00:31 Agta han | |
AGTA HAN
Goşgular
![]() Eýran şasy Agamuhammet han (ýörgünli lakamy Agta han) şalyk süren döwründe (1796-1797) köwülen gözleriň, çapylan kelleleriň hetdi-hasaby bolmandyr Ne işleri gaýyrdyň sen, Geçip tagta Agta han. Gara gana boýadyň-a, Gör, niçeme bagty, han. Örtüp ýüze gara şaly, Gitdi gözden ýagty, han. Arş aglady, zemin çökdi, Hiç kimseden ýok seda. Ene ýüregi bulandy, Bu saňa Hakdan jeza. Bolsaň-da han, sen han däldiň, Bolsaň-da şa, sen şa däldiň, Arwah ýürek, ýaman päldiň. Daýyň türkmen Begenjaly, Külli ýomut serdary. Beýewan giň sähralarda, Saýypdy gajary öz bradary. Zalymlykda pes däldiň sen Nedirden, Çingiz handan, Napoleondan, Gitlerden. Zulum kylyp, istediň sen bagtyňy. Bagt näme, orta ýolda agsadyň, Hem bagtdan jyda düşen agtadyň... Baýrynyp birmahal şeýtan güýjüňe, Çapylan kelleden guran minaraň, Lagnatdyr adyňa, tohum-tijiňe. Ýöne weli iliň gargyşdan ýasan Minarasy ömürbaky durjakdyr. Oň ýanynda sen ýalylar gurjakdyr... 04-08.07.2024. | |
|
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |