22:49 Akademik | |
AKADEMIK
Goşgular
Baýmuhammet Garryýewe Datly miwe daragtyna çalymdaş, Şahalaryň ýaýrap gitdi çar ýana. Adam bary datdy miweleriňden, Iller diýdi bakyp saňa dürdäne. Ýagmyr ýagdy, gar syrady, buz doňdy, Kär etmedi, çuňa gitmiş kökleriň. Palta degmez uzap giden şahaňa, Direldiň sen alkyşyndan köpleriň. Atalaryň tagzym kylyp ýoluna, Bu ýollaryň çekipdiň sen azabyn. Ýöne seni gopkuzmandy birjigem, Arka atdyň bahyllaryň gazabyn. Ataň Gorkut üçin çekipdiň azap, Pähim-paýhas öwrenipdiň ataňdan. Magtymguly saňa medet beripdi, Gorapdy Azady köp-köp "hataňdan". Agyr günde medet bermiş Görogly, Jygalybeg "Oglum" diýmiş apalap. Türkmen diýip janyn beren merdanaň, Hiç kim bilmez adyn onuň hapalap. Ylym atam, ylham goruň egsilmez “Akademik B.Garryýew” adyňda. Men bir zady bilýän – ýaşasa nakyl, Ýaşar adyň adamlaryň ýadynda. Allaýar ÇÜRIÝEW. | |
|
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |