22:13 Ak pamygym ㅡ ak altyn | |
AK PAMYGYM ㅡ AK ALTYN
Goşgular
Gulaklaryñ gabardyp, çykyşyña döneýin, Öwşün atyp enaýy, bakyşyña döneýin. Durna injik gyzgyltja baldaklaryñ bekände, Owsun atyp, özüñe çekişiñe döneýin. Ak pamygym ㅡ ak altyn Patrak deýin açylsyn. Mähriban Watanyma Kümüş nury saçylsyn. Sowuk gyşda söweşsem, egnimdäki donum sen, Döwletimi artdyrýan baýlygym sen, nanym sen. Seniñ her bir gramyñ ýeñşimize goşantdyr, Her bir derdime derman, şöhratym sen, şanym sen. Ak pamygym ㅡ ak altyn Patrak deýin açylsyn. Mähriban Watanyma Kümüş nury saçylsyn. Seniñ üçin janymy aýamaryn hiç haçan, Girdim çyzgap golumy işe bireýýäm haçan. Timar berip, tämizläp, çykman seniñ içiñden, Köp ýyg diýip, pagtany tabşyrdy eziz Watan! Ak pamygym ㅡ ak altyn Patrak deýin açylsyn. Mähriban Watanyma Kümüş nury saçylsyn. Berdi KERBABAÝEW | |
|
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |