23:11 Akkordeonda adyganlar | |
AKKORDEONDA ADYGAN Adamzadyň ruhy baýlyklarynyň biri bolan aýdym-saz sungaty her bir halkyň medeni durmuşyna mahsus häsiýete eýe. Türkmen halkynyň hem köklerini asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan, nesilden-nesle, halypadan-şägirde geçip gelen özboluşly saz sungaty bar. Gahryman Arkadagymyzyň «Ile döwlet geler bolsa...», «Türkmen medeniýeti», «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» kitaplary saz sungatyny ylmy nukdaýnazardan öwrenmekde, geljekki nesillere saz sungatyndan tälim-terbiýe bermekde esasy ýörelge we ylmy çeşme bolup hyzmat edýär. Gahryman Arkadagymyz «Ile döwlet geler bolsa...» atly kitabynda: «Saz diňe bir sungat bolman, eýsem, Hudaý tarapyndan berlen peşgeşdir» diýip belleýär. Hawa, saz gudratly, täsin sungat. Bu sungat bary-ýogy 12 sany saz sesleriň ownukly-irili böleklere bölünen görnüşleriniň üsti bilen beýan edilýär. Belli gruzin kompozitory Giýa Kançeli: «Adamlar simfoniki eserleri diňlänlerinde oňa kitaba düşünişleri ýaly düşünmegi başarsadylar, onda kompozitor D.D.Şostakowiçiň simfoniki eserlerinde A.I.Solženisynyň «Arhipelag GULAG» eserindäki beýan edilýän zatlaryndan birnäçe esse belentde durýan maglumatlary aýdyp biljekdiklerine men ynanýaryn» diýip belleýär. Ussat kompozitoryň bu sözleri aýtmagy sazyň sözsüz dilini, ýagny halk arasynda aýdylýan «Sözüň gutarýan ýerinden saz başlanýar» diýlen aýtgyny mälim edýär. Belent perdelerde ýaňlanýan şeýle saz gurallarynyň biri-de akkordeon saz guralydyr. Akkordeon saz guraly türkmen halkynyň medeni durmuşyna 1940-njy ýyllaryň ahyrlarynda, 1950-nji ýyllaryň başlarynda giňişleýin ornaşyp başlaýar. Ýurdumyzda şol ýyllarda D.Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite saz çylyk mekdebinde Moskwanyň, Kiýewiň hem-de Sankt-Peterburgyň konserwatoriýalarynyň mugallymlary Ý.I.Nagornow, A.T.Kruç kow, B.I.Žaworonkow akkordeon saz guraly boýunça sapak berýärler. Türkmen saz sungatynda akkordeon saz guralynda owazly sazlary ýerine ýetirmekde ilkinjileriň biri Türkmenistanyň halk artisti, birnäçe aýdymlaryň awtory, belli aýdymçy Mämi Çaryýewdir. Akkordeon saz guraly üçin ýurdumyzda iň köp eser döredenleriň biri bolsa Türkmenistanyň halk artisti Durdy Nuryýewdir. Häzirki wagtda akkordeonda ajaýyp eserleri döredýän ussatlaryň ýene biri Magtymguly adyndaky sazly-drama teatrynyň saz toparynyň sazandasy, Türkmenistanyň at gazanan artisti Hoja Çaryýewdir. Soňky ýyllarda bu saz guralynda meşhur aýdymçylarymyz Türkmenistanyň halk artistleri Annaberdi Atdanowyň, Öwezgeldi Tekäýewiň ussatlyk bilen ýerine ýetiren sazlary halk arasynda uly höwes bilen diňlenýär. Akkordeon saz guraly, esasan, iki görnüşde ulanylyp, olaryň birinjisi, ýerine ýetiriji hem aýdym aýdýar, hem akkordeonda öz-özüne sazandarlyk edýär. Olara saz sungatynyň ägirtleri Mämi Çaryýew, Aman Şamyradow, Gurbanmyrat Dagbaşyýew, Bally Hajyýew ýaly aýdymçylary mysal getirip bolar. Ikinjisi, aýdymça sazandarlyk edilýän pursatynda sazandalar toparynyň esasy ýolbaşçysy hökmünde çykyş edýär. Bu görnüşe mysal hökmünde akkordeon, tar hem-de deprek bilen üçlük bolup çykyş eden Annaberdi Atdanow, Öwezgeldi Tekäýew, Atabaý Çarygulyýew ýaly ussatlaryň atlaryny agzap geçmek bolar Ussat akkordeonçy sazandalar, Türkmenistanyň halk artistleri Gurban Gurbanow, Hakberdi Hudaýberdiýew, birnäçe harby aýdymdyr sazlary döreden hem-de türkmen opera sungatynyň ösmegine saldamly goşandyny goşan, kompozitor Nury Hojamuhammedow dagy bu ugurdan ýörite bilim alan sungat wekilleridir. Bu ussatlaryň döreden we çalan sazlary, ýerine ýetiren aýdymlary aýdym-sazy hünär edinen ýaş sazandalara nusgalyk ýörelgedir. Ýakynda gözel paýtagtymyzda Gahryman Arkadagymyzyň gurduryp beren «Jahan» döredijilik merkezinde dürli saz gurallaryny çalmaga, saz eserlerini ýazgy etmäge ähli mümkinçilikleriň bolmagy biz sazşynaslary diýseň begendirdi, buýsandyrdy. Türkmen medeniýetini ösdürmekde, sungat äleminde üstünliklere ýetmekde ähli mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, başy dik bolsun! | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |