nähili bolmaly?" diýen soragy orta atýar. Şara muzeýdäki serginiñ yşarat edýän missiýasyny käbir hünärmenlere geñeşip, özüniñ gurandygyny aýdýar. NASA-nyñ ýa-da haýsydyr bir başga guramanyñ resmi programmasy bilen serginiñ hiç hili galtaşygy ýok. Maýkl Şara "Haýsydyr bir ýurt muny hökman amala aşyrar. Belkäm muny ABŞ başarmazam" diýýär. Zala girilende size ýardam etjek "iPhone" programmasy hem bar. Eger-de siz telefonyñyzy kosmos beketleri modellerinden birine tutsañyz, telefonyñyza awtomatiki ýagdaýda goşmaça maglumat gelip goşulýar. Sergi zyýaratçylaryny geçmişe sary dinamiki syýahata çykarýar. Başlangyç menzilde orbitada ilkinji bolup emeli hemra ýerleşdiren, ilkinji bolup bir aýal bilen erkegi kosmosa uçuran we Aýyñ arka tarapyny ilkinji bolup surata düşüren SSSR-iñ gazanan kosmiki üstünliklerini görüp bilersiñiz. Soñ nobat ABŞ-nyñ kosmiki üstünliklerine geçýär: Aýa ilkinji uçuş, 2009-njy ýylda kosmonawt Jon Gransfeldiñ "Hubble" kosmiki teleskopyna täze kamera oturdyşyny görkezýän maket... Ýöne Aýyñ külkesini hem ysgaman geçäýmäñ. "Apollo-17"-niñ ýolbaşçysy Ýujin Sernanyñ ( Ý.Sernan 2017-nji ýylda aradan çykdy -t.b.) aýtmagyna görä ol "ýanan kükürdiñ külkesi" deý ys berýär. Sergidäki külke NASA-da işleýän himikler tarapyndan orginalyna kybap ýasaldy. Adamlaryñ iru-giç (sergini guraýjylaryñ çakyna görä 2030-njy ýylda) bu külreñk we howasyz hemra dolanyp gelmegine garaşylýar. Syýahat broşýurasy görnüşinde ýazylan tanyşdyryş ýazgylarynyñ birinde "Kosmos gämisi bilen Ýerden daşyna diñe üç günlük syýahat, göz gamaşdyryjy Aý sizi myhmançylyga çagyrýar" diýen jümle bar. Özümizi Aýyñ günorta yklymynyñ golaýyndaky bir çöketlik bolan Şeklton kraterinden tapýas. Dowamly garañkylykda galýan bu ýerde birwagt Aýa gelip düşen guýrukly ýyldyzlardan galan buz bolup biler. Şonuñ üçinem gelejekdäki Aý stansiýasynyñ bu ýerde gurlaýmagy ähtimal. Adamlar Aýyñ üstünde zynjyrly tekerleri bolan kiçijik arabalar bilen gezerler we Ýerden çişirilip ugradylan ballonlardan dem alarlar. Aýa gitmegem täsin boljaga meñzeýär. Şaranyñ pikiriçe Aýa Ýeriñ atmosferasyndan inip-galýan "Aý lifti" bilen gidip geleris. Ýeke-täk bir kabelden ybarat bu liftiñ bir ujy Aýyñ üstünde, beýleki ujy bolsa Ýeriñ dartyş güýji bilen perçinlenen görnüşde atmosferada bolar. Maýkl Şara wagtyñ geçmegi bilen kabeliñ Ýere çenli uzap biljegini aýdýar. Şekltondan añyrrakdaky künçde Itokawa astreoidiniñ maketi sallangy dur. Bu astreoide 2005-nji ýylda "Hayabusa" atly ýapon kosmiki gämisi tarapyndan barylyp, üstünden toprak parçalary alnypdy. Obama hökümeti tarapyndan kosmosy özleşdirmek üçin ilki astreoidleriñ öwrenilmeginiñ öñe tutulmagy biziñ gözümizde diýseñ täsin many añladýar. Astronomlar suwuñ we organiki maddalaryñ Ýere gelip düşen astreoidler arkaly dörändigini öñe sürýär. Ýöne haçanam bolsa bir gün Ýere gelip düşjek astreoid tutuş ýaşaýşyñ ýoguna-da ýanyp biler. Gözümizi Marsa dikmegimiziñ bir sebäbi-de şundan gelip çykýar. Mars biziñ töweregimizde birnäçe mümkinçilikleri döredip biljek ýeke-täk saýýara. Hususanam ylmy-fantastika muşdaklarynyñ asyrlar boýy edip gelen arzuwy şu saýýarada ýaşamak. Käbir geologlar Marsyñ wagtyñ geçmegi bilen ýaşamaga amatly saýýara öwrüp boljakdygyna ynanýar. Eger bu zatlar amala aşaýsa, adamzat taryhynyñ deñsiz-taýsyz we iñ gymmatbahaly taslamasy bolar hem-de müñlerçe ýyl dowam edip, trillionlarça dollar harç ediler. Atmosfera gatlagyny galyñlaşdyrmak üçin saýýaranyñ bombalanmagy heniz diñe başlangyç. Soñky etapda kislorodyñ emele gelmegini üpjün etmek üçin Marsa bakteriýalar, otjumak ösümlikler we agaçlar ýerleşdiriler. Elbetde, aýdylýanlaryñ gülala-güllük bilen amala aşjakdygyna ynanmaýanlar az däl. Hatda käbirleri adamzadyñ muny etmäge hakynyñ ýokdugyny aýdýar. Çünki, eger Marsyñ bir ýerlerinde saklanyp galan mikroplar bar bolsa, şol mikroplar bilen bile olaryñ ewolýusion mümkinçilikleri hem ýok bolup gider. Muña garamazdan Maýkl Şara Marsy özleşdirip boljakdygyna tüýs ýüregi bilen ynanýar. Ol "Bu iş adamzadyñ ösüp-örñäp köpelmegi bilen, basyp alyjylyk häsiýeti bilen utgaşykly amala aşyryljak işdir" diýýär. # TheNewyorkTimes/2011/11/29/ | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |