21:29 Sopular | |
SOPULAR
Goşgular
Üşbu eýýam içde ýokda ibar bolgan sopular, Sopulykny terk edip, näkar bolgan sopular, Dinni sust eýläp, ýamanga ýar bolgan sopular, Bimaza, bigaýratu-biar bolgan sopular, Lukmaýy-başübhe iýp, betkär bolgan sopular.[1] Nefs üçin dyman ýügürip, gije-gündiz, mahu-sal, Çün talap eýläp jahanda ýygşyrarlar munça mal, Saýlamazlar lukmanyñ kaýsy haram, kaýsy halal, Sorsa bilmezler nedir kim ylmy-kalu, ylmy-hal, Iýgen-içgen kuty zähri-mar bolgan sopular. Gijeler tagat çekip, dökmez gözünden ýaşyny, Halk resmi şeýle diýp, kybla goýarlar başyny, Hoş görer garnyn gäberdip, iýse nanu-aşyny, Bu sypatlyg sopularga siz beriñler daşyny, Tañla dowzah oduna derkar bolgan sopular. Bu niçik zalymlarydyr, halk era sopy syýak, Kalby gazan dek garadyr, başlarynda selle ak, Işleri nädide söwdadyr, soñy dawaýy-hak, Bir direm üçin ant içerge barçasy baiştiýak, Mekir ylmyn maşk edip, mekgar bolgan sopular. Lezzeti-rahy-şerigat, şerti-iman kaýsydyr? Mümine bir demde iki rahaty-jan kaýsydyr? Nefg neýdir awy bilmezler ki nogsan kaýsydyr? Nefs üçin neý hup bilerler, aş ile nan kaýsydyr? Kaýda aşy-murda diýp, taýýar bolgan sopular. Sopulyk şerti-şerigat, tagat, ybadat eýlemek, Bir musulman patyşaga hem etagat eýlemek, Herne bergen ryzky-ruzyna kanagat eýlemek, Bendelikni dembe-dem, sagatba-sagat eýlemek, Rastmydyr, aýdyñ, eýa küffar bolgan sopular. Gaýrat et janyñ üçin, kim gaýryga minnet nedir, Bil, amal kyl, parz nedir, wajyp nedir, sünnet nedir, Dahyly-dowzah nedir, kim wasyly-jennet nedir, Akyl erseñ pähm kyl, üşbu süjük yllat nedir, Yllata yhlas edip, bimar bolgan sopular. Sopy men diýp gaýrat etmez öz işige aýlanyp, Şergyny mäkäm tutup, düşmez bu ýolga şaýlanyp, Dinini berbat eder, ol dünýe işin oýlanyp, Ýagşylarga hemneşin olmaz, ýamandan saýlanyp, Tañry bilmezler bilen dildar bolgan sopular. Birniçe zalym söwer bu pany dünýä eşretin, Her tarapdan geltirip, iýrler kamug adam etin, Lukmaýy-başübheçe görmez diýanet lezzetin, Halk era egsik tutarlar ähli-selle yzzatyn, Bu zamana ahyrynda har bolgan sopular. Bendelik berjaý kyl, hak ýady birle ruzy-şep, Zikrini tähyr edip, diýmek ne hajat munça gep, Mugtabardyr parzy-wajyp, sünneti hem mustahap, Muttaky ähli mubahdan içtinap etmek edep, Lezzeti-dünýä budur, bidar bolgan sopular. Eý byradarlar, meni siz sopy diýip kylmañ güman, Bakesapat gul menem, barça ýamanlardan ýaman, Iýgenimdir - zähri-katyl, içgenim - göýä ki gan, Halk era barmy meniñ dek hiç ryswaýy-jahan, Hup imes usýan edip, ykrar bolgan sopular. Ýazgaly sopy sypatyn, emir boldy pirden, Magdany-ylmu, çyragy-rehnema destgirden, Mury-bigaýrat ki bihdir gaýraty ýok şirden, Gaýraty-hümmet bilen "Huw!" diýp gopuñlar irden, Intizary-aşyky-didar bolgan sopular. Käşki, Şeýdaýy diýr, men girgeli ýarylsa ýer, Uçgaly gökge meger jismimde peýda bolsa per, Magsyýet derýasyna boldum garygy-paýser, Ugrady nefsi belaýu-harsydünýä, elhezer, Ybrat alsyn nefsiden bizar bolgan sopular. Şeýdaýy. ___________________________________ [1] Bu bendiñ aşakdaky warianty hem bar: Eý ýaranlar, hak ýaratdy, han bolgan sopular, Bizge müşgil, özüne asan bolgan sopular, Goş sürüp, aryk gazyp, dihgan bolgan sopular, Ahyrynda ýer bile ýegsan bolgan sopular, Gözleri käsesinde gaýnar bolgan sopular. | |
|
√ "Zülpükar gylyjy Hezret Alynyň..." / Goşgular - 27.08.2024 |
√ Nädip gozgadyň / Goşgular - 09.12.2024 |
√ Týug / Goşgular - 16.07.2024 |
√ Sokrat / Goşgular - 16.05.2024 |
√ Ynanarmykan? / Goşgular - 30.01.2024 |
√ Ýadyňdamy, ajalyň?! / Goşgular - 19.07.2024 |
√ Dostluk / Goşgular - 26.05.2024 |
√ Dertdir azapkeş / Goşgular - 23.05.2024 |
√ Garajaoglanyň şygyrlarynyň täsirinden dörän şygyrlar toplumy / Goşgular - 15.10.2024 |
√ Gyş rubagylary / Goşgular - 10.12.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |