10:26 Ahyrzaman | |
AHYRZAMAN
Goşgular
Niçe iş eý, gapyl-a, geldi kyýamatdan nyşan, Ruzu-şep zalymaryñdyr içgeni göýä ki gan, Hiç pukara halyny sormaz adalat birle han, Harsydünýäge uýup, ýagşylar olmuşlar ýaman, Eý ýaranlar, bes niçik kim bolmasyn ahyrzaman. Zalymy-süýthorlary bolmuş Hudadan bihabar, Pany dünýäni baka diýip, ýygnaýurlar simu-zer, Pasyky-murdarlary mesjit sary kylmaz güzer, Eýlemez alymga yzzat hem şerigatga nazar, Eý ýaranlar, bes niçik kim bolmasyn ahyrzaman. Birniçe gapyllar olmuşdur giriftary-bela, Gije-gündiz nefs üçin ýüz müñ belaga mübtela, Bagzy adam bir-birini iýgi dekdir gunýa, Galmamyşdyr bagzy adamlarda abruýy-haýa, Eý ýaranlar, bes niçik kim bolmasyn ahyrzaman. Gelturur alym sözige üşbu alymlar bedel, Birniçe alym özi öz ylmyna kylmaz amal, Nefs işin jäht edip, eýlär namazyny haýal, Kimseler sanmaz geler diýp, nobaty-mergi-ajal, Eý ýaranlar, bes niçik kim bolmasyn ahyrzaman. Halk era harsy-haram doldy, kanagat galmady, Mähr menyg oldy, sahylarda sahawat galmady, Iýp haram takwa bilen, derwüşde tagat galmady, Pygly bet baýdan pakyrlarga kifaýat galmady, Eý ýaranlar, bes niçik kim bolmasyn ahyrzaman.[1] Ýörüdip kesbi-haram, haýr işigin ýapmak bile, Pygly betler artadyr, bihet bela tapmak bile, Ýow bolup iki musulman bir-birin çapmak bile, Geldi müñ dürli bela, şer üzre şer gopmak bile, Eý ýaranlar, bes niçik kim bolmasyn ahyrzaman. Birniçelerniñ işi içgi, arakdyr elmydam, Birniçelerniñ işi zowky-zynadyr subhu-şam, Birniçelerniñ işidir kaýda bir kesbi-haram, Bu sebäpden egsilipdir hormaty-ylmu-kelam, Eý ýaranlar, bes niçik kim bolmasyn ahyrzaman. Diýdi Şeýdaýy, günä derýasy gark etmiş meni, Emri-maruf işlerin tutsam diýban jähdim kany, Kimse ýagşy, kimse ýaman, kimse bilmez kimsäni, Ogul atadan kethudadyr, gyz eneden keýwany, Eý ýaranlar, bes niçik kim bolmasyn ahyrzaman. ŞEÝDAÝY. _______________________________________ [1]Bu bendiñ aşakdaky ýaly warianty hem bar: Pähm edip, bu halk era hiç bir kanagat galmady, Çün bahyl boldy, sahylarda sahawat galmady, Pygly bet baýdan pakyrlarga kifaýat galmady, Iýp haramy lukma, derwüşlerde tagat galmady, Eý ýaranlar, bes niçik kim bolmasyn ahyrzaman. | |
|
√ Eý kylyp röwşen, ulus tapmaga enweri hüdä... / Goşgular - 03.08.2024 |
√ Rubagylar / Goşgular - 18.06.2024 |
√ Çarwa arabyñ söýgüsi / Goşgular - 10.02.2024 |
√ Garrylyk bazary / Goşgular - 24.05.2024 |
√ «Ha» harpy / Goşgular - 12.12.2024 |
√ Galasym gelýär / Goşgular - 13.11.2024 |
√ Kyrk ýaşa ýeteniñde / Goşgular - 03.02.2024 |
√ Söý meni / Goşgular - 01.08.2024 |
√ Nädip gozgadyň / Goşgular - 09.12.2024 |
√ Ballaryň islär / Goşgular - 22.08.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |