14:08 Goşgular | |
GOŞGULAR
Goşgular
MESTANADYR Meýni hakykatdan içip, Köňlüm meniň mestanadyr; Hem harsydünýäden geçip, Pysk ähliden biganadyr. Men gezmişem girýan olup, Janu-jeset birýan olup, Räsu-ajal urýan olup, Yşk oduna perwanadyr. Dünýe sary kylmaň nazar, Eýläň belasyndan hezer, Goýmaň hazyna simu-zer, Bu menzili-weýranadyr. Ylma amal kylmak işi Bolsa, kişiniň werzişi, Alymny dost tutgan kişi Merdanadyr, merdanadyr. Alym amal kylsa özi, Görseň, mübärekdir ýüzi, Alymlaryň aýtgan sözi, Her biri bir dürdänedir. Alym erer din röwşeni, Bagy-melahat gülşeni, Rahmat bahary-mesgeni, Göýä ki göwherhanadyr. Deýr içre girdim teşne leb, Bir käse meý köňlüm diläp, Medhuşu-mestem ruzu-şeb, Mesgen maňa meýhanadyr. Rahat diýsem, mähnetde men, Mähnet diýsem, rahatda men, Asy özüm, gaflatda men, Gäh bir köňül oýganadyr. Ger hoş, bynahoş aju-dok, Efgan kylar men, aýby ýok, Dil arzuwy didary-hak, Şeýdaýy bir diwanadyr. BEGLER Malaý hanyň zerin açdym, Içdim gana-gana begler; Ýalança geldim, tutaşdym, Geçdim ýana-ýana, begler. Bir çemen bogdum, getirdim, Ne şahaňa gol ýetirdim, Gülüň möwsümin ötürdim, Galdym zemistana, begler. Söwdagär men, maýda bilmen, Ýara syrym aýda bilmen, Ýaz gelip men, gaýda bilmen, Galdym zemistana, begler. Gury agaç ýanar, söner, Öl agaçdan hasyl öner, Däli döwran kime döner, Öwrüler zamana, begler. Jennet bolar jaýyň seniň, Gol uzadyp, supra ýaýyň, Şeýdaýy diýr, gulak goýuň, Biziň bu dessana, begler. GÖZEL ÝIGRIM BÄŞ Şeýle gulaga ýakymly, Sözledim, gözel ýigrim bäş; Niçe owazy çekimli, Yzladym, gözel ýigrim bäş. Bu gün ornuň boldy belli, Bul amanat telli-pelli, Ösdürip şol güne çenli, Gizledim, gözel ýigrim bäş. Arzuw edip, ýete bilmen, Görünip dur, tuta bilmen, Maly-dünýä sata bilmen, Yzladym, gözel ýigrim bäş. Ýedisinden owaz çykyp, On sekizin tartar çekip, Üç müň ýaşda ömrüň ýakyp, Geçirdik, gözel ýigrim bäş. Matam, mersiýe Şakandy Ýazyp geçmiş niçe bendi, Okyp ýat ederler şindi, Seni yzlap, gözel ýigrim bäş. Şeýdaýy diýr, bar beterler, Seniň üçin ýas tutarlar, Bu wagt kem-käs tutarlar, Ýiter sen, gözel ýigrim bäş. ÇAGY BARDYR Ol nedir, gelip geçinçä, Sapalyja çagy bardyr; Ol niçe kerwen ötinçä, Üşbu ýol ýaragy bardyr. Ol ne dessandyr, soraly, Okyp manysyn bereli, Ol ne öýdür iki öreli, Dagy dört çyragy bardyr? Mümin olan ýoldan azar, Tarykata kylmaz nazar, Keraman-kätibeýn ýazar, Ne kylsaň, soragy bardyr. Keremli patyşahymyň, Pazly çohdur ilahymyň, Meniň kylan günähimiň Ne ujy-gyragy bardyr. Şeýdaýy kylar perýady, Äleme dessandyr ady, Ýigidiň bolsa zürýady, Ýüreginiň ýagy bardyr. ŞEÝDAÝY XVIII asyr türkmen edebiýatynyň görnükli wekili Şeýdaýynyň doglan we aradan çykan ýyllary, ömür ýoly barada anyk maglumatlar henize çenli ele salnanok. Diňe şahyryň 1785-nji ýyldan 1800-nji ýyla çenli Buharada häkimlik eden Mir Magsym Şamyrada bagyşlap döreden „Mesnetneşin“ şygryna esaslanyp, onuň XVIII asyryň ortalarynda ýaşap geçendigini aýtmak mümkin. Şeýdaýy „Gül — Senuber“ dessany we liriki goşgulary bilen meşhurdyr. Şeýdaýy öz dessanyny halk döredijiliginiň we ýazuw edebiýatynyň esasynda döredipdir. Gül we Senuber barada pars we hindi dillerinde hem hekaýatlar, ertekiler, poemalar duşýar. Şeýdaýynyň bu dessany döretmegine „Müň bir gije“ ertekiler kitaby hem belli bir derejede täsirini ýetiripdir. Şygyrlaryndan onuň öz döwrüniň sowatly adamlarynyň biri bolandygy görünýär. Onuň dürli temalar boýunça döreden eserleri türkmen nusgawy edebiýatynyň taryhynda mynasyp orun eýeleýär. Şeýdaýynyň şygyrlarynyň agramly bölegi sopuçylyk bilen baglydyr. Bu şygyrlarda adam ruhunyň çuňluklaryna aralaşylyp, ruhy kämillige alyp barýan ýoluň aýratynlyklaryndan söz açylýar. Adamyň çylşyrymly içki dünýäsi Şeýdaýynyň şygyrlarynda ýönekeý dil bilen aňladylýar. | |
|
√ Naýynsap / Goşgular - 01.11.2024 |
√ Türkmen rysgy köp bolsun / Goşgular - 11.06.2024 |
√ Küýze döwükleri / Goşgular - 02.07.2024 |
√ Galasym gelýär / Goşgular - 13.11.2024 |
√ Meniň şeýle mährem ejem janym bar / Goşgular - 30.10.2024 |
√ Ynanarmykan? / Goşgular - 30.01.2024 |
√ Dostluk / Goşgular - 26.05.2024 |
√ "Garrap ýörünmi ýa men..." / Goşgular - 01.01.2024 |
√ "Watan howasyndan doýmadym hergiz..." / Goşgular - 02.08.2024 |
√ Janymdan özge ýary... / Goşgular - 02.08.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |