14:59 Aky Baýmyradow | |
AKY BAÝMYRADOW
Ýazyjy şahyrlaryň we alymlaryň terjimehaly
(1927-1973) Türkmen çagalar edebiýatynda özboluşly şygryýeti bilen orun alan zehinli şahyr Aky Baýmyradow 1927-nji ýylda Murgap etrabyn¬da dogulýar. Çaga psihologiýasyna juda beletlik bilen aralaşyp, çaga dünýäsi¬ne ýol açmagy başaran şahyryň 1959-njy ýylda neşir edilen «Guzujyk» atly ýygyndysy eýýäm türkmen çagalar edebiýatyna özboluşly bir zehiniň gelendigini buşlady. Şahyr öz şygryýetini juda nepislik bilen kemala getirip, çaganyň isleýän, höweslenýän zatlaryny onuň bilen deň paýlaşdy. Başgaça aýdylanda şahyr çagany güýmemek, oňa akyl bermek bilen asla meşgul bolman, olaryň dosty, pikirdeşi bolmaga çalyşdy. Çaga üçin döreden eserlerinde ol «uluça» däl-de, «çagaça» pikirlenmegi başardy. Şonuň üçinem onuň islendik goşgusyny alyp görseň, çaga dünýäsiniň täsinlikleri, päkizeligi açylyp, körpe okyjyny bada-bat özüne çekýär. Aky Baýmyradow bütin ömrüni çagalar şygryýetine bagyşlady. Onuň «Altyn hazyna», «Täze gelen gyzjagaz», «Söwüt bilen oglan», «Gülälekli meýdan», «Iki hat», «Wýetnamly oglan», «Jadyly taýak», «Otly hazyna» ýaly goşgular ýygyndylary ýaş okyjylaryň söýgüsini gazandy. Şahyryň liriki gahrymany hemişe gözlegde. Ol töwerekdäki wakalara, hadysalara we beýleki zatlara bolan gatnaşygynda ýöne bir seredip geçäýmän, her bir ýagdaýa aňly-başly düşünmäge, oňa özüçe baha bermäge şowly synanyşyk edýär. Bu oňa başardýaram. Liriki gahrymanyň töweregindäki zatlar baradaky täsinje netijeleri okyjyny biparh goýmaýar. Şol gyzykly netijelere imrinen körpe okyjy hem bada-bat liriki gahrymanyň yzyna düşýär, onuň bilen gyzyklanyp başlaýar. Şahyryň «Bedene» goşgusyna üns berip göreliň: Jür-jür edip jürlewük, Jürledip dur bedene. Duşdumyka otlukda, Bimazalyk edene.... Liriki gahrymanyň nygtajak bolýan zady düşnükli. Bedene jür¬lewügini jürleden bolsa, diýmek, kimdir biri düzgün-tertibi bozan bolmaly. Sebäbi jürlewük şonuň bilen baglanyşykly. Ýöne tertibi bo¬zan kimkä? Körpe okyjy munuň bilen gyzyklanyp başlady hemem liriki gahrymanyň yzyna düşdi. Görsek asyl hiç zat ýok, Ýazy öwüp ýör eken. Gülälekleň çygyna, Perin ýuwup ýör eken. Gowulyk. Bimazalyk edenem ýok, tertibi bozanam. Bedenäniň «aýdymy» gowulygy – ýazy wasp etmek bilen bagly bolsa nätjek?! Şu ýerde körpe okyjynyň aňynda tebigatyň ajaýyp bir täsirli keşbi janlanýar. Gülälekli meýdan. Baharyň hoştap howasy. Bu bolşa göw¬ni joşan bedenäniň şatlykly sesi... Ine, şahyryň ýönekeýje iki bentde edýän ussatlyk öwrümi. Goşguda artykmaç sözem ýok, pikirem. Hemme zat jaýdar, ýerli-ýerinde. Bir üýtgeşik zat: goşgyny okap gu¬taran badyňa kalbyň rahatlanýar, ruhy dünýäňe süýjülik ýaýraýar. Şahyryň «Ikatýok» goşgusynyň mazmuny-da ýokarky goşga ýakynrak. Ýöne şahyr bu goşguda «iki atyny ýitirip, şolary gözläp ýören» ikatýok baradaky rowaýatdan habarly liriki gahrymanyny he¬rekete girizýär. Şahyryň liriki gahrymany guşjagazyň halyndan ha¬barly bolansoň bada-bat onuň bilen söhbetdeşlik etmäge girişýär: Indi ýiten atlaryňy, Biziň bagdan gözleýäňmi? Öten ýyl hem şu heňiňdi, Ýa-da ýalan sözleýäňmi? Liriki gahrymany bir zat biynjalyk etmänem duranok. Onuň taýjagazy bar. Ikatýok ýa ýalňyşyp, şonuň taýjagazyny yzlap geldi¬mikä? Ýok, sen meniň taýjagazma, Öz atyňdyr öýdäýensiň. Syratyna, boýjagazna, Gözüň gidip aýdaýansyň... Meseläniň aňsat çözgüdi bar: liriki gahryman guşjagaza öz kömegini teklip edýär: Ýitireniň çynyň bolsa, Bizem gidip tapyşardyk. Onsoň, ine, şu ýol bilen, Ikimiz at çapyşardyk... Gör, nähili gowy çözüliş. Ikatýok guşjagaza şundan gowy goldaw edip bolmaz. Tüýs çaganyň aýdaýjak pikiri. Özboluşly hem täsirli. Şahyryň döredijiliginde zähmet temasynyň işlenilişi hem juda göwnejaý. Şahyr çagalary zähmeti söýmäge, onuň peýdaly zatdygyny düşündirjek bolmaga çagyranok. Bu guraksy usul A.Baýmyradowyň döredijiliginde asla duş gelmeýär. Ol zähmet baradaky goşgularynda zähmetiň tebigatyny, many-mazmuny estetiki-emosional taýdan açyp görkezmegi başarypdyr. Liriki gahryman tut agajyny ekipdir. Şoňa şeýle bir yhlas bilen seredýär welin, okyjy munuň bilen içgin gyzyklanyp başlaýar. Tut agajyny ekmäge, oňa yhlasly ideg etmäge liriki gahrymana näme iter¬gi berdikä? Şu ýyl gurçuk mahaly Menem tudum pudajak. Ýadarsyň diýýäňizmi? Goý, ýadasam ýadajak. Oňa derek ejemiň Tamasyny ödejek... («Tut») Görlüp oturylsa, liriki gahrymana şatlyk berýän, ony zähme¬te höweslendirýän zat bar eken: ejesiniň tamasyny, ynamyny öde¬mek onuň üçin baş maksada öwrülipdir. Ine, şunuň özi hem zähmeti söýmekden, öz zähmetiňiň miwesi bilen ejeňi begendirip bilmekden öz gözbaşyny alyp gaýdýan eken. Çagany terbiýelemek meselesinde-de A.Baýmyradowyň öz garaýşy bar. Çaga çaga bolýar. Çagalygyň belli döwürlerinde oňa ga¬ragolluk etmegem mahsus zat. Asyl garagolluk etmekligiň çaganyň psihiki ösüşine oňyn täsir edýändigi barada alymlar belli netijä-de geldiler. Çaga edýän işiniň garagollukdygyna akyl ýetirip bilenok. Onuň üçin daş-töwerek oýundan, gyzykly güýmenjeden doly... Gazykdaky ala göle, Oýnaşjakdy meniň bile. Ejem gelip diýdi: «Bar, çyk, Otun iýsin janawarjyk, Azar berme, kowalama»... Diýmek, gölä azar bermek bolanok. Başga bir gyzykly güýmen¬je-hä tapmaly... Jaýa bardym, topum depdim, Zyňdym, gapdym, gözläp tapdym. Kakam gelip: «Öýde» diýdi, «Oýnamazlar, haýda» diýdi, «Topuň gaýdyp togalama!» Bu gezegem oglanjygyňky ugruna däl. Onuň kem-kemden ösüp gelýän aňy nämedir bir çynlakaý zat küýseýär... Jaýdan çykdym, surat çekdim, Enteklerem güýmenjekdim. Agam gelip: «Bu nä?» diýdi, «Haý, garagol, sen-ä» diýdi. «Zaýalapsyň owalam-a» u zatlaram-a gyzykly welin, ýöne näme üçindir ulularyň göwnüne ýaranok. Pikirlenmeli. Ululary begendirmeli. Ýöne nädip? Ä-hä, tapdym! Irden turdum, suw getirdim, Owlak-guza iýmem berdim. Ejem-kakam, garry babam Diýdi maňa agam dagam: «Tüweleme, tüweleme!» Ine, gerekli zat. «Tüweleme» sözüniň gudratyny diýseňizläň! Ine, liriki gahrymanyň gözläp-gözläp, ahyrynda tapan zady. Ol ahyrynda ulular bilen ylalaşmak, olaryň berekellasyny almak üçin näme ge¬rekdigine akyl ýetirdi. Aky Baýmyradowyň çagalar şygryýeti barada ýene-de köp zatlar aýdyp bolardy. Şahyr özüniň gysga ömründe şygryýet, onda-da çaga¬lar şygryýeti diýlen düşünjäniň nähili bolmalydygyny öz döredijiligi bilen öwredip gitdi. Bu uly dereje diňe A.Baýmyradow ýaly sözüň hakyky ussatlaryna başardýar. Çeşmesi: Begenç Hydyrow, Durdymyrat Rejepow. Türkmen çagalar edebiýaty. Ýokary okuw mekdepleri üçin okuw kitaby.-A.: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2015. 100-104 sah. | |
|
√ Beýik alym Isaak Nýuton - 16.12.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |