14:26 Hemra Şirow | |
HEMRA ŞIROW (1950)
Ýazyjy şahyrlaryň we alymlaryň terjimehaly
Hemra Şirow 1950-nji ýylyň 2-nji sentýabrynda Hojambaz etrabynyň Beşir obasynda dogulýar. Şahyr mekdep ýyllarynda çeper döredijilik bilen yzygiderli meşgullanýar. Ol 1972-nji ýylda Magtym¬guly adyndaky TDU-nyň türkmen filologiýasy fakultetini tamamlap, merkezi gazet-žurnallaryň redaksiýalarynda işleýär. Şahyryň ilkinji goşgular ýygyndysy «Jeňňel ýodasy» ady bilen 1978-nji ýylda çap edilýär. Şondan soň edebiýaty öwreniş ylmy türk¬men çagalar poeziýasyna täze bir zehiniň gelendigini ykrar edýär. Şahyryň çagalara niýetlenilen «Guş hiňňildigi», «Towşan yzlary», «Meni mekdebe ýazyň!», «Ýaşyl kitap», «Kagyz gapylar», «Mukaddes çörek», «Daljygan at», «Jadygöýüň ýolkasy» ýaly kitaplary bar. Şahyr türkmen çagalar edebiýatynyň döredijilik mekdebini düýpli öwrenýär hem-de dünýä çagalar edebiýatynyň täze däpleriniözleşdirýär. Şahyryň poeziýasynda ilkinji derejede göze ilýän zat psihologizmdir. Şahyryň geçen asyryň 70-nji ýyllaryndan başlanan edebi döre¬dijiligi türkmen çagalar edebiýatyna ajaýyp eserleri sowgat berdi. Onuň 80-nji ýyllarda döreden «Biz - çagalar» atly goşgusy türkmen çagalarynyň özboluşly parahatçylyk senasyna öwrüldi: Dünýä äpet gämi bolsa, Biz körpeje kapitany. Atalar deý, wagt gelse, Dolandyrys giň dünýäni. Dolandyrys giň dünýäni Şadyýana aýdym aýdyp. Ýüzer rahat biziň gämi, Uruş gaýy turmaz gaýdyp. Uruş gaýy turmaz gaýdyp, Örtmez gara perdesini. Goraň dünýäň şu gününi, Gorarys biz ertesini!.. Goşguda öňe sürülýän, göwünleri gobsundyran ideýa ýasa¬malykdan halasdyr. Bu sözler çaganyň aň ýetirip, düşünip aýdyp biljek sözleri bolup, belent ýaňlanýar. H.Şirowyň çagalar poeziýasynda-da, prozasynda-da tebigaty söýmek, ony goramak meseleleri, ekologiýanyň ilkinji düşünjeleriniň çeper beýany uly orun alypdyr. Şahyryň «Ýaşyl kitap», «Sanawaç», «Käbir dynç alýanlara» atly goşgularynda tebigata düşünmeklik, onuň gaýtalanmajak gözelliklerini, täsinliklerini ýüregiň bilen duýmaklyk, goramaklyk hem aýamaklyk ýaly asylly hereketler çaganyň dili bilen öz beýanyny tapypdyr. Tebigat – bir ýaşyl kitap, Hezil edin Synlap, Okap! Edil «Harplyk» kitabyňy Aýap, gowy görşüň ýaly, Kemsiz okap öwreneňsoň, Jigiň jana berşiň ýaly, Aýa Ýaşyl kitabyňy, Zaýalama ýersiz-ýere. Täzeligne, Tämizligne Ýetsin geljek nesillere! Tebigaty söýmek barada türkmen çagalar şahyrlary tarapyndan H.Şirowdan öň hem telim goşgy döredildi. Ýöne olaryň köpüsinde bu barada gönümel çagyryş äheňi güýçli duýlan bolsa, H.Şirow bu meselede başga ugurdan ýol salypdyr: ol tebigaty çagalara iň ýakyn hem düşnükli bolan zada – okuw kitabyna meňzedipdir. «Sanawaç» goşgusy türkmen halk döredijiliginiň äheňinde döre¬dilen adaty sanawaja meňzeş bolsa-da goşguda öňe sürülýän pikiriň çeper, janly esasda berlişi düýpli tapawutlanýar. Goşgynyň gahrymany sadaja dil bilen ynandyryjylykly häsiýetde tebigatyň özüne (adamlara) berýän zatlary barada aç-açan hem çynlakaý gürrüň edýär. Te¬bigat gahrymana kän zat beripdir: berlen zatlaryň arasynda ullakan kömelegem, igde-de, üzümem, tüýdük üçin gamyşam, ýylgynlaryň ajaýyp hoşboý ysy-da, dürli guşlaryň owadan sesi-de bar. Gyzykly zat tebigat gahrymana şunça zat eçilse-de yzyna hiç zat almandyr... Berdi, berdi, kän zat berdi, Soňra yza almady ol. Menem oňa sowgat berdim, Tüýs ýürekden diýlen SAGBOL. Hemra Şirowyň döredijiliginiň özboluşly aýratynlyklary: 1. Şahyr hökmünde öz gahrymanlaryny teswirlemegiň täze ýoluny tapdy. Liriki «men» eserdäki hereket edýän gahrymanyň «içine girýär» we şoňa öwrülýär. 2. Prozada öz eserlerini beýan etmegiň akgynly usulyny tap¬dy. Günbatar prozaçylyk däbi bilen gündogar dessançylyk däbiniň utgaşmasyna çalymdaş edip, eserlerini türkmen çagalar kyssasyn¬da ozal bolmadyk täze bir äheňde akgynly, çaganyň gepleşik diline ýakyn halda ýaýbaňlandyrdy. 3. Öz eserlerinde allegoriýany ussatlyk bilen ulanýar. Şu ýerde eýsem şahyryň ykrar edilmeginiň sebäpleri nämede diýen sorag ýüze çykýar. Bu soraga şeýle jogap berip bolar. Birinjiden, Hemra Şirow çagalar poeziýasynyň uly wekille¬ri K.Taňrygulyýewiň, Ý.Pirgulyýewiň şygryýet mekdebini geçdi hem de özboluşly täze bir ýol bilen gitdi. Şahyr öz goşgularynda körpe okyjyny söhbetdeşlige taýýarlamak üçin giriş sözüni getirip, ýönekeý usuly ulanmakdan ýüz öwürýär. Ol okyjy bilen öňden tanyş ýaly, birek-birege gowy düşünişýän ýaly bolup, gönüden-göni aýtjak zadyny aýdyp bilýär. Ikinjiden, okyja mesele hödürlände akyl bermän, ulularyň sözi bilen däl-de, göni çaganyň öz dünýäsine mahsus närseler bilen orta atylan meselä aralaşmagy başardy. Üçünjiden, şahyr öz goşgularynda çeper psihologizmi ussatlykbilen işledýär. Şahyryň «Ýalta oglanjygyň arzuwy» goşgusy gönüden göni şu häsiýete eýedir. Psihologik ahwalatlaryň toplumy gahrymanyň ýaşap ýören durmuşynda däl-de, onuň aňynda mehaniki suratda herekete gelýär. Çaga öz durmuşyndaky hakykat arkaly däl-de, aňynda bolup geçýän psihologik özgerişler arkaly özi üçin çylşyrymly bolan meseleleriň çözgüdini tapmaga synanyşýar. Goşgynyň gahrymany ölçerip-döküp... ýüz ýaşly goja bolmagy arzuw edýär. Garrap bolýan bolsady, Garrardym men dessine. Togsan ýaşy goşardym, On ýaşymyň üstüne. …Salamlaryn alardym Başym atyp çalaja. Sebäbi men ýüz ýaşly. Olar entek balaja…. Gahryman goja bolmagyň nähili peýdaly taraplaryny tapdyka? Tapypdyr. Ýaşuly bolsaň mekdebe gitmek gerek däl, mallara ot ýygmak, towuklara iým bermek gerek däl. Iň esasy zadam çagalar saňa awtobusda ýer berjekler. A birden ýer bermeseler name? Awtobusa münemde Ýolagçy kän bolaýsa, Şonda meni bir oglan Görmezlige salaýsa, Synlan bolup şäheri, Ornun bermän otursa, Häý, bihepbe diýsänim, Gaharymy getirse, Utandyryp oglany Käýinerdim çalaja. Sebäbi men ýüz ýaşly. Oglan entek balaja… (Türkmen sowet çagalar poeziýasynyň antologiýasy. Aşgabat,1988, 210-njy sah.). Gahryman awtobusda ýaşululara ýer berilmelidigine, sylaşyksyzlygyň ýazgarylýandygyna ýüz ýaşly goja «bolansoň» gowy düşünýär. Şahyryň bu ýerde tekrarlajak zady şu: ululary hormatlamak üçin käte uly «bolup» görmegem artykmaçlyk etmez. Ýazyjynyň «Höwürtge» powestinde soňky ýyllarda adamzat jemgyýetçiliginiň öňünde keserip duran ynsanperwerlik, tebigaty goramak, ekologiýanyň kadalaryny berjaý etmek ýaly düýpli mese¬lelere pelsepe taýdan çemeleşilipdir. Öňe sürülýän ideýanyň, pikiriň düşnükli bolmagyny gazanmak üçin ýazyjy çagalarda gyzyklanma döredip biljek gahrymanlary saýlap alypdyr. Bir tokaýyň içinde bolup geçýän wakalara tokaý haýwanlary allegorik gahrymanlar hökmün¬de gatnaşdyrylypdyr. Eserde allegoriki keşpleriň üsti bilen dürli häsiýetdäki adam häsiýetleri açylyp görkezilýär. Ýaşaýjylary üçin tokaý kiçijik bir ýurda, watana öwrülipdir. Bu ýurduň öz hojaýyny (Ýolbars), onuň öz geňeşçisi (Burgüt ata) hem bar. Öz gazeti («Tokaý») hem žurnalisti (Pyşdyl), öz lukmany (Tor¬suk), öz gurluşykçysy we tikinçisi (Kirpi we ogullary), öz arzaçysy (Towşan we aýaly) öz Aýnaköl atly surata düşürýän kölleri hem bar. Kirpi ruhana keşpli gahryman hökmünde ilhalar häsiýeti bilen has tapawutlanýar. Ýüreginden diňe ýagşylyk çogup duran Kirpi kyn ýag¬daýa düşenleriň ählisine elinden gelen kömegi berýär. Ol boýdan başa tokaýyň ýaşaýjylary tebigaty goramaklyga, ylalaşyjylyga, geçirimlili¬ge çagyryjy gahryman hökmünde hereket edýär. Kirpiniň keşbi okyja päk ýürekli, zähmetsöýer, aýawly hem tygşytly adamlary ýatladýar. Ol meýdanda taşlanan kerpiçlerden, demir hem tagta böleklerinden hiç hili çykdajy etmän, özüne jaý gurunýar. Bu ýerde ýazyjy belli döwürlerde edara-kärhanalarda gurluşyk materiallaryna juda bisarpa seredilendigini ýaňzytmak isläpdir. Kirpi bir gün Aýnakölüň töwereginde aýlanyp ýörkä kölüň zarynlap aýdýan aýdymyny eşidýär. Biçäre köl suwunyň hapala¬nandygyny, köle hapa dökülýändigini, suwundan içäýseler ýaramaz täsir etjekdigini aýdyp zarynlaýar. Kirpi gazetiň habarçysy Pyşdyla kölüň ýagdaýyny düşündirip, tokaý gazetinde habar bermegini haýyş edýär. Habar gazetde çap bolup çykansoň, bütin tokaý ilaty aýaga galýar, Aýnaköl arassalanyp, täzeden janlandyrylýar. Kirpi öýsüz öwzarsyz kösenýän Alagarga çöplenen materiallardan Aýnakölüň kenarynda jaý gurup berýär, hyzmathaky üçin ondan hiç zat al¬man, diňe ýekeje zady talap edýär: hapa dökülmezligi üçin Aýnaköle gözegçilik etmeli. Kirpiniň häsiýetinde geçirimlilik, jomartlyk ýaly kämil sypatlar jemlenipdir. Ol kartoşka eken ýerini agdar-düňder edip giden Ýeke¬gapandan öýke edip ýörmän, ekini täzeden ekýär. Hasyl ýygnanan¬da bolsa, Ýekegapana bir halta kartoşka iberýär. Alýaňak almany sowukdan diňe özüm goradym diýip, onuň ähli miwesini özi alyp oturybermeýär, beýlekilere-de ýetdik paýyny iberýär. Eserde Kirpi ýazyjynyň estetik idealy hökmünde kem-kemden örboýuna galýar. Şunlukda, tokaýda hemme zat ugruna bolýar. Öýsüzler öýli bolýar, her kim öz jan-saglygy üçin alada edip başlaýar, ýalňyşanlar (meselem: Towşan, Tilki) häsiýetini düzedýär, başarýan işi bilen meşgullanýar, tokaýy arassa, abat saklamak zerur diýip hasaplap, gutarnykly netijä gelýärler. Tokaýlylar «Zemin abatlygy» diýen baýramçylygy geçirmegiň ugruna çykýarlar. Bu baýramçylyga haýwanlaryň hojaýyny Ýolbars gutlag iberýär. Baýramçylyga gatnaşýanlaryň ählisiniň üns berip diňlemeginde pähimli Bürgüt ata söz berilýär. Bürgüt atanyň ýokardan seredeniňde tokaýyň höwürtgä meňzeýändigini, bu höwürtgäni arassa, abat, aýawly gorap saklamalydygyny, ýogsa özleriniň başga gidere ýerleriniň – höwürtgeleriniň ýokdugyny nygtap aýdan sözleri diňe tokaýyň ýaşaýjylaryna däl-de, bütin adamzada ýüzlenilip aýdylan ýaly ýaňlanýar. Tokaý baýramçylygynda kineli, duşmançylykly bir haýwanam ýok, hemmeler şadyýan hem agzybir. Ýazyjynyň islän, göz öňüne getirýän jemgyýeti hut şeýle-de bolmaly. Çaganyň aňyna ýetiriljek bolunýan pikir hem şeýledir. Ýazyjy bu esere simwoliki at beripdir. Ýazyjy «Öz höwürtgämi¬zi – dünýäni aman saklajak bolsak, ony aýamaly, birek-birek bilen oňşukly ýaşamaly!» diýen pikirini haýwanlaryň durmuşy arkaly gaty gyzykly aýdyňlaşdyryp bilipdir. Ýazyjy Towşan, Ýekegapan, Alagarga ýaly allegoriki gahrymanlaryň üsti bilen ýalançylyk, dawakeşlik, biperwaýlyk ýaly gelşiksiz häsiýetleri ýazgarmaga çalşypdyr. Aslyýetinde ýazyjynyň garaýşyna görä, bu gahrymanlar erbet niýetli hem däl, olar ortatap keşplere degişli. Ýöne nähilidir bir zadyň, nädogry garaýyşlaryň täsiri bilen olar ters ýola düşüpdirler. Ýazyjy bu gahrymanlaryny ýigrenmän, olaryň boluşlaryny, hüý-häsiýetlerini wakalaryň jümmüşinde gowulyga özgerdip görkezmegi maksat edinipdir. Ýazyjynyň çaga ündejek bolýan pikiri-de şu esasda ýüze çykarylypdyr. Munuň özi bolsa eseriň terbiýeçilik taraplaryny has-da güýçlendirýär. Ýene-de bir bellemeli zat: ýazyjynyň döreden eserlerinde ýiti çaknyşyklar orta atylýan bolsa-da şol eserlerde ýekeje-de ters gahrymanyň ýoklugydyr. Ilki başda käbir gahrymanlarda tersin häsiýetler göze ilýän bolsa-da (Alagarga, Towşan, Ýekegapan...) beýleki gahrymanlaryň täsir etmegi netijesinde olaram erbet häsiýetlerinden saplanmaga mümkinçilik tapýarlar. Munuň özi ýazyjynyň gahryma¬nyny eseriň dowamynda ösüşde görkezip bilmegi ussatlyk bilen başarýanlygyna baglylykda ýüze çykýar. Ýazyjy çaganyň päkize dünýäsinde erbet garaýyşlaryň, ýiti garşylygyň döremegini, oňa-da hut öz eserleriniň sebäp bolmagyny düýbünden islemeýär. Tersine ol ylalaşyjylyk, adamy däl-de, ondaky bar bolan kemçilikleri ýazgar¬mak, adamyň özüni bolsa söýüp, goldap, ýagşylyga çagyrmak ýaly meýilleri çaganyň aňyna ornaşdyrmagyň tarapdary. «Mekdep jaňy, direktor we beýlekiler» powesti. Powestde milisiýanyň ştatdan daşary inspektory Goçmyrat (gara goç) ýaly, globus, synp tagtasy, döwlen partalar, köýnekden gaçan ilikler hem mekdebiň köneje mis jaňy ýaly adaty bolmadyk allegorik gahryman¬lar hereket edýär. Şu gahrymanlaryň keşpleri arkaly ýazyjy öz pikirini teswirläpdir. Hojalyk müdiri we mekdep garawuly Hojageldiniň keşbi çagalar edebiýaty üçin nätanyş keşp. Sebäbi onda çaga dünýäsine gabat gel¬meýän häsiýetler açylypdyr. Hojageldi mekdepden näme gyrp-çyrp edip bolarka diýen pikir bilen ýaşaýar. Ol ammarda bar bolan göze ilgiç zatlaryň ählisini öýüne daşap ýetişipdir. Indiki nobat mekdep jaňy bilen açary ýiten seýfe degişli. Şu ýerde ýazyjy Hojageldiniň garşysyna onuň öz gara goçuny – Goçmyrady goýupdyr. Bu keşp adalaty goraýjy halal adamlaryň keşbidir. Iň soňunda Gara goç öz eýesiniň pyssy-pyjurlygyny ýüze çykarýar. Poweste mekdep durmuşy edil ertekilerdäki, multfilmlerdäki ýaly gyzykly hem şowhunly suratlandyrylypdyr. Bu ýazyjynyň real hakykatdan daşlaşdygy däl. Dogry käbir mekdepleriň durmuşy gyzykly, şadyýan häsiýete eýe däl bolsa-da, eserde ýazyjy romantizme ýüz urup, okuwçylaryň ýüregine düşmeýän mekdebiň keşbini çekipdir. Bilesigelijiler klubunyň başlygy we syçan tutujy bolup işleýän Pişik Pişikowiç türkmen edebiýatyna nätanyş bolsa-da dünýä ede¬biýaty üçin täzelik däldir. Onda meşhur «Ädikli pişik» ertekisiniň baş gahrymanyna meňzeşlik bar. Ertekidäki ädikli pişik öz hojaýynyna baýamakda, öýlenmekde kömek edýän bolsa Pişik Pişikowiç tutuş mekdebe peýda getirýär. Pişigiň çeper keşbi näme üçindir H.Şirowyň döredijiligine ýakyn keşp bolup saýlanyp alnypdyr. Ýazyjynyň bu powestinden başga-da pişige bagyşlanan onlarça goşgulary, hatda bir kitaby hem bar («Pul toplaýan pişik»). Biziň pikirimizçe, ýazyjy pişik keşbini çagalara has ýakyn jandaryň, olaryň gowy dostunyň keşbi hökmünde saýlap alyp, bu keşbiň çaga täsir edip bilijilik güýjüniň ýokarydygyna çuňňur yna¬nandyr. Wakanyň başy mekdebe elektrik jaňynyň oturdylmagy, öňki mis jaňyň mekdebiň ammaryna eltilmegi bilen predmetleriň arasyndaky dörän gürrüňden başlanýar. Mis jaň özüniň ammar jaýyna oklan¬magyny gaty ýokuş görýär. Oňa jaýdaky döwük-ýenjik stol-stullardyr görkezme esbaplar ýerli-ýerden göwünlik berýärler. Hemmesinden beteri hem Hojageldiniň ol ýerdäki pretmetleriň ýeňilrägini, aşyryp biljegini gijesine öýüne daşamagy predmetleriň keýpini bozýar. Olaryň mekdepden başga ýere gidesleri gelenok. Mis jaň Hojageldiniň goçy Goçmyradyň boýnuna dakylýar. Ol mis jaňy ogurlap gelenini Goçmyrada aýtsa, onuň jaňy kabul etmeje¬gini hem-de özüniň süsüljegini bilýär. Powestde gürrüňi edilýän mekdebiň öz şahyry hem bar. Ol di¬war gazeti üçin, mekdepde geçirilýän dabaralar üçin şygyrlar ýazýar. Şahyr ýaňsyly goşgulary goşmalydy. Muny direktoryň hut özi ýanyna çagyryp tabşyrýar. Bu şahyr, megerem, ýazyjynyň özi bolmaly. Mekdepde hemmäniň howuny basyp bilýän müdir hem bar. Ol: «Men intelligent! Meniň geýnişimden, ýöreýşimden çagalar hem, ulular hem, mahlasy görelde almaly. Sebäbi men mekdepde iň birinji adam! Men direktor!» diýip magtanmagy halaýar. Mekdebiň müdi¬ri hemişe iş otagynda özüne derek portfelini hem şlýapasyny goýup gidýär. Müdir öz portfelindäki gerekmejek kagyzlaryň ýerine salnan, çagalaryň müdir bolanda nähili boljakdygy hakyndaky arzuwlary ýazylan kagyzlary okan ýagdaýynda düýpgöter üýtgeýär. Müdir aslynda erbet adam däl. Ýöne onda döwrüň nogsanlygy bolan men-menlik, býurokratçylyk ýaly häsiýetler kem-käs duş gelýär. Ýazyjy çagalary jemgyýetdäki şu nogsanlyklara üns bermäge çagyrýar. Müdiriň eseriň ahyryndaky pikirleri, garaýyşlary tolgundyryjydyr: «Gör, nähili gowuja çagalar! Getiren gülleri ýaly gowuja! Belki, bular ertirki gün bize görä has gowy adamlar bolarlar...» Powestiň jemleýji bölüminde mekdepdäki bidüzgünçilikleriň gowulyk bile jemlenmegi okyjynyň ýüregine jüňk bolýar. Çaga dünýäsiniň täsirliligi, ýönekeýligi, enaýylygy doly öz beýanyny tapýar. Hemra Şirowyň eserleri edebi gözleglere baýlygy, özboluşlydygy bilen özüne çekýär. Ýazyjynyň gahrymanlary şadyýan, ruhubelent, ugurtapyjy, dosta wepaly. Umumylykda alnanda, Hemra Şirowyň özboluşly döredijiligi türkmen çagalar edebiýatynyň ösüşine uly goşant boldy. Çeşmesi: Begenç Hydyrow, Durdymyrat Rejepow. Türkmen çagalar edebiýaty. Ýokary okuw mekdepleri üçin okuw kitaby.-A.: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2015. 141-150 sah. | |
|
√ Beýik alym Isaak Nýuton - 16.12.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |