11:51 Ak pata | |
AK PATA
Teatr we kino sungaty
Magtymguly günlerini geçirmeklige niýetlenen senariýa. Naturada (Sumbar derýasynyň kenaryndan uzak bolmadyk ýaýlada Magtymgulynyň döwrüne degişli küren oba. Obada uly toýa taýýarlyk görülýär. Dürli ýerlerden myhmanlar duz-çörek bilen garşylanýar. Sumbar derýasynyň suw alynýan güzerinde läle kakýan, “Aýterek” oýnaýan milli egin eşikli gyzlar görünýär. Obadan daş bolmadyk belentlikde ýaş Magtymguly uzaklara ser salyp dur. Şol wagt ses gataldyjynyň kömegi bilen şahyryň “Türkmeniň” atly goşgusy aktýoryň okamagynda ýaňlanyp başlanýar.) Jeýhun bilen Bahry-Hazar arasy, Çöl üstünden öser ýeli türkmeniň, Gül-gunçasy-gara gözüm garasy, Gara dagdan iner sili türkmeniň. Hak sylamyş bardyr onuň saýasy, Çyrpynşar çölünde neri, maýasy, Reňbe-reň açar ýaşyl ýaýlasy, Gark olmuş reýhana çöli türkmeniň. Al-ýaşyl bürenip çykar perisi, Kükreýip bark urar anbaryň ysy, Beg,töre, aksakgal ýurduň eýesi, Küren tutar gözel ili türkmeniň. Ol merdiň ogludyr, mertdir pederi, Görogly gardaşy, serhoşdyr seri, Dagda, düzde kowsa saýýatlar diri, Ala bilmez, ýolbars ogly türkmeniň. Köňüller, ýürekler bir bolup başlar, Tartsa ýygyn, erär topraklar-daşlar, Bir suprada taýar kylynsa aşlar, Göteriler ol ykbaly türkmeniň. Köňül howalanar ata çykanda, Daglar lagla döner gyýa bakanda, Bal getirer, joşup derýa akanda, Bent tutdurmaz, gelse sili türkmeniň. Gapyl galmaz, döwüş güni har olmaz, Gargyşa, nazara griftar olmaz, Bilbilden aýrylyp, solup, saralmaz, Daýym anbar saçar güli türkmeniň. Tireler gardaşlar, urug ýarydyr, Ykballar ters gelmez hakyň nurydyr, Mertler ata çyksa, söweş sarydyr, Ýow üstüne ýörär ýoly türkmeniň. Serhoş bolup çykar, jiger daglanmaz, Daşlary syndyrar, ýoly baglanmaz, Gözüm gara düşmez, köňül eglenmez, Magtymguly- sözlär tili türkmeniň. (Goşgy tamamlanandan soň, juwan Magtymguly uzaklara ser salyp duran belentliginden aşak inip ugraýar. Onuň ugry öz öýlerine tarap. Obanyň ortasynda dikilen goşa öý. Öýleriniň öňündäki sekiniň üstünde Döwletmämmet-Azady, Gyzyl ahun, Buzly polat serdar we oba ýaşulylarynyň birnäçesi özara gürleşip otyr. Azadynyň öňündäki sandalyň üstünde döwlet galamydyr, düýrülgi kagyz ýatyr.) D.Azady: - (pessaý sesi bilen) Birki günlikde “Wagzy-Azadyň” käbir ýerlerine düzedişler girizdim. Şony Sizlergede mälim etmekçi. Eger gulak goýaryn diýseňiz: (Ol elini düýrlengi kagyza ýetirýär.) Gyzyl ahun: - Halypa, oňa gaty gulak goýarys. Dogrusy, Siziň “Wagzy-Azadyňyzy” halka ýetirmek gerek. Daşyna jilt etdirmeli. Şonuňam ugruna çykylsa ýagşy. Ýa-da ýene-de gözden geçirmekçimi? D.Azady: - Näsini aýydýaň. Halk oňlasa, soň ugruna çykylsa... Gyzyl ahun: -Halk oňlar. Oňlanansoň diňlenýändir, halypa. Täzeden gözden geçiren bolsaň onam eşideli. D.Azady: - (Düýrlengi kagyzy açyp, diklenýärde okamaga başlaýar.) Baby-owwal padyşahlar wasfyny, Ýary berse, wasf eter, rebbi-gany. Serweri-älem Muhammed Mustafa, Din üçin janyga berdi çoh jefa. Adl ile söwdi adyllykny özi, Adl ediň diýip barçaga boldy sözi. Hak tagalladan adalat rahmat ol, Fathy-bab-y döwlet-y hem nusrat ol. Ol resuldan soň ene birnige er, Adl ile älemde boldy berkarar. Taňry oýatynda adl eýleň tiýdi. Hak söwer her kim adalat eýledi. Halk üze häkim olursa her bir är, Adl ile hökm eýlegeý leýl-y nahar. Häkim oglanlar jahanda adl ola, Bezegeý är ýüzüni adly bilen. Häkmi-adyl-huda pygamberi, Janeşinim diýb ögüpdir anlary. Padyşa kim bolsa, gör adly anyň, Ýer ýüzünde saýasydyr taňrynyň. Adlydan bolsa halaýyk jümle şad, Dergähinde tabsa mazlumlar myrad. Hak tagallanyň söwer bendesi bil, Ol resul ummatlarynyň hasy bil. Mähri anyň hak tagalla mähridur, Kahry anyň hak tagalla kahrydyr. Görme hökmin taňry hökmünden yrak, Kylmasaň baber gelib atyga bak. Çyn gadam gel türse adyl bir ýere, Halky-älemge huda rahmet were. Din öýüniň sakçysydyr padyşah, Ol sebäb emriň tutuň diýmiş ilah. Ähli-dini kim onuň soltany ýok, Surata meňzär, içinde jany ýok. Ýer ýüzüniň zynatydur padyşah. Halk-y döwlet nuspatydur padyşah. Padyşahy bolmasa bir ülkäniň, Bolmaz ermiş haýry-y yhsany anyň. Zulm-y jebir birle bolup halk pişesi, Ahyretden bolmagaý endişesi. Bir-bire jebr eýlegen dek gurt-guş, Halk eterler biri-biri birle uruş. Hak-y hähak bilmeýen barça adam, Kasd eterler bir-bire emri-haram. Etse tenbih munlara gör padyşah, Bolsa şah aldynda anlar uzrhah. Bu halaýykdan günäkär töküler, Biri-birisinge anlar şefkat kylur. Gelgeý andan bu şerigat ýoluna, Gezgeý ol miskin fakyr öz halyna. Taňry emrile halal bolgaý bular, Şah kabul eýlär ýene naýyb kylur. Imdu haýf etgenleri makbul olyr, Hökmi bu naýyblaryň eýlegeý, Padyşahga ähli-şerg hökm eýlegeý Özge halka padyşahlar seýlegeý. Padyşahlar padyşasy şerg erur, Asyl şergdur, padyşah bir fergdur. Din ýoly andan bolgaý, rowan, Baş götermez barça bu zalym owgan. Padyşahsyz hiç halaýyk galmaýa, Müfsidindur kimse tabyg bolman. Bomagaý täjirleriň ýoly aman, Kylmasa tenbihisin şahy-haman. Ýol uranlar birle ogyrlarny şah, Kesmese, öltürmese her sal-y mah. Bolmaýa miskin fakyrlarnyň güni, Her öýde gezmegeý aga, ini. Ýagny zalym ganatyn ýolgy gerek, Ten jefalarda aryg kylgu gerek. Ganaty sag, kim semiz bolsa teni, Tynç ýatyrmaz hiç musulman bendäni. Padyşahdyr din tebibi, padyşah, Hem olyr miskin fakyrlarga penah. Bes halaýyk derdidur zalym owan, Üşbe derde şah erur derman kylan. Üşbu derd dermanyny aýtsam saňa, Gör emir sen zähri-kabyl ber maňa. Rahat alsyn ajyz-y mazlum heme, Ahyryňňy sagnub tüşme gama. Hakdan olgaý padyşahlar gorkusy, Yssyg etmez bolsa hakdan gorkusy. Mümin iller kim anyň soltany ýok, Eýle sagyn kim goýun çofany ýok. Zalymy-derreňdeler bil, eý kişi, Bomasa çofan niçuk bolgaý işi. Ýaz ekin sagyn bu mazlum gullary, Taňry emrin jan bile tutganlary. Sakçy sagyn anlara häkimleri, Müfsid anla dahy ol zalymlary. Bir ekin kim sakçysy gözlemese, Ýa habardyr gözle diýb sözlemese. Ol ekin bolgaý harab der sagaty, Sakçy bolmagyň bolupmy rahaty. Eý garaz, derreňde ýolyn beklegin, Bu goýunlary bulardan saklagyn. Bolma gafyl, daýyma tutgyl habar, Çyn erur wajyp belalardan hazar. Hem şerigatda boýun goýgy gerek, Halk era hak, emrini ýaýgy gerek. Ähli şerg ile geňeş kylgaý emir, Maslahat bergeý wekil birle wezir. Dost bilsün derwiş-y alymlary, Duşman bilsyn çyn dili-zalymlary. Mazlumy zalym elinden gurtara, Hem ragyýat halyny daýym göre. Barça hasmy bir-bir ile düzlegeý, Emri-magruf, nähýi-mükär sözlegeý. Padyşah kim niýetin pes eýlese, Hakdan olgaý her ne darhast eýlese. Kylsa haýr endişe ol taňry bakar, Ýerlerge ýagmyr ýagar, otlar çykar. Düzleňur il, çeşmeler bolgaý rowan, Giňelür halk-y nyzam tabgaý jahan. Ogry zalym ýol urar, özin bilur, Çünki şah edl ile tenbihsin kylur. Alym-u miskin pakyr tabgaý penah, Alyjaçyga olar kylgaý dogah. Üşbü adyl hakyda makbul olyr, Red kylur kim her hakda galyr. Hifä eder taňry belasyndan özi, Ötgeý aňdan halk era her ne sözi... (Döwletmämmet-Azady okap oturan hatyndan gözüni sowup, töweregindäkileriň ýüzlerine bir laý göz gezdirýär.) Şol wagt ýetip gelen Magtymguly: - Essawmaleýkum! – diýip, oturan ýaşulylara salam berýär. (Ýekän-ýekän elleşip görüşýär.) Gyzyl ahun: - Magtymjan, Hywadan geleniň bäri oturyp, gümür-ýamyr edişäýjek bolýas welin saňa duşup bilemzok. Şu wagta öýdedir diýip gelsek, ýaňyja oba içine çykdy bolaýar. Şu gün-ä gümür-ýamyr etmän, Hywadaky gep-gürrüňleri eşitmän ýerimden turman. (Ýylgyrýar, onuň sözlerine Magtymgulam ýylgyrýar. Şol wagt, çagalaryň sesleri eşidilip ugraýar.) Sesler: - Durdy şahyr gelýär. Durdy şahyr gelýär... (Oturanlar ýerlerinden turup, gaýradan gelýän atla tarap seredip, oňa garaşmaga başlaýarlar. Durdy şahyr gapa ýetmän atyndan düşýär. Şol wagt Magtymguly baryp onuň atyny tutýar.) Magtymguly: -Essalawmaleýkum halypa. Durdy şahyr: - Waleýkim essalam Magtymjan. Seni görüp gaýdaýyn diýip, düýnki Balkandan çykyşym. Ýaş gaýdyşansoň at üstüne oturaýmagam kyn düşýär. (Şol wagt Azady, Gyzyl ahun, Buzly polat serdar we beýlekiler gelip görüşýärler. Soň, ýene-de sekä geçip oturýarlar. Aty ýatakda baglan Magtymgulam geçip ýaşulylaryň gapdalynda ýerleşýär.) D.Azady: - Siziňem gelip-gideniňize eslije wagt boldy. Özüm aýlanyp gaýdybereýin diýsemem indi men o ýollara ýarajak däl. Halys gurbatym galmady. Eger içinde jany bolsa, gelip gitsin, Magtymgulyjanam Hywadan geldi diýip habar edişimdi. Durdy şahyr: -Habaryň bardy sakgaldaş. Onsoňam magtymjany göreýin, eger ýetişen bolsa, ak patamam eçileýin diýip, şu gezek taýýarlykly gelşim. Gyzyl ahun: - Gowy edipsiň şahyr. Magtymjanyň düzen namalaryna öz agzyndana diňlämok. Ýöne, il-gün gowy zat. Häzir onuň düzen namalary iliň-günüň agzynda. Onsoňam külli türkmende irde-giçde hakyky şahyr dörejek bolsa, dörän bolsa gerek. Durdy şahyr: -Hawa, ahun dörän bolsa gerek. Magtymjan düzen namalaryny ýazyp maňa-da ýollap ýör. Okaýan. Ýetişipdir. Gyzyl ahun: - Onda näme, “urşuň geňeşi ýok” diýipdirler. Sen bir ak pataňy ber. Toýam şondan soň başlabermeli borda. Buzly polat: - Şahyr. geçen sapar Magtymjan oglanjyk etdimi, nämemi siziň sowallaryňyza jogap berip bilmedi. Bu sapar gezekleşiň. Durdy şahyr: - Bolar serdar, öňki sapar ýaşlygyndan peýdalanyp Magtymjany bir salym dalaýjakdym bolmady. Ýeke ýerde kürtdürdi. Soň onam düzetdi. Şonda omyn etmeli ekenik. D.Azady: - Magtymjana Durdy şahyr bilen aýdyşjak bolsaň oglum menden welin rugsat alaweri diýipdim şonda etmändir-dä- diýip,/gürrüňe goşulýarda mys-mys edip gülýär/ Durdy şahyr: Sakgaldaş Magtymjana häzir pata bersem bereliň welin, ýöne ol halypasyndan öňüräk geçirdi. Gyzyl ahun:- Şahyr, geçirenem bolsa, patasyz bolmaz. Bu türkmeniň ata-baba gelýän düzgünidir. Durdy şahyr: - Onda näme, başlabereliň. Hany Magtymjan garşyma geç. (Magtymguly çekinjeňlik bilen Durdy şahyryň garşysyna geçip oturýar.) D.Azady: - Oglum biliňi berk guşa. Durdy şahyr, bäri-bärdäki şahyrlaryň däldir. Bu jelagaýda heniz-ä Durdy şahyrdan üstün çykan şahyram ýokdur. Başlaber oglum, omyn. /Ol , iki elini sakalyna ýetirýär/ Durdy şahyr: - Bizden salam Magtymguly ussada, Atamyz Adamyň donun kim biçdi? Dumanly seriňe gurban bolaly, Be jümle melaýyk meýin kim içdi? Magtymguly: - Bizden jowap bolsun Durdy şahyra, Jebraýyl getirdi, ryzwanlar biçdi, Gudrat bilen şol şeýtanyň şerbetin, Adam ata bilen How ene içdi. Durdy şahyr: - Älemiň degresi ne reňli dagdyr? Ol ne guşdyr, daýym anda tussagdyr? Aşyklar söwgüdi bu ne bulagdyr? Heftaýyl ebwabyn baryp kim açdy? Magtymguly: - Kap dagy zeberjaý reňbe-reň dagdyr, Kaknus bir guş, daýym onda tussagdyr, Mukasat diýerler ajap bulagdyr, Heftaýyl ebwabyn aşyklar açdy. Durdy şahyr: -Taglamyn dagynda kimdir, gezdiler, Mümin munda, beraý anda ýazdylar, Şamyhatda Byrag aty düzdüler, Niçe ýylda ýerden göge ýetişdi? Magtymguly: -Taglamyn dagynda zahyd gezdiler, mümin munda, barat anda ýazdylar, Şamyhatda Byrag aty düzdüler, Her kyrk ýyldan Zöhre göge ýetişdi. Durdy şahyr: -Taňrynyň jahanda, bil, dagy niçe, Behiştde tubynyň pudagy niçe, Ýüzüniň maşkynyň waragy niçe, behişdiň kilidi kime gowuşdy? Magtymguly: -Ýedi yklym bardyr, ýedidir dagy, Ýetmiş müňdür şol tubynyň pudagy, “La ilaha” bolar maşkyň waragy, Behiş kildi Resululla gowuşdy. Durdy şahyr: -Bil, nirede ýaratdy sekiz jenneti, Niçe binasy bar, niçe kümbeti, Niçe arygy bar, nämedir ady, Taýran ebabiller kime gowuşdy? Magtymguly: Asmanda ýaratdy sekiz jenneti, Alty müň binadyr, birdir kümbeti, Içinde tört aryk, müssewwar ady, Ebabil eshabyl bile gowuşdy. Durdy şahyr: -Bil, nirede ýaratdy sakar dowzahy? Niçe guýusy bar, niçe bulagy? Içinde bir ýylan, nedir soragy? Gudrat bilen ol mar kime dolaşdy? Magtymguly: -Ýedi gat ýerde kylmyş Sakar dowzahy, Beýildir guýusy syjjyň bulagy, Haryş ýylan, gybatkeşdir soragy, Ýalançy, zynahor, ogra dolaşdy. Durdy şahyr: -Durdy şahyr aýdar, ýollar uzakdyr, Men bilmenem, pany kime duzakdyr? Şerihni bilmeseň, jaýyň dowzahdyr, Togsan dokuz müň är nirde gowuşdy? Magtymguly: - Magtymguly yşk mümünlere uzakdyr, Pany dünýä mümünlere duzakdyr, Alla biler, kimiň jaýy dowzahdyr, Togsan dokuz müň är surda gowuşdy. (Ara dymyşlyk düşýär. Durdy şahyr oturanlaryň ýüzüne birlaý seredip, ardynjyraýar.) Durdy şahyr: - Adamlar aýtdym-a, Magtymjan halypasyndan ötüripdir diýip. Gyzyl ahun:-Onda näme, şahyr, indi Magtymjanam halypasyny synap görsündä! Durdy şahyr: - Bolubilýär. Başlaber Magtymjan. Indi halypaňy synamak gezegi senden. Magtymguly: - O nämedir, ýaşyl-gyzyl öwüsýän? O nämedir, aýagy ýok towusýan? O nämedir, ýedi derýa böwüsýän? Şahyr bolsaň, şondan bize habar ber! Durdy şahyr: - Ol ekindir, ýaşyl-gyzyl öwüsýän, Ol ýylandyr, aýagy ýok towusýan, Ol balykdyr, ýedi derýa böwüsýän, Bizden salam bolsun, jowap şeýledir. Magtymguly: - O nämedir, ýakasy bar, ýany ýok? O nämedir, ganaty bar, gany ýok? O nämedir,adam ýuwdar, jany ýok? Şahyr bolsaň, şondan bize habar ber! Durdy şahyr: - Ol kependir ýakasy bar, ýany ýok, Kebelekdir, ganaty bar, gany ýok, Gara ýerdir, adam ýuwdar, jany ýok, Bizden salam bolsun, jowap şeýledir. Magtymguly: - O nämedir, derwezesiz galadyr? O nämedir, penjiresiz binadyr? O nämedir, bir-birinden aladyr? Şahyr bolsaň, şondan bize habar ber? Durdy şahyr: - Ol köňüldir, derwezesiz galadyr, Ol gabyrdyr, penjiresiz binadyr, Ol Aý-Gündür, bir-birinden aladyr, Bizden salam bolsun, jowap şeýledir. Magtymguly: - O nämedir, iýmediler, doýdular? Ol nämedir, kyýamata goýdular? Ol kim idi, dabanyndan soýdular? Şahyr bolsaň, şondan bize habar ber. Durdy şahyr: - Ol didardyr, iýmediler, doýdular Ol namazdyr, kyýamata goýdular, Nesimini dabanyndan soýdular, Bizden salam bolsun, jowap şeýledir. Magtymguly: - O nämedir, ýedi ülkäni gezýän? O nämedir, bilini bir zat ezýän? O nämedir, adam mysaly syzýan? Şahyr bolsaň şondan bize habar ber! Durdy şahyr: - Ol çopandyr, ýedi ülkäni gezýän, Ol goýundyr, taýak bilini ezýän, Bedew atlar adam mysaly syzýan, Bizden salam bolsun, jowap şeýledir. Magtymguly: - O nämedir, toprak üste sürünmez, O nämedir, adamlara görünmez? O nämedir, hiç bir dona bürenmez? Şahyr bolsaň, şondan bize habar ber! Durdy şahyr: - Erenlerdir, zelil bolup sürünmez, Ol beladyr, gelse, göze görünmez, Ýalan gürrüň hiç bir dona bürenmez, Bizden salam bolsun, jowap şeýledir. (Ara ýene-de dymyşlyk düşýär. Dymyşlygy Gyzyl ahun bozýar.) Gyzyl ahun: - Şahyr, bolsa-da Magtymjanam ýetişipdir. Indi, pata bolsa beriber, bizem omyn edeli. D.Azady: - Sakaldaş, biraz tagapyl eýle. Magtymjany menem bir synaýyn. Soň, şahyr pata berseň beriber. Gyzyl ahun: - Magtymjan ber otyr. Görýän welin seni juda berk synagdan geçmeli bolaýjak öýüdýän. D.Azady: - Adamlar, rugsat bolsa, menä başlaberjek. Gyzyl ahun: - Rugsat Alladan! (Şondan soň Döwletmämmet Azady ardynjyrap sowal bermäge taýýarlanyp ýerinden gobsunýar.) D.Azady: - Şeýtanyň kaýsy ogludyr, Adam ata bilen duşdy?! Hakyň resuly-pygamber, Haýdarda näçe uruşdy?! Magtymguly: - Şeýtanyň hannas ogludyr, Adam ata bilen duşdy, Haýbar dagynda pygamber, Çün ýedi aýlap uruşdy. D.Azady: - Häzir eýesi Düldüliň, Bilermi sen, kimdir, biliň! Kaýsy gün Kabyl habylyň, Öldürip, ganyny içdi?! Magtymguly: - Häzir eýesi Düldüliň, Melek perişdedir, biliň! Şenbe gün Kabyl Habylyň, Öldürip, ganyny içdi. D.Azady: - Nedir, galkyp, howa uçdy, Näsinden zemine düşdi? Niçe günde Nuhyň kişti, Junda dagyna ýetişdi? Magtymguly: - Derýa galkyp, howa uçdy, Köpüginden ýere düşdi, Ýetmiş günde Nuhuň kişti, Junud dagyna ýetişdi. D.Azady: - Rum şäheriniň serdary, Nirde saldyrmyş gülzary? Kaýsy galanyň diwary, Muhammet le magraç aşdy?! Magtymguly: - Şetdat Rumuň serdary, Şamda saldyrmyş gülzary? Mukaddes şähriň diwary, Muhammet le magraç aşdy. D.Azady: - Azady aýdadyr, etmiş, Nedir bu dünýäni tutmuş? Kaýsy pygamberdir ýitmiş, Nirede gardaşyna duşdy?! Magtymguly: - Magtymguly aýdar, etmiş, Yklymdyr dünýäni tutmuş. Ýusup pygamberdir ýitmiş, Müsürde gardaşy duşdy. (Döwletmämmet sowal bermäni bes edip, ýaglygy bilen ýäzüniň derini çalýar.) Gyzyl ahun: - Ind-ä, bolaýdy öýüdýän adamlar. Magtymjanyň kemi galman ýetişipdir. Indi pataňy bolsa beriberiň, bizem töwür edeliň. Durdy şahyr: (ýerinden turup, egnindäki çäkmenini çykaryp, Magtymgula geýdirýär. Onuň bilini öz guşagy bilen berk baglaýar) Magtymjan, indi sen türkmeniň uly şahyry. Ylahym, adyň äleme ýaýylyp, dilleriň senasy bolsun balam! (Ol Magtymgulynyň egnine elini goýýar.) Sesler: Omyn, omyn, omyn... (Şol wagt ýaş ýigitleriň biri bir gyr aty idip ýaşulylyaryň ýanyna gelýär. Ýaşulylar Magtymgulyny gyr ata atarýarlar. Magtymguly gyr atyň üstünde oba adamlaryny daşyna üýşürip, goşgy okap başlaýar.) Magtymguly: - Istär elden çyka döwlet humaýym, Doga kylyp, döker bolduk ýaşymyz, Dilegim duş eýle, gözel allahym, Ersgin boldy, gitdi gyzylbaşymyz. Hyzyr gezen çölde iller ýaýylsyn, Ýurt binamyz gaýym bolsun, goýulsyn, Çille mest nerlerimiz barça aýylsyn, Bir suprada eda bolsun aşymyz. Derwüşler köňli jem dursun namaza, Ýigitler ýygylsyn söhbete-saza, Ilimiz ulaşsyn sowulmaz ýaza, Togsan dolup, tamam bolsun gyşymyz. Türkmenler baglasa bir ýer bili, Gurudar Gulzumy, derýaýy- Nili, Teke, ýomut, gökleň, ýazyr, alili- Bir döwlete gulluk etsek bäşimiz. Magtymgulty, diýdi janyň diriligne, Galmalyň biz gyzylbaşyň horlugna, Rowaç bergil ýomut, gökleň birligne, Ol Kemalhan Owgan bolsun başymyz. (Şu goşgudan soň, Magtymguly daşyna märeke üýşürip at üstünde ýene-de birnäçe şygyr okaýar. Umuman onuň okaýan goşgulary türkmen topragynda bir gudratyň dörändigini aňlatmaly.) | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |