12:45 Adamzat taryhyna çaklama | |
ADAMZAT TARYHYNA ÇAKLAMA
Goşgular
![]() Meniň bu pikirim täze däl, köne, Öňem bu zeminde ýaşapdyr adam! Milýon-milýon ýyllaň geçmegi bilen, Meger, ony soň ýoklapdyr Ýaradan?! Öňem bu zeminde ýaşapdyr adam, Bolandyr gyzykly onuň taryhy. Bolandyr Sokraty, Aristoteli, Magtymguly ýaly beýik şahyry. Marksy, Lenini hem-de Stalin ýalysy bolandyr, bilýärin magat. Kompýuter, telewizor, samolýot, Ýer ýüzüne aýlanandyr şo sagat. Soň ýitipdir adam ýeriň ýüzünden, Ne sebäpden gyrlypdyrlar, bilýän ýok. Nuhuň gämisi bir dörän rowaýat, Taryh üçin bu maglumat bolanok. Ýöne telim gezek gelip-gidipdir, Ýer ýüzünde geň ykbaly adamyň. Adam öz-özüni gyran bolmaly, Belki, bu-da bir oýnudyr atomyň. 02.10.2024. | |
|
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |